14:10 Şahyrlyk borjy | |
ŞAHYRLYK BORJY Dosty kän, duşmany ýetik bolmasa, şahyr bolmaýar. Käte barýan ýoly petik bolmasa, şahyr bolmaýar. Şonda dünýäsi daralyp, özi-özünden ar alyp, güýz ýapragy deý saralyp, solmasa, şahyr bolmaýar. Setirler göýäki doga bolmasa, uçarlar howa. Bir başyny müň bir gowga salmasa, şahyr bolmaýar. Güýzden salkyn, tomus wagty Saýlap sergin daragty, Ýazdan ýakym, gyşdan ýagty almasa, şahyr bolmaýar. Daýanyp öz garysyna, Çydap namart gargyşyna, Şer işleriň garşysyna galmasa, şahyr bolmaýar. Göterip yşk badasyny, Borşaý eýläp wadasyny, Käte dünýäň kadasyny bozmasa, şahyr bolmaýar. Beýik işde maýdalaman, Çykyp tupan-gaýdan aman, Özgäň sözün gaýtalaman, ýazmasa, şahyr bolmaýar. Haýran bolup öz halyna, Göz dikmän dünýä malyna, Watan üçin öz janyna dözmese, şahyr bolmaýar. Dogduk ýerin jandan söýüp, Il derdine ýanyp-köýüp, Dogry sözün dünýä goýup, ölmese, şahyr bolmaýar. Atamyrat ATABAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |