Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:47
Masgarabaz
Masgarabaz

Başydy ol, ol sahnanyň goýnundady,
Ähli halkyň hal-ýagdaýy boýnunady,
Oňa kän el çarpdylar hormatyna däl,
Gülki onuň ters, içýakgynç oýnunady.

Sahna

Ol berilýär hakykaty diýmäne,
Ol berilýär halk derdini duýmana
hem-de söýmäne, ýöne berilmeýär,
Gury söze mähelläni güýmäne.

Nykap

Ol geýilýär hakykaty sözläre,
Ol geýilýär gaýgy-gamy gizläre,
Hak diýip geýiň, ýöne geýilmeýär,
Bähbit üçin ýagdaýyňy düzläre.

Hakykat

Hakykat biz seni gözledik çuňdan,
Çyndanam isledik ýetmeklik saňa.
Çaňa garylyplar gözledik gumdan,
Tümden gözleýiban ýetmedik daňa.

Owazyň gözledik özge dillerden,
Gülleri ysgadyk müşgüňi tapman.
Toplan arzuwlarmyz Dunaý, nillerde,
Sillerde akdyrdyk böwedin ýapman.

Gülletjek diýp gülleri aýryp elin,
Delilsiz şor ýeri agdaryp ýörüs.
Kör biz, hakykat alnymyzda welin,
Henizem biz ony agtaryp ýörüs.

Ahmet Arazow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Ahmet | Teg: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 paragraph • 03:50, 19.07.2024
?
avatar
0
2 Мango • 10:34, 19.07.2024
Masgarabaz
– "Ähli halkyň hal-ýagdaýy (masgarabazyň) boýnuna"-dygyny ilkinji gezek eşidýän.

---
Sahna
– diýmäne, duýmana, söýmäne...
"mäneleseň" dowrumy ýa "mägeleseň"?
(diýmäge, duýmaga, söýmäge)

---
Nykap
–"Ol geýilýär hakykaty sözläre..."
hakykaty maska geýip sözlenýäninem ilkinji gezek eşitdik.

---
Hakykat
–"Hakykat biz seni gözledik çuňdan..."
hakykatyň gömlenini oň Bapbadan eşidipdik (şu ýerde).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203