Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:50
Söýgi we kynçylyk

Duý söýgimi, men bir ýygra,
Geldim kalbym söýgä ýugra.
Bilmen, näzleň ýazmy, gyşmy,
Ýazýaryn bir saňa goşgy.
Kül bolan köňlümi ýakyp,
Gül bogan günleri ýykyp.
Söýen kalba esetmeseň,
Öýkelerňi bes etmeseň.
Köpi gidip, azy galan,
Dert duýgyma salar talaň.
Gorkma:ly ýollaň kynyndan,
Gussam çykmasyn gynyndan.
Ýokdur gitjek özge ýeriň,
Bolsaň ykbalymda meniň.
Rahat gezmezdim-le ýogsa,
Günler göwnüň gülün ýolsa.
Aýazda ýaganda garlar,
Kynçylyk öldürýän bolsa,
Bireýýäm gurardy baglar!

© Nury SAKÇYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Sakçy | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 11:04, 09.05.2023
Bilmen, näzleň ýazmy, gyşmy,
Ýazýaryn bir saňa goşgy.

ýaman arzan hemem agramsyz sözlem.
"näme, sen başga birine-de goşgy ýazjakmy?
sen ýazarsyňam. ýazjaga-da meňzeýäň...." -diýiberse näme jogap berjek?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202