Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:29
Seni wada berdi

Çalyşsa-da dünýäň reňki,
Şatlyk — köne, gaýgy — öňki.
Başym alyp çykdym, çünki
Ýollar seni wada berdi.

Demim kä gyzyp, kä sowap,
Hersinde aldy bir sogap.
Türkmeniň kalbyna kybap
Göller seni wada berdi.

Arşda aglap, kürse gaçsam,
Kalp gapymy terse açsam,
Dogry bilsem, dürse gaçsam,
Allar seni wada berdi.

Gussa dolup dogan Aýlar,
Düzler, käller, çeşme-çaýlar,
Saharalar, Gimalaýlar,
Niller seni wada berdi.

Gursagym dar, jahan ýaly,
Gursagym gar basan ýaly...
Dagdan aglap akan ýaly,
Siller seni wada berdi.

Tolkun ýaly dyňzap duran
Duýgy kalpda müň hal gurar...
Didelerňe meňzäp duran
Köller seni wada berdi.

Görmedigmi Görmüş olan,
Almadygmy Bermiş olan
Hem “Hak” diýip derwüş olan
“Iller” seni wada berdi.

© Sapa HOMMADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 09:17, 04.11.2023
Sapa kaka.
wada berýänler-ä kän eken.
wada berlenem ýekedir.
osoň kim wadasynda tapylarka?

***
Hem “Hak” diýip derwüş olan
“Iller”
seni wada berdi.

derwüş bolan illere-de düşünip bilmedim.
goşa dyrnaga hem alypsyň welin başga manysy bolmaly.
avatar
0
2 Pegas • 15:57, 04.11.2023
Derwüşlige gol ýapan adamlary özbaşlaryna bir “il” diýip atlandyrjak boldum welin, göwnejaý atlandyryp bilmedim ýaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203