Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:36
Sabyr
SABYR

Eeýýäm näçe asyr söweşýär olar.
Ýagşylyk ýamana berip gaýtawyl,
Asmanda Gün çykdy sowuldy dowul.
Söweşler pidasyz bolmaýar ýöne,
Mertlik ýaralanyp ugrady pana.

Esgerler jem bolup etdi maslahat:
-Ili-güni ençe ýyllap har eden,
Uly duşman ýok edildi aradan.
Emma, tapylýandyr mydama betpäl,
Halkymyz ýagydan bütünleý dep däl.

Serkerde söweşde bolupdy wepat.
Maslahat etdiler: -Berilmän ala,
Baştutan saýlap düşmeli ýola.
Goragsyz galandyr bu wagt mähellle,
Eglenmek bolmaýar bize sähel-de.

Serkerde diýilip bellendi Sabyr.
Her egni üç esger baryn deň kylyp,
Dillendi Sabyr han sözün jeem kylyp:
-Başga meseläni goýmaly. Diňe,
baryp goramaly gowşup il-güne.

Olar ýola çykdy maksady aýan.
Çaltdan gadam urup ýördüler kemsiz,
Saklanmak bolmaýar sürdüler demsiz.
Öňem ýeňilensoň islegi paşman,
Peýledi olary azalan duşman.

Söweşse ýeňiljek ejizdi olar.
Agtaryp tapmaly ýarag ýa hile,
Şeýdip şa bolmaly mydama ile.
Çözgüdi tapyldy, ýeňledi gerden,
Olary tutmaly diňe bir-birden.

Men-menlik baş bolup tutdular Erki,
Ol güçli, gaýraty daglary deşen,
Emma, ýeke boldy saldylar kişen.
Kömek beriljekdi, baştutan kejir,
-Eglenmek bolmaýar! dillendi Sabyr.

Hasrat Gaýgy bilen Şatlygy tutup,
Gollaryn daňdy-da geýdirdi nogta.
Akýan gan mysaly döndi ol lagta.
Hem-de suw mysaly gaýnaýar lagyr,
-Kynçylyk taplaýar! Dillendi Sabyr.

Rysgal ýesir düşdi bähbit eline.
Indi şol adyl sud, indi ol kazy,
Artanyn iberýär adamlar sary.
Özüne paý alyp tonnadan agyyr,
-Hemmesi düzeler! Dillendii Sabyr.

Söýýgini güýldüler tutuup mal kimin.
Ýigrenç çakdy depesinde şänigi,
Ýasamalyk tutdy beýik şalygy.
Ol sedasyz ççekip ýatanda ejiir,
-Mert boluň, gam çekmäň! Diýdi han Sabyr.

Bagty tutmak kyn bolmmady Betbagta.
Onsuzam kuwwatdan gaçypdy halys.
Indi ony ýatlap beriljeekmiş ys.
Sebäp gazylypdyr bireýýäm gabyr.
-Umytly bolaly! Dillendi Sabyr.

Umyt bolsa şol wagt ýykyldy ýere.
Demin sanaýýar, ak ýüzi tutuk,
Duşmanlar beegenýär goşmaça utuk.
Emma, ol janlydy, urýardy bagyr.
Hak diýip bir özi ýýöredi Sabyr.

Baryp ýekelikde gowuşdy halka.
Emma, hemme kişiň ýüzleri soluk,
Bagdaky bägüller gury ýa ýoluk.
Ýollary bitekiz takyr-da-tukur,
Saraldy, inçeldi, ýykyldy Sabyr.

Ynha, ýýowuz güçler heşelle kakýar.
Adamlaň başlary egilýär gepden.
Gaýgy-gam sag aýak, Bagtsyzlyk çepden
aslyşýýar. Ýesire gazylýýar gabyr,
Olar başyn ýaýýkap, -diýýärler:-Sabyr...

Degre-daşa ynnananok göz aýlap.
Kellesi dumnalap köpeldi wagyr,
Ökünç al-asamandan ýagýardy şabyr:
-Wah, özüň günäkär, söweşddiň ne bir,
Ne-de söweşjege ýol berdiň Sabyr.
Sabyr...

© Ahmet ARAZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Ahmet | Teg: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 10:15, 28.06.2024
agyr, bagyr, gabyr, wagyr, hatda ýasama lagyr hem takyr-da-tukur sözlerine deňiç ulanylypdyr, ýöne meň garaşan "ýagyr" sözüm hiç ýerde duşmady - ne gözel türkmen sözi.
Awtoryň iş edinenligi bildirýär, ýöne mundanam beter Sabyr edip işlemeli, köpräk okamaly, tehnikany kämilleşdirmeli, dil goruny baýatmaly, şoňa görä pikirem gurplanar
avatar
0
2 Seýrаn • 23:49, 28.06.2024
Gowy zat ýazjak bolupsyň welin, bentleň ýagyrnysy ýagyr bolup. Süýndürilen juda. Indi okamaly köpräk, ýazyp bilýän ekeniň. Temalaryňy täzele.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203