Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:03
Saña hat/ ol maña heýran galdy))

SALAM EZIZ DOSTUM!

Nähili işler, dünýe malyndan gymmata durýan jan – saglygyň oňatmy?
Menem gowy, şol öňki başagaýlygym, esasy zat janym – sag, işlem ugruna, öýüm abadan, dünýäm abat, goňşy golamlar parahat, aman – esenlik. Ýaradanyň ýalkawyna soňsuz şükürlerim bar.

Eziz Dostum! köplenç duş bolýan ýagdaýlarymyz, günde-günaşa gabat gelýän kemçiliklerimizdigine garamazdan känbir pitwa etmesegem öňräk bolup geçen bir wakajyk hakda Saňa gürrüň beresim tutdy☹
Ilki bilen men bu sowaly özüme berip gördüm: özüm – ä şeý diýdi: “ýok, gaýta buýsanmaly, “özüňi özüň sylamasaň başgalar seni sylamalydygyny nireden bilsin?”
Onsoň menem özümiň özüme beren jogaby bilen ylalaşdym.
Dostumjan, ýokarkylary okap: “äh, mun-eýt, mus-mus diýip oturma-da mustapa diýäý-dä bahymjak” diýensiň. Bolýa! Diýýän onda şony.

Kabulhanada wagtym bir raýat geldi, 37 ýaşlaryndaky adam. Milleti Türkmen. Saglyk ýagdaýlary oňat. Bejergä däl-de diňe dynç almaga gelen ekeni. Biziňem öz kabul ediş tertip-düzgünlerimiz bar.

Diňe dynç aljak bolsaňam kesel taryh ýöredilip, alyp biljek bejergilerini bermeli.

Iň gynançly ýeri ol raýat ors dilini suwara bilmese-de meň her soragyma ors dilinde jogaplajak bolup, ýa-da maňa berýän her soragyny orsça berjek bolup görgä galyp durşy nebsiňi agyrdyjydy. Ol öz ýagdaýynyň gözgynydygyna düşünsin maksady bilen men öz gezegimde her sözümi türkmençe aýdyp, öň endik bolup, il arasynda türkmençe ýaly eşidilýän rus sözleri-de türkmençe ulanmaly boldum.

Hormatly Dostum, meni has beter oýlandyran zat onuň soňky soraglary, islegleri boldy,
Meniň oňa beren jogabym:
- Bizde dynç alýan wagtyň spirtli içgiler içmek, çilim çekmek, otagyňa öz maşgalaň bolmadyk birlerini getirip halanmaýan gatnaşyklar etmek gadagan! Gelýän raýatlaryň ýanynda aýal maşgala bar bolsa, familýalary bir bolmadyk ýagdaýynda nika kagyzlary bolmasa bir otaga göýbermek bolmaýar.

Ondan eşiden jogabym:
- Sluşaý, doktor, eto awaza. Nebolnisa. Ýa kak hoçu, tak žiwu. içmejek bolsam, heleýim bilen boljak bolsam zaçem mne suda?

Men oňa düşündirjek boldum, dynç almak diýmek keýp çekmek däl-de, eýsem öz maşgalaň bilen şypahana bejergileri, uzak zähmet çekmekden soňraky ýadawlygy, sarsgyny aýyrmak, şypahana bejergilerini deňiziň arassa howasy bilen utgaşykly alyp baryp saglygyňy dikeldip, geljekde bedeniňi berkitmekdini, maşgşgalaňdan ýakyn zadyň bolmajakdygyny, eger başga niýetler bilen gelen bolsa gelmeli salgysyny ýalňyş gelenligini, başga ýerde näme etse öz işidigini, bizde welin şeýle ýagdaýlary saklamaly bolýanyny türkmençeläp düşündirjek boldum.

Ol hem ýetişibildiginden bizden başga otellerde beýle däldigini, nirä barsalaram munuň ýaly “biderek” düzgünleriň ýokdugyny, ýaňzydýardy.

Biziň öz iş ýerimiziň kadasyny berk saklaýandygymyza magat göz ýetirdimi nämemi iň soňunda ol maňa: “sluşaý doktor, sena barypýatan türkmen ekeniňlaý, gowusy sen bu ýerde oturma-da mekge medinä zyýarata gitsene...durmuşdan yza galypsyň...”

Men onuň bu gepi üçin hijem kemsinmedim. Gaýta özüni özi masgaralaýan adamlara nebsim agyrdy.

Ýöne şondan bäri bir sowal garşa pikirimde döreýär: “Türkmen bolmak, arassa türkmençe gürlemek, dynç alaňda hakyky ynsanlara mahsus dynç almak, iş ýeriň tertip-düzgünde saklanmagy peslikmi, kiçilikmi ýa-da samsyklykmy? Durmuşda yzagalaklykmy? Arassa adam bolmak aýypmy?

Emma hemme adamlar ol raýat ýaly däl! Bir näçe dilde bilselerem garşysynda türkmen dursa suwara türkmençe gürleýärler, soñy biderek keýp üçin däl-de, dynç alanlarynda medenýetli, arassa dynç almagy, kanagatly bolmagy başarýarlar.

Hawa, Dostumjan, şeýdip men haýran galjak bolup otyrkam, ol maňa heýran galyp gitdi☺
ýagdaýlara şeýleräk. Bu ýagdaýlar ählimiziň meselämiz. Dynç alaňda adam şekilli dynç almak aýyp zat ýaly görýänlere, garşyňdaky arassa türkmen wagty başga dili ýarym-ýalta bilseňem başga dilde gürlejek bolup çyr-çytyr bolmak özüňi özüň sylamazlyk dýip düşünemsoň munuň ýaly ýagdaýlara gabat gelseň Seniň nähili hereket etjekdigiňi, ýa-da indi şeýle ýagdaýlar gabat gelse özümizi nähili alyp barmalydygymyz hakda Seniňem pikirleriňi bilesim gelip, Saňa hat ugradýan. Uzak ýazyp Seniňem gyzyldan gymmatly wagtyňy alyp oturmaýyn.
Saňa iň gowy arzuwlar ýollamak bilen @Nurdan.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 141 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
4
1 sylapberdimuhamov • 20:52, 27.07.2023
Epistolýar źanrynda ýazylan gowy hekaýa diyseñmi, epigramma, feletonmy garaz umuman gowy
avatar
3
2 Merw • 21:45, 27.07.2023
Örän gowy sag boluň şular ýaly öz milletimize sylag goýýan adamlara. Hakykaty ýazypsyňyz öz ene dilinde arassa gepläp bilmegiň özü uly bagt!
avatar
1
3 Medicall • 22:10, 27.07.2023
Sagboluñ! Minnetdar!
avatar
1
4 Medicall • 22:19, 27.07.2023
Bir tanyşym bar, ýedi dili bilýär, gowy wezipesi bar, döwletli maşgala. Atly-abyraýly, hormatlanýan ynsan. Şol gürlän wagty arassa türkmençe gürleýär, beýleki milletlere-de sarpa goýýar, onsañ şeýle ynsanlara hasam hormatyñ artýar.
avatar
0
5 Medicall • 22:27, 27.07.2023
Hasapçymyz ermeni gyzy, özi aşgabatly, Krasnawodska ermeni oglana durmuşa çykan. Ol ýanynda türkmen biri orsça gürlese-de oña türkmençe jogap berýar, türkmen dilinde gaty owadan gürleýär. Onsoñ türkmenkäler türkmeniñ ýanynda başga dilde gürleseler dereje boldugy bolýamyka? Dil bilmeli, öwrenmeli, bir dil bilen bir adam on dil bilen on adam diýilşi ýaly näçe dil bilseñ şonçada düşünjäñ giñ boldugydyr. Emma gerekmejek ýerinde, häzirkizamanyñam barypýatan häzirkizamany sirejek bolmak ýerliksizlik
avatar
0
6 Merw • 22:33, 27.07.2023
Men okuwçylardan sapak soramada Türkmen dilinde aýtmaklaryna talap etyän. Çünki şu millete saýry milletleriň hormaty bolsun.
avatar
0
7 Мango • 23:03, 27.07.2023
“- Sluşaý, doktor, eto awaza. Nebolnisa. Ýa kak hoçu, tak žiwu. içmejek bolsam, heleýim bilen boljak bolsam zaçem mne suda?”

Bu pikirli kişiň arkasyny aldygym däl….
Ýöne, ýöne…. turizmiň getirýän peýdasynyň ýanynda zyýanam bar-da.
Turizm diýmek, kazino, disko, gije klublary, güýmençe we şm.ler…. Bu zatlar pul getirýär….
Awaza… turizm zonasy.
Islesegem, islemesegem ýokarky ýaşuly ýaly pikir edýänler köpçülik bolaýmasa….
Türizm ösdürmek diýmek, ýokarky agzalan ýaramazlyklara-da göz ýummak diýmek….
Umuman…. Şeýle…
Başga näme diýeli?
Ýöne, şeýlekilerem bar, olary ýaramazlyklara soksaňam, ahlagyny saklap bilýärler….
avatar
0
8 Medicall • 23:15, 27.07.2023
Mango, ol diýäniñiz dogry, ýöne oteller bar turizm üçin, kazinoda bar, barlaram bar, towugyna tok diyyan ýok olaryñ, men ony dostuma hatymda syzdyrdym)) biziñki lukmançylyk merkezi bolansoñ düzgün saklanmaly, awaza bar - "awaza" bar-da, "ýer ala ýurt ala" diýýäler-a:))
avatar
0
9 Мango • 23:36, 27.07.2023
Hawa… otellerde hemme zat bardyr.
Basseýnler barada hem aýdyp bolar….
Basseýnleri aýal-erkek diýip aýyrsalar has dogry geljek ýaly.
Temadan daşlaşýasmy?
Hatyň barada aýtsam, gowy hat bolupdyr. Aktual zatlary gozgapsyň…
avatar
0
10 Medicall • 23:38, 27.07.2023
Hat otellere barýanlary ýazgaryp ýazylmady, lukmançylyk edarasyna baryp niýetiniñ başga, orsçany zordan gürleýärka garşysyndakyny türkmenlikde "aýyplaýana" nähili düşünjegimi bilmedigimi beyan etjek boldum bu hatda
avatar
0
11 Мango • 23:50, 27.07.2023
Sanatoriýa oteldir öýdendir.
Awazanam Antalýa hasaplandyr
Size-de türkmen däldir öýdendir….

Bagyşlap göýber… :-)
avatar
0
12 Kyyas • 23:57, 27.07.2023
Dil babatynda özümde-de kemçilik bar welin häzir köp ýerde gabat gelýän ýazgylary okasam myrryhym samolyoda bilit almaga nobata durýar.

Sxeyile, onsong, gou, hava, ai, bolia. Sanasañ kän düzedip bolaýjak sözler emma bilgeşleýin Türkmen ýazuwynyda ýoýýarlar.
avatar
0
13 Мango • 23:57, 27.07.2023
Ilýa Mazel diýen bir suratçy ýaşap geçipdir.
Bir salym türkmenleriň arasynda ýaşaýar.
Şonuň bir goşga meňzeş bir diýýäni bar:
«Туркмен рождается на ковре и, умирая на нем, уносится в свой рай, украшенный коврами, где Магомет-туркмен, сидя на ковре, приветствует героя»

Munuň bilen bir ýewreý asylly biriniň türkmenlere goýýan hormatyny mysal görkezmek isledim…
Ýöne ilki özüň özüňe hormat goýmaly.

—-

Туркмен рождается на ковре и,
умирая на нем, уносится в свой рай,
украшенный коврами,
где Магомет-туркмен, сидя на ковре,
приветствует героя»

Terjime ediňsene şuny…
avatar
1
14 Мango • 00:02, 28.07.2023
Türkmen halyň üstünde dogulýar,
Ölende-de halyda soň demin berýär.
Tabytda-da üsti halyly gidýär öz jennetine,
O ýerde Muhammet-türkmen, halyň üstünde,
Gahrymany garşy alýar, salamlap…

(üýtgedilenräk terjimeräk)
avatar
0
15 Kyyas • 00:04, 28.07.2023
Türkmen haly bilen dogulýar we ölende-de haly bilen öz jennetine äkidýärler.
Nirde Muhammet -Türkmen gahrymanlary halyda oturyp garşylaýar. Meniñ terjime edişim :))
avatar
1
16 Мango • 00:20, 28.07.2023
Bir gyz soraýar menden:
- baklawa näme bolýaraý?
- baklawa, bu türkleň inçe hamyrlardan gatlak-gatlak edip, içi hozly, maňyzly bişirýän…… -diýip sözlemi gutarmankam ýaňky gyz gülüp ýatyr:
- ýo… men ters okapdyryn, baklawa däl, bakalawr bolmaly. Bakalawr näme bolýa diýjekdim…. :-)

Sözleri tersiräk okaýan ol gyz makulatura (men bir dogry ýazdymmykam :-)) makulatura diýmän malikatura diýýär….

Internetdäki bildirişlerden: “trnofkasyz horladýan derman satýan….”
:-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203