14:03 Öz-özüňden göwnüň geçer kem-kemden, | |
Öz-özüňden göwnüň geçer kem-kemden, Gözleriň şöhlesi öçer kem-kemden. Kem-kemden dyzyňa düşer agyry, Gyzlar «aga» diýip, tutar adyňy. Kem-kemden köpeler saçlaryň agy, Kem-kemden azalar saçlaň garasy. Baýyrlar dag bolup görner gözüňe, Asman bolup görner daglaň gaýasy. Aklyň bardyr, huşuň gider kem-kemden, Deňiň gider, duşuň gider kem-kemden. Kem-kemden kemeler kuwwatyň, güýjüň, Ýada düşer zol-zol geçmişiň, düýnüň. Kem-kemden agzyňda dişiň azalar, Ýagşy-ýaman edýän işiň azalar, Kem-kemden kemelip barýandyr keýpiň, Täze eginbaş hem geýdiň-geýmediň, Barybir görkezmez seni gelşikli, Bireýýäm modadan galan eşikli Zordan süýegiňi süýräp ýörensiň, Öz-özüňi özüň güýmäp ýörensiň. Şu ýerde birsalym sägin, şahyrym, Düşürme özüňi sussupeslige. Özgeleri şygryň bilen gorkuzma, Guwan çagalarňa, buýsan nesliňe. Perzentlerde gaýtalanar ýaşlygyň, Gojalsa-da, yşgy öçmez aşygyň. Öz-özüňden göwnüň geçmesin hergiz, O diýýän zatlaryň öňdedir heniz. Atamyrat ATABAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |