Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:11
Otyryn ýeke..
OTYRYN ÝEKE

Han-ha Deñiz,
Kenarda men,
Otyryn ýeke..
Saña arzym bar aýtmaly ,.
Dymýan.
Dymsam-da halym aýan Saña
Eşidýäñ Köñlümiñ pyşyrdylaryn:
Hüýt gara gijäñ şerinden
Sogrup çykarýañ Ak Daña.
Kowup çykarýañ ruhumdan
Hasratyñ sowuk gyşlaryn
Ýüregme ýollardan çümen
Aýyrýañ gyýçak daşlaryn.
Penalaýañ çapgynyndan ýelleriñ
Görkezip kimiñ kimligin..
Dünýäme dolýar birgeñsi
Arşdan ýollan aýdymyñ:
"Aýdyñlygym ! ýagty Şöhle,
Bakylyga öwrül, öçme !"
...
Kenarda men,.
Otyryn ýeke.
Ýöne, ýalñyz däl men,
Ýanymda-da, ruhumda-da,
Ýüregimiñ çuñ ýerinde,
Bar ýerde Sen!
Bar ýerde Sen!

"Nesill" gazeti, 2022 ý.

© NURDAN
Bölümler: Goşgular | Görülen: 160 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.5/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
1
1 Мango • 00:26, 23.12.2022
Ýüregme ýollardan çümen
Aýyrýañ harsañ daşlaryn.

"harsaň" bolanda uly daş bölegi dälmi?
kiçijek ýürek bilen harsaň (mähnet, uly) daş...
Onda, harsaň daşyň ýerine tiken çümse näder, ýa-da gyýçak daş?
===
haladym.
dymyp edilen doga ýaly...
berekella.
avatar
1
2 Medicall • 11:37, 23.12.2022
Gyýçak bolasyn onda, "harsañ" ýürege ýeten agyr, gödeñsi gussalar mysalyndady.
avatar
1
3 lirika • 20:17, 27.04.2023
Eşidýäñ Köñlümiñ pyşyrdylaryn--su setiri okap Seýitmyrat Geldiýewiñ,, pysyrdylam bilen gosgy çagyryp" diýen ýlayrak setirleri ýada düsüp gitdi. Üýtgesik gosgy...
,, Penalaýañ çapgynyndan ýelleriñ
Görkezip kimiñ kimligin..."- su setire düsünmedim-dä. Ýelden penalanda kimiñ kimligini görkezip penalaýarmyka?
avatar
2
4 Medicall • 15:49, 28.04.2023
Ýelleriñ çapgyndan - edil göni manyda almadygym üçin düşüniksizdir.:)

Pikirleriñize minnetdar, sagboluñ, ýene bellikleriñizi aýdyp duruñ! Sagboluñ!
avatar
0
5 Pero • 11:37, 29.04.2023
Aýaldogan,otyryber ýeke! Mahal- mahal ýeke otyryp özüñ bilen,öz Sebäpkäriñ bilen söhbet etmek peýdaly, goşgyñda görkezýäñem peýdasyny. Şoñ ün bimaza etjek däl bu wagt. Ýeke otyryber! :)
avatar
1
6 Aygul • 12:53, 29.04.2023
Aňyňda diňe Seýitmyradyň goşgulary ýaňlanyp dur öyýdýän,lirika?))
Beýtseň, basym Seýitmyrada öwrüleniñi bilmän galarsyň. Ol jadygöý şahyrdyr.
avatar
0
7 lirika • 13:01, 29.04.2023
Diñe Seýitmyradyñ gosgulary däl, basga-da köp sahyryñ setirleri ýañlanýamyka diýýän. Diñe Seniñ gosgularyñam ep-eslije bölegi añymda ýañlanyp dur
avatar
1
8 Medicall • 13:02, 29.04.2023
))
avatar
0
9 Seýrаn • 00:23, 25.05.2024
Gowy goşgy eken bu. Ýeke bolmagyň gadyry bilinmeýär, süýji duýgudyr. Ýalňyz bolmaýşyň jaýdar bolmuş.

Deňziň kenarynda ýeke oturmak Onuň bilen pyşyrdaşmak lezzetiň düýbi, dilegiň çür depesi.

Galamyň ötgür, pikirleň kesgir bolgaý!
avatar
0
10 Medicall • 12:37, 25.05.2024
Amin, minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203