Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:44
Saňa sorag
SAŇA SORAG

Öz kiçijik aýnamyza,
Köpden bäri bakamok.
Könelipdir.
Bäh, aýna-da garraýýan eken.
Çyzyk-çyzyk maňlaýy,
Çyzyk-çyzyk durşuna.
Besse-besse tegmil-menek oň ýüzi...
Dogrusy,
Öýkeledim men ondan.

Köpden bäri ýabymyza,
Suw gelenok lummurdap.
Paýapylda suw peri deý,
Oturardym aýak sokup.
Bäh, suwam garraýýan eken.
Dup-dury däl, öňki ýaly gözleri,
Dup-dury däl owazy...
Dogrymy aýtsam, ýabymyza,
Men getiremok-da suwy.
Sebäp,
Öýkeledim men ondan.

Guratdym suwuň hanasyn,
Owratdym öýüň aýnasyn.
Sebäp,
Bilýän, olarda görünýänimi,
....Ýogsa-da,
Seň owadan gözleňde-de,
Men betnyşan görünýänmi?!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 66 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 13:55, 21.12.2022
aýnadaky, suwdaky, gözlerdäki otraženiýa....
aýna bakyp aýnany döwýän, köpride (paýapylda) suwa bakyp öýkesinden ýaby guradýan opasnyý gyz.
"seň owadan gözleňde men nähili görünýän" diýen soraga göwni isleýän jogaby beräýmeseň, nähili boljagyň belli däl. :-)
===
hem goşgy, hem hekaýa okan ýaly boldum.
gaty GOW!
ýazana-da ýetirene-de minnetdar.
avatar
0
2 Мango • 13:59, 21.12.2022
Guratdym suwuň hanasyn,
Owratdym öýüň aýnasyn,
Gögertdim onuň gözlerin.
Sebäp,
Öýkeledim olardan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203