18:04 Madrigal | |
Hala sen äsgerme, hala sen äsger, Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel. Bileniňden galma, bagtyňdan galma, Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma. Et göwne gelenin, köňül söýläniň, Parhy näme söýýänim ýa söýmänim. Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan, Owal söýüp soň söýgüde sowaşan Ömürbaky bir-birege ýagydyr, Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr. Hala sen äsgerme, hala sen äsger , Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel, Aslyşmaýyn saklamaýyn ýoluňda, Kem galma dünýäniň bary ýogundan. Peýdasy ýok saralmaň-da solmaň-da, Günler geçer men bolamda, bolmanda. Meni horla sen özüňe jebr etme, Oňat bolsa, bar, bagtly bol jennetde. Gözýaş ýaly asylmaýyn kirpikde, Kastym ýok arym ýok saňa birjik-de. Kiçelt mertebämi, dök sen abraýym, Ýöne özüm özüm bolup galaýyn. Hala sen äsgerme, hala sen äsger Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel. Atamyrat Atabaýew ,, Gumsagat " | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |