18:21 Ussatlardan ussat | |
USSATLARDAN USSAT Ussatlardan ussat hiç zat etmeýär, ýöne ol hemme zady edýär. Onuň ady ýok, sebäbi ähli atlar onuňky. Ol her zaman bardy, ol bar we mydam bolar. Kimseler ony görmedi, görmezem – edil öz keşbini görüp bilmeýän aýna mysaly. Suwy deşip bolmaýyşy ýaly, ony ynjytmagam mümkin däl. Yşygy öldürip bolmaýyşy ýaly, ony hem öldürip bolmaýar. Soran wagtyň ol saňa ähli zady berýär, hat-da dymyp soramadyk wagtyňam. Munuň ýerine ol senden hiç zada tamakin däl. Onuň minnetdarlyga mätäçligi ýok, ol öýke-kine saklamaýar, eger göwnüni syndyrsaňam, saňa jeza bermez. Saňa her zatda erkinlik berýär, ol saňa ynanýar. Deregine hiç zat almazdan saňa her zady berýär, onuň minnetdarlyga mätäçligi ýok. Sen ony sekizlige, soňsuzlyk yşaratyna ýa-da Mebiusyň zolagyna meňzedip bilersiň, emma bu ol däldir. Öz barlygy şol ýerde bolan bary-ýogy bir atdyr ol. Oňa ýanaşmak isleseň, ýitirim bolar, emma sen ony unutsaň, ol dolanyp geler we ýanyňda durar – belki araňyzda bary-ýogy iki ädim bardyr, ýöne mydam şol bir aralygy, birneme uzaklygy saklar. Ol gorkudyr, emma gorkunç däldir. Ol gaýgy-gamdyr, emma aglamaz. Ol ölümdir, emma ölmez. Ol çar-tarapyňy gurşap aldy, emma ýesir almady. Ol seni ýere basan güýç, emma sen muny duýmaýarsyň. Sen şübhelenersiň, birdenkä-de ynanç peýda bolar. Sen ynanarsyň, şonda hem şübhe dörär. Ol ne ynamdyr ne-de sübhe. Ol – bar. Ol ortada, emma onuň özi orta däldir. Saňa diýerler: “Ol şol ýerde!” – senem ony tapyp görmäge gidersiň, emma dünýäni aýlanyp, ony görüp bilmän, ýene-de gelen ýeriňe dolanarsyň. Ýene-de çylşyrymly kitaplary okarsyň we adamlara sorag berer ýörersiň. Emma ony kitaplardan tapmarsyň, adamlar bolsa seni aldar, şonda lapykeç bolup gözlemegiňi bes edersiň. “Ol barmy ýa ýok, ähmiýetem ýok ahyryn” – diýersiň. Şonda ol geler. Tötänden tapylan hazyna ýaly, ol duýdansyz peýda bolar. “Senmi bu!?” diýip sorarsyňam weli, şo pursat ýitirim bolar, ýöne şonda-da ol sende galar. Emma başga kişilere ol barada aýdyp bilmersiň: aýtsaňam hiç kimse saňa ynanmaz. Hat-da, ony seniň ýaly gören kişilerem ynanmaz. Olar gürrüňiň näme hakda barýanyny bilmediksirän bolarlar. © Ýan RYBOWIÇ Terjime: © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |