Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:41
Şygra siňen yşgym
Şygra siňen yşgym

Her gün düýşlerime girýän nätanyş,
Kim seniň özeniň, mekanyň nirde?
Syrly bakyşlaryň ýumagyn çözmän,
Alasarmyk bolup oýanýan irden.

Keşbiň görmek üçin uka gitmeli,
Göresim gelse-de ýumulmaz gözlem.
Onsaň ýorgut isläp soragly beýniň,
Esasy bölümde nätanyş gözleg.

Doly ýadymda däl, ýöne gözleriň
Päklik çeşmesi deý örän durydy.
Edil sekunt ýaly armaz ýüregim,
Gaýta ýaşamaga bir salym durdy.

Ýylgyraňda ruhum ornaşdy tene,
Mähriň bedenime çaýyldy gitdi.
Nepesim ugruna çözlenen saçlaň,
Buýra ykbalyma ýaýyldy gitdi.

Her gün düýşlerime girýär şo pursat,
Ýok, bu düýş däl, salgym däl ýa dynç alyş.
Bu başga ýagdaý bu, başga basgançak,
Haýsy älem melegi sen nätanyş.

Ne zat diýýäň ne söz berýäň gürläre,
Diňe ýeke salym görünip gidýäň.
Soragyň çözmüni özüme goýup,
Süýji hyýaly berip gözümden ýitýäň.

Bedenim şal açyp ruhum çyrpynýar,
Ýene şol tapmaça ýene şol sowal.
Heý ýöne ýüz öwrüp ejizläp bolmaz,
Ýene umyt bilen gözlege dowam.

Nirelerde ýörsüň, nirelerde sen,
Ýa girdiňmi özge ykbal akmyna.
Sen geljekmi ýa-da soňy boş hyýal,
Sygdyrybam bilemok hiç aklyma.

Däli ýel deý ygyp ýörün aýlanyp,
Al ömrümi ýel ykbalym saklat-da.
Gözlegiňde gözlem uka imrikjek,
Gutar meni, glamaýyn gel gaflatda...

Aýan boldy dünýe, syryldy perde,
Geçip gitdiň ýumurylan şalygym.
Golunda perzendi kakasy başga,
Emma, başyňdaky sary ýaglygyň
Meniň sowgadymdy ömürim ýaly,
Saňa bagş edilen zatlaryň biri.
Ykbalymdan çykypdyň-a ýogalyp,
-Diýipdiň-ä: --Gidemden soň öldi diý.
Indem düýşlerimde ýene sen diri.

Ruhumy gynap gelmegin, haýyş,
Düýş bolsa-da seredere ýüzüm ýok.
Men günäkär bende a sen ýazykly,
Düzedere heý jadyly sözüm ýok.

Öňem dünýäň ýüki ýetik egnimde,
Men ikilenç göterýärin tabydyň.
Biz bu dünýe bile bolup bilmeris,
Tutup goýberilen tylla balygym.

Geçilen dolanmaz janyňy ýakma,
Ýaşarsyň sen hakydamyň töründe.
Ol polýar gijeler dolanyp gelmez,
Arzuwlarym rahat ýatsyn göründe.

Öň bizler mertlerçe dymdykmy?
Indem,
Boýn alaly, göz ýaşlaram diňýär-ä.
Şu dünýede bile bolup bilmedik,
Bolup bilmez ol indiki dünýäde.

Ýaşap bilmedik biz ýagdaý döredip,
Goý, ýaşaberäli ýagdaýa görä.
Başlanan gutarýar, aýnal hakykat,
Diňe ýatlamasy galýandyr güwä.

Çagalaň bagtyna guwanyp ýaşa,
Perzentlerňe öwret bizde ýok dogmy.
Bir haýyşym şaňlamasyn gulagym,
--Ahmet! -diýip, çagyrmagyn ogluňy.

Maňa parhsyz eke diýip gyýylma,
Dünýede dal, gursagymda bakylyk
Ýaşarsyň sen, sebäp ýazan setirlem,
Yşgy dünýäň taryhyna çakylyk.

Ol ýerde ölüm ýok, ýaşars müdümi,
Aýralyk, gussa ýok bagryňy ezýän.
Haýran galaýmaly bagtly bolarys,
Biz mydam bile saklar poezýam.

Ahmet Arazow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Ahmet | Teg: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203