18:37 Şerebeli şerbet | |
ŞEREBELI ŞERBET O bendäniň ähli goşgus-a pöwhe, Ýeri, nätjek, onuň üstesine-de, Pöwhe galamdaşy pöwhüldäp öwse. *** Çöpleýär köne kitap, söz, çokaý, iňňe, ige, Ilden alan nakyl, matal, ertekisin aýdyp berip, “Zat bileňzok” diýip igenýär ile. *** Öwgi – uçut, ýalan – gorp, Hüjüm edýän duşmandan däl, Ýalan öwýän dostdan gork. *** Durmuşda her kimiň öz roly bar: Kimse özüni oýnaýar, Kimse özgäni oýnaýar. *** Ýeňdik diýdik – Kimi ýeňdik? Ozduk diýdik – Kimi ozduk? Deňlik diýdik – Hany deňlik? *** Jyn çüýşeden çykdy, çüýşe hem jyndan, Gylyç gyndan çykdy, gyn hem gylyçdan, Çyn ýalandan çykdy, ýalan hem çyndan. *** Munça gözellik sendekä, zyýat akyl ne zerur? Töwekgel ädim ädip, ýar gujagna dolmaga, Artykmaç akyl saňa çoh zeper, zyýan berur. *** Ylymdan paý alana tümlükler ýagty dälmi? Ençeme bigäne bilen ýalandan dost bolandan, Ýekelik ýagşy dälmi? *** Yklym gezer azaşan, Ýedi yklymda ýer tapmaz, Dosty bilen ajaşan. *** Nä aslyşýaň şahasyndan, inijigim, Unutdyňmy uýat ýeriň ýapmaga, Ýaprak berenin injiriň? *** Akmak ala aldanmaz, ala aldanar akylly, Akmakdan aldanmak betbagtlykdyr, Akylly bir adamdan aldanmagam ýakymly. *** Gepden gaça durmaz gepe çeperler, Mertler märekede dogrusyn aýdar, Kümsükler gep aýtsaň, çete çekerler. *** Öw oň bugdaý arpasyn-da, Öwýärler şagalam “akylly” diýip, Şir bar wagty arkasynda. *** Çen tutsaň ýazyjyň romanyndan, Çöle çykan basmaçylaryň sany, Kän ekeni tutuş halkyň sanyndan. *** Bu dünýäň özüniň ýörelgesi bar, Beýik adamlaryň sapagy däl-de, Beýik adamlaryň göreldesi bar. *** Diňe isleg entek netije däldir, Üstünde läş üste läş gider ýaly, Her şa:hy geýen Hatyja däldir. *** Il bagtyna gözi gitdi, Göripçilik etdi, içi garaldy, Kör boldy, gözi gitdi. *** Bir özüň bar zady alyp bolmaýar, Bagtly bolmak üçin köplük bolmaly, Ýeke özüň bagtly bolup bolmaýar. *** Kimse ýazyp, oňat eser çykardýar, Kimse ýazyp galyň kitaby, Örän ýeser çykardýar. *** Söýgi, hasrat, gahar-gazap bolmasa, Ýeri, saňa tankyt kömek edermi, Özüňden özüňe talap bolmasa. *** Kim saga, kim çepe gider, Öz garaýşy ýok adam, Elmydama gepe gider. *** Bileňokmy? Öwredişme! Golaý gelseň gel-de ýöne, Maňa gaty öwrenişme! Çeşmesi: Atamyrat Atabaýew. Bary-ýogy bir ömür. Goşgular, poemalar, satiriki setirler. – Aşgabat: Türkmenistan, 1992. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |