00:59 Teswire sygmadyk ýazgylar | |
Teswire sygmadyk ýazgylar Bu ýazgylary teswir hökmünde ýazyp başlapdym, soň ýöne özüme mahsus göçgünlilige kelläm gyzyp, eslije tekst ýazypdyryn. Emma janymdan syzdyryp ýazdym, şonuň üçin özümi aklamaly diýip pikir edemok. Okasy gelen okar, warsaky hasaplan – duşundan geçer. Onsuzam günde-günaşa duşundan gözümizi ýumup, gulagymyzy ýapyp geçýän zadymyz az däl... Saýtda soňky döwürde ýazylýan proza hem poeziýa eserlerinde köplenç derwaýys meseleleriň gozgalmaýanlygy barada teswir ýazypdym, awtorlaryň “diňe özüni synlap, özüne degişli şahsy duýgulary translirleýändigini” aýdyp, gatyrganypdym.Ýazyjylarymyzyň näme sebäpden düýpli temalardan, sosial, psihologik ýa filosofik problemalardan sowa geçýändigini bilesim geldi. Ol meselelere biperwaýlykdan şeýle bolýarmy? Ýa nämedir bir zatdan gorky barmy? Ýa edebiýatymyz bimaksat söz owadanlama öwrülip gitmelimi? Elbetde, hemme kişiden çuňňur pikirlenip gezmegi, haýsydyr bir aktual problemalara seslenmegi talap edip bolmajagyna düşünýän, edebiýat – žurnalistika däl. Ýöne hiç hili refleksiýanyň ýoklugynyň düýbünde – suwda öz keşbini synlap, owadanlygyna guwanyp, gark bolup giden Nerkesiň howalasy ýatan bolaýmasyn diýip howatyrlandym. Bu sowalyma-da örän göwnüçökgün jogaplary aldym. Ilki-hä gürrüň «tagam alyşymyza» hem-de her kimiň öz keýpiniň isleýän zadyna syrykdy: «...Pylan zat pylan hili bolmaly diýsek, ýalñyşmagymyz mümkin. Meselem, bir eser birine ýarasa, beýlekä ýaraman biler, üçünji birine-de keýpine görä täsir edip biler» diýildi. Men bu ýerde gürrüňiň aýry-aýry eserler hakda däl-de, bir umumy tendensiýanyň – agyr gözlegleri talap edýän sowallardan sowa geçmek tendensiýasynyň bardygyny ýaňzytjak boldum. Emma mundan soň gürrüň ylhamly meselä syrykdyryldy. «Ylhama: "Sen şu gün şu temadan geldiň, ertir pylan temadan gel" diýip bolaýanok... Şo diýýän temalaryňyzyň başyna baranymyz bilenem derekli gozgabilmejek bolsak ýazmanymyz gowy. Şo-ol däliň belläni bilen ýöräniň oňaýly ýaly ondan». Meniň pikirimçe, gowy edip gozgap bilmejek bolsak, oňa hatda ymtyljagam bolmasak, belki, asla ýazmagam gerek däldir?! Däliniň belläni diýip... yzyna düşüp gitsek, azaşmarysmy? Ol bizi nireden çykarar? Ýöne meni şu ýazgylaryň başyna geçmegime iteren zat – indiki aýdylan pikirler. «Nobatgulyň meşhur "Aýallar türmesi" ýadyma düşýär. Ine, şeýdip gozgamaly diýdirýär. Emma şo we şoňa meñzeş sosial <…> temalar gozgalan eserler adamlary diňe bäh" diýip oýlandyrmakdan başga näme gazandyrdy?». «Men gar-ýagyş ýagan pursady daşarda işlemeli bolanlara, zenanlaryñ mertebesiniñ peseldilýän pursatlaryna, açlyk krizislerine, söweşlere gynanýan. Ýöne şu temadan ylham geliberenok... Dünýä edebiýaty barada aýdanlaryñyz dogry bolmagy mümkin. Türkçeden başga dil bilmänim üçin dünýä edebiýatyny kän okap bilemok...Diňe terjimeleriň bize ýetireni. Olam eseriň dili ýarasa... Indi türkmen edebiýatyna geçsek, häzirki döwürde eserleri kimler okaýar? Döredijilik bilen iş salyşýanlar, intelligentler, ýagny, halkyň juda az bölegi. Galan bölegi bolsa internet äleminde meşhur bolan (meň nazarymda heniz hakyky döredijilik bilen tanyşmadyk) goşguçylary bilýärler, okaýarlar. Onsoñ, siz ynanýañyzmy, häzir hakyky eser bilen biziñ edebiýatymyzda sosial meseleleri çözüp boljagyna?...» Soňky aýdylanlara diýjegim – islendik halkyňam, edebiýatyňam gitjek ýoluny onuň az sanly, ýöne sowatly bölegi kesgitleýär. TikTok-goşguçylar däl. Ýene bir bellemeli zat – türkçe bilýän bolsaň, ol dilde tas tutuş dünýä edebiýaty elýeter. Çeper edebiýatda sosial meseleleri gozgamagyň durmuşda hiç hili netije bermeýänligi baradaky pikir babatda: Edebiýat hiç wagtam gös-göni «ýazyldy – mesele çözüldi» diýen formada täsir edenok. Asla çözülmän galjak meselelerem has kän, muňa beýle ýöntem düşünmeli däl. (bu elementar zatlary düşündirmeli bolýandygyma, dogrusy, gynanýanam şu wagt, ýöne, belki, wagtymy gidirenime deger-dä, hernä). Gürrüň – problemany görmekde hem dogry görkezmäge çalyşmakda. Islendik meselänem çözmek üçin – onuň nämeden ybaratdygyny analizlemeli. Islendik keseliň dermanyny tapmak üçin... ine, mysal, koronawirusyň (SARS CoV2) waksinasyny döretmek üçin, ilki adamlaryň organizminden infeksiýany tapýarlar, soň, gaty sadalaşdyryp aýtsak, şol keseliň has agyr zeper ýetirýän taraplary "öldürilip", ýöne ýokançlygyndan peýdalanyp, adamlara gaýtadan sanjym edilýär. Adam keseli ýeňil görnüşde geçiren ýaly bolýar, organizmi oňa öwrenişýär, indiki gezek şol kesele garşy adamda immunitet döreýär... Güýçli kitabam, meň garaýşymda, şoň ýaly täsir edýär. «Diagnozy» dogry goýmakda-da iş bar. Ony birki jümlede jemläp bolýan bolsa, dünýäde ýekeje kitabam ýazylmazdy. «Adam öldürip jenaýat edene ruhy yzalary hem jezasyn berer» diýip, imoda ýöntem sözlemjigi paýlaşybam bolar. Adamlar görer, mümkin, laýk basar, mümkin özem paýlaşar, prosmotry köpelder, ýöne ekrana eli degen badyna – 24 sagatlyk owadan suratly tekst ýitirim bolar, onsoň indiki prikol wideo gülüp oturandyr. Ýa-da «Jenaýat hem jeza» ýaly düýpli roman ýazýaň, onda başga-da birgiden temalary gozgaýaň, okyjylary uzak suduň içinde oturan ýaly, birgiden pikirleriň astynda gömýäň... welin... ömür ýadyňdan çykmaýar. Ine, söz owadanlama bilen edebiýatyň tapawudy, aralygynda düýpsüz gorp ýatyr. Dostoýewskiň şol romany onsoň bir zat üýtgetdimi, hany, dünýäde zalymlyk azaldymy? Özüni Napoleon saýýan, "men şeýtmäge hakly" diýip, elinden gelen ganhorlugy edibilýän adam azaldymy diýip soramakda many barmyka? Belki azalandyr? Ony biz nireden bileli? Ýöne bar zady bir jümlä sygdyryp bolanok. Meseläň çözgüdini - bir aforizme gysyp bolanok. Onuň üçin islendik dilem ejiz gelýär. Dil ýönekeýje konfigurasiýalary hödürleýär saňa - söýgi, ýigrenç, biperwaýlyk, begenç, bagt, aljyraňňylyk, tolgunma, gynanç, gussa... diýen ýaly. Sözler - puantilist suratkeşleriň eserlerindäki ýaly kiçijik nokatjyklar. Golaýdan diňe şolarda ünsi jemläp synlanyňda - olar häki bir dürli reňkli nokatjyklardan başga zat däl. Emma yzraga süýşüp, umumy kartinany göreniňde, öňüňde ullakan dünýä açylyp bilýär. Ýöriteläp, gaty ýönekeýje mysallara ýüzlenmäge çalyşýan şu wagt. Ine, meselem, "1984". Orwell. Şonuň çap edilen ýerinde - şeýle eseriň - duýduryşyň peýda bolmagynyň özem waksina ýaly täsir edäýmeli. Hany, indi Britaniýada şol "Haýwan çiftligini" etjek bolup gör-dä. Başardaýarmyka? Näbileýin. Edil gyrgynçylyk edäýmeseň-ä, aňsat düşmez. Doňuzlar diwardaky ýazgyny üýtgetjek bolan badyna, bärden seredip duranlar: "Biz mal däl" diýip durandyr. Ýa, iň bolman, edebiýat (ýene bir klişe düşündiriş, ýöne klişeligi - ony püçege çykaranok) aýna hökmünde-de hyzmat edip bilýär. Sen saçyň bulam-bujar bolsa ýa ýüzüňde bir hapa bar diýseler, ony görmek üçin, başardygyndan düzetmek üçin aýna seredersiň. "Seretmänem süpürip bilerin" diýseň, hapany çyrşarsyň, ýüzigara bolanyňy bilmän galarsyň. Edebiýatda wajyp meseleleri gozgamagyň ýene bir ähmiýeti: seniň öz durmuşyňda düzedip bilmedik problemaň hakda indiki nesillere duýdurmakda. Olara öz başyňdan geçiren kynçylyklaryň barada hasabat galdyrmaly, baş alyp çykmagyň ýoluny salgy bermeli, iň bolman, uçran şowsuzlyklaryň, gazanan ýeňişleriň, olary gazanyşyň hakda gürrüň bermeli. Ýogsam olary-da ömürlik şol bir girdapda towlanyp ýörmäge höküm edersiň. Ýene bir ähmiýeti - birek-birege goldaw bermekde. Özüni haýsydyr bir ýagdaýa duçar bolup, ýeke-ýalňyz duýýan adama ruhy goldaw bermegiň, ruhy iýmit bermegiň nämesi erbetmiş? Araky ýogalan ýaş şahyr oglanjygam şol ýalňyzlygyň pidasy bolan bolaýmasyn? Pikirlenip görmediňizmi? Sonetlerini okap görüň... Duýgudaşlygyň özem az zat däl, ýöne, belki, tötänden bolsa-da, okyja her dürli etiki gözleglerinde, ahlak dilemmalarynda, janserekliginde ýardam bermek ähtimallygyňam ýok däl. Munuňam sogap bolmagy ahmal ahbetin? Belki, Allatagala ýazyjylyk zehininem saňa şonuň üçin rowa görendir? Güýçli şahyrlara «Hakdan içen» diýlenokmy näme? Belki, öňünde hasabat bermeli borsuň? [Özümiň bu ugurdan garaýyşlarym başgaça, ýöne men häzir siziň diliňizde geplemäge çalyşýan]. Ýene bir ähmiýeti – wajyp sosial temalary galdyrmak bilen sen öz ýurduňam ösdürýäň. Muňa köplenç ters düşünýärler. Hana, jemgyýetdäki nogsanlyklary görkezip, öz halkyny dünýä ýamanlap ýör diýip, (ýene bir mysal, türkçe okaýan bolsaň) Orhan Pamugy günäkärleýärler. Ýöne bu-da, meniň pikirimçe, juda ýöntem çemeleşme. Özüm-ä ony okanymda, ülke öwreniş ylmy (страноведение) taýdan öwrenmek üçin, ýa turist gyzyklanmasy bilen okamadym, onuň üçin Dmitriý Komarowyň "Mir naiznanku"-sy bar, ol bu jähtden has gyzykly. Pamugyň romanlaryny okanymda, onuň beýan edýänleriniň – öz görýänlerime «seslenýäni», «sepleşýäni» üçin gyzyklanyp okadym. Owadan söýgi/duýgy temalaryndan zat gerek bolsa, biziň birgiden owadan lirikamyzy serhetden aňyrda ýaşaýan adamlar başyna ýapsynmy? Munuň üçin öz pop-estrada aýdymlaram, «Дневник памяти» ýaly kinolaram, başga birgiden kontentlerem barka. Düýpli mesele gozgamagyň ýene bir ähmiýetli tarapy – sen okyjylaryň dünýägaraýşyny giňeldip bilýäň, sowadyny artdyryp ýa-da islendik zady hertaraplaýyn seljermäni öwredip bilýäň. Bularam wajyp zatlar, meniň pikirimçe. Eger bu argumentlerimi-de ýeterlik hasaplamaýan bolsaňyz, OK, owadan jümleleriň gözleginde geziberiň. Edebiýat gyzyklyja, naşyja oýnawaçlygyna galsyn. Şu günem biri internetde storisinde paýlaşyp ýördi – "Мудрость дня" diýýär. Anyk teksti ýadyma düşenok, ýöne umumy manysy: «Ýaşym gaýtdygyça bir hakykata göz ýetirýän: dünýädäki aladalara, bolýan betbagtlyklara kelläňi hem ýüregiňi agyrdyp ýöreniňden, daş-töwerekdäki ajaýyplyklardan lezzet alyp ýaşamaly». Muňa mudrost diýmeg-ä beýlede dursun, özüm-ä hatda egoizm hasaplaýan, özem zyýanly, aldawa salýan egoizm. Dogry, dünýädäki ajaýyplygy, Ýaradanyň ýaradan gudratyny görmegi, duýmagy, paýlaşmagy başarmalydyr, ýöne munuň bilen başga kişileriň derdine em etmegiň arasynda nähili çaprazlygyň bardygyna düşünmedim. Nämüçin biz bir gözümiz bilen diňe hezilligi, heýjanelekçiligi görüp, beýleki gözümizi ýumup ýaşamalymyşyn? Ol gözümizi ýumanymyz bilen ol betbagtlyklar bir ýere ýitirim bolýarmy? Sesini, perýadyny eşitmerismi? Bolýa, gulagymyzam ýapdyk diýeli. Ýykylyp, ýerde ýaralanyp ýatanlaň elleri aýagymyza ýapyşmazmy? Bolýar, ondanam gaçdyň diýeli. Özüňden nädip gaçjak, nädip gutuljak? Haçana çen özüňi aldap gezjek? © SussuPESSIMIST | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |