16:28 Sen "Söýgi" diýilse, nämä düşünýäň?.. | |
Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?! Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi. Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň, Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi. Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi. Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň. Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm, Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň. Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň. Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem. Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim, Mümkin, muny geň görýändir özgeler. Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has beýik ahyr!» diýýändirler, ähtimal... Ýöne, menem peseldemok söýgini, Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban! © Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |