19:42 Oýarmaň | |
Oýarmaň Ýene agyr degýär tapyp yitirmek, Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek. Heý bolmasa oýanjakmy diýsene, Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek. Uzakyly gün güňe dönüp gezilýär, Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin. Şonsuz täleýimden gidesim gelýär, Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim. Mertligiň çäginden geçip bir pursat, Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär. Ýatlamalaň alawyna kalbymy, Ýaksam-da çoýunyp çaglasym gelýär. Külüň sowrup ýatlajagmy bilsem-de, Gaharyma hyýalymdan ýakýaryn. Ukysyz gözlerme erkim ýöredip, Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn... Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa, Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa. Buýra saçlyň dergähinde şo mahal, Bulaşyk ykbalym biraz durlansa. Bolmajak arzuwyň wysal wagtynda, Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman. Men özüm bu düýşden oýanman asla, Haýyş edýän sizem meni oýarmaň. Ahmet Arazow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |