Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:25
"Şol durnanyñ perin gaplañ kümüşe"
"ŞOL DURNANYŇ PERIN GAPLAŇ KÜMÜŞE"

- Eý, durnalar, durnalar, jan, durnalar!
Belki görensiñiz siz deý uçany,
Gül Köñlünde düşlãp Arşy ahwallar
"Bizden geçip Bagdat taýa göçeni."

Eý, durnalar, durnalar, ak, durnalar,
Durşy bilen ap-akdyr oñ telleri.
"Oñ halyny men bilmesem kim biler?"
Ony aldap bilmez dünýäñ allary.

Onuñ umman deýin göwni bolmaly,
Behişt  nury joş urmaly gözlese.
Ýykylan galmaly, aglan gülmeli,
Sämän serler durlanmaly sözlese.

Eý, durnalar, durnalar, jan durnalar,
Size ýüzlenermen meñzäp derwüşe:
Eger Ýerde- Gökde sataşaýsañyz,
"Şol durnanyñ perin gaplañ kümüşe!"

01.07.2023 ý. 03:02

© Kalba NUR
Bölümler: Goşgular | Görülen: 152 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
1
1 Мango • 03:43, 01.07.2023
"tel" sözüne büdräp dum-da.
düşnükli (per, ýelek), ýöne ýene-de tel diýilýämi-kä?
türkler-ä ulanýar "saç telleri" diýip.
bizde diýlen ýerleri barmy-ka?
belki badyr, ýöne meniň bilenimýokdyr.

gowy goşgy - geň ahwally.
avatar
1
2 Kyyas • 06:50, 01.07.2023
Telleri diýen söz bar bolup biler, Mango daýy!

Bizde Tallymerjen, Ýaşulularymyz Tellimerjen diýýär. Şu Tal sözem Tel diýmekmikä diýýesim geljek bollo
avatar
0
3 Medenyet09 • 10:08, 01.07.2023
Hawa näme üçin ulanýaň bizde türkmende ýok sözleri?
avatar
0
4 Medenyet09 • 10:09, 01.07.2023
Onuñ umman deýin göwni bolmaly,
Behişt nury bark urmaly gözlese.
Ýykylan galmaly, aglan gülmeli,
Sämän serler durlanmaly sözlese.

Bir gutrata göripsen
avatar
0
5 Medenyet09 • 10:10, 01.07.2023
Galamyňa ylhamyňa bereket bersin ýazmany goýma
avatar
1
6 Medicall • 12:04, 01.07.2023
Halypa şahyr Oguljemal Çaryýewadan:

Oсумлигин инче узын япрагына ,,тел" дийилйар. Яш майсанын тели улпулдап отырды--диен ялы. Гамшын тели ве ш.м.
avatar
1
7 Medicall • 12:19, 01.07.2023
Mango, "Telleri" sözi adama ulanylanda "saç" manysyn berip biler ekemi, durnalara ulanylanda ganatlarynyñ uzyn-uzyn perleriniñ arasynda bolyan "teller" bolyandan eken, õsümliklerde ýaşyl ýapraklardan başga ösyan tarlaryna "tel" diyilyanden ekeni))

Ýöne bu ýerde: ýelegi, peri manyny berse-de "niýetinde saçyñ tary ýalyda gara ýokdy, päli düzüwdi, akdy..." diyilen many bilen alynypdy))
avatar
2
8 Мango • 12:53, 01.07.2023
Hiç kimden hasap soramaň.
Bu gelşiksiz.
Ýöne pikiriňi aýdyp bolar, medeniýetiňi saklap.
avatar
3
9 Мango • 13:01, 01.07.2023
“Şol durnanyñ periniň kümüşe gaplanmagam” ýerine düşüpdir.
Altyna-da gaplap bolardy.
Ýöne altyn - baýlygyň bezemenligiň simwoly bu ýerde gelişmezdi.
Emma, kümüş - bu arassalygyň simwoly.
Kümüş diýeniň gowy bolupdyr.
(Altyndan kümüşi благородный görýän. Kümüş asylly görünýär).
avatar
1
10 Myrat • 14:29, 01.07.2023
Belli bir liniýa düşmändir goşgy
avatar
1
11 Medicall • 15:46, 01.07.2023
Hoş gelipsiñiz)
avatar
1
12 Myrat • 17:30, 01.07.2023
Minnetdar!
avatar
1
13 Aksary • 00:22, 02.07.2023
""Telleri" sözi adama ulanylanda "saç" manysyn berip biler"
Tel bolanda biziñ bilşimizçe gulaküsti saçlaryñ towlanandygyna aýdylýady öýtýän,tel sacyñ tow alan ýeri...
avatar
1
14 Pero • 10:43, 03.07.2023
Onuñ perleri eýýäm kümüşe gaplangydyr,aýaldogan! Adam nämäniñ arzuwynda gezse şoña ir-u-giç yhlasy bilen ýetýär. Seniñem döredijiligiñde ýagşylyga,ýagşyzadalara garaşmak,olary gözlemek hallary köp gabat gelýär. Inşalla bu hallar seni ahwala duşurar. Niýetiñ myrat tapsyn,ylaýym!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202