Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:57
Şahyrana başlangyç

ŞAHYRANA BAŞLANGYÇ

Şatlanyň, eziz adamlar – şahyr doguldy.
Sandyraň, zalym namartlar – şahyr doguldy.
Ýaşyl ýaýla: elter ol päk ýürek ynsanlary,
akar çeşmä elter hoşgöwün sadalary.
Äkider olary Ylahy sesiň gelýän ugruna.
Äkider olary Taňrynyň buýran ýerine.
Akmak, näletkerdeler galarlar porsy ýerzeminde,
gowylary halas eder, ýamanlykdan uzak tutar.
Düýpsiz uçuryma taşlar zalym, jellat, ogry we akmaklary.
Şany beýik bolsun şahyryň doglan gününiň.
Aglaň, uwlaň, çyňsaň şagallar,
çünki, etmişiňiz alnyňyza geljek.
Şahyryň doglan güni mübärek bolsun, mübärek bolsun onuň doglan ýurdy.
Şahyr – gözenegiň arkasynda-da erkindir, şahyr – oňa ok tär etmez.
Şahyrdyr özüni sorag edeni soraga çeken.
Şahyrdyr adalatsyz kazylary hasaba çeken.
Şahyrdyr Taňry sesini eşden we eştdiren.
Şahyrdyr şeýtany tanan hem oňa höküm eden.
Bagtyýar ýurtdyr ol, şahyry bolsa!
Bagtyýar şahyrdyr ol, ýurdy bolsa!

© Ýan RYBOWIÇ

Terjime: MANGO

* * *

ПОЭТИЧЕСКИЙ ДЕБЮТ

Радуйтесь, люди добрые, – родился поэт.
Трепещите, злые и малодушные, – родился поэт.
Честных людей поведет он в зелёное поле,
к водам спокойным поведёт он людей простых.
Он поведёт их туда, куда ведёт его голос Божий.
Он поведёт их туда, куда велит Господь.
Дураки и подонки останутся в смрадных подвалах,
а добрых он спасёт, оторвёт их от зла.
В чёрную бездну низвергнет он тиранов, палачей, воров и глупцов.
Люди добрые, славьте день, когда родится поэт.
Плачьте, скулите шакалы,
ибо зло ваше обратится против вас.
Благословен день, когда родился поэт, благословенна страна, где он родился.
Поэт, который свободен даже за решёткой, поэт, которого пуля не берёт.
Поэт, который допрашивает тех, кто допрашивает его.
Поэт, который судит неправедных судей.
Поэт, который слышит и возвещает голос Божий.
Поэт, который знает Сатану и властвует над ним.
Счастлива страна, у которой есть поэт!
Счастлив поэт, у которого есть страна!

© Ян РЫБОВИЧ
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 140 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ýan Rybowiç, mango | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 00:05, 05.05.2023
– nämä ýylgyrýaň?
– aý. bir zat ýadyma düşdi.
– näme?
– @Pegas diýen kişi bilen aşakdaky söhbetjik bolupdy, bir wagtlar, iki ýyl mundan öň...

@Pegas:"Dünýä inen bäbegiň şahyrdygyny nädip bilmelikä? Ýa kapyýalaşdyryp aglaýarmyka?))"
@mango:"gowy sorag :-). diýmek, şahyryň dogluşy eneden dogulmak bilen baglanyşykly däl bolarly.
dogrudanam şahyr haçan dogulýar?
kapiýaşdyrmagy öwrenen günümi?
ýa sesini eştdirip bilen günümi?"
@Pegas: "Jogabam gowy boldy, mango akga".
avatar
1
2 Pero • 08:38, 05.05.2023
Ýan kaka şahyrlary ideallaşdyraýypdyr.
-Şahyr şeýle bolýamyka?
-Çyn şahyr şeýle bolmaly.
-Çyn şahyrdygyny nädip bilmeli?
-Meñ pikirimçe-hä çyn şahyr - onuñ ündeýän zady ilki bn özi tarapyndan amal edilmeli,ýagny söz deñdir(=) hereket bolmaly.
- Aý ol beýle däl bolaýmasa
-Hà, näme üçin?
-Dünýä belli şahyrlañ şahsy durmuşyny öwrenýäñ weli,söz + hereket = - hereket çykýa
-Aý hawa, ol şeýledir. Sebäbi köpleri şahyryñ amaly däl-de sözi gyzyklandyrýar. Şoñ üçin ýokarda diñe meñ pikirim diýdim-ä. Dogry ýañky diýýänleriñem adamlaram,wagtam ykrar edipdir,emma men ykrar etmen. Men diñe söz = hereket bolýanlary şahyr dp ykrar edýän
-he, he sen kim-aý dos!
- Men hiçkim. Başardygymdan sözümi amalyma deñlemäge çalyşýan biri. Şeýdibem başgalara elim degmän öler giderin:)
avatar
0
3 Мango • 09:11, 05.05.2023
doly goşulýan şu pikiriňe.
hakykatdanam, diňe şahyrlaryň däl, her kimiň sözi=hereketi bolmaly.
ýokarkyja dialogyň ajaýyp eser bolupdyr @Pero hanym.
jemleme 10-lyga urýar.

Men hiçkim.
Başardygymdan sözümi
amalyma deñlemäge çalyşýan biri.
Şeýdibem
başgalara elim degmän
öler giderin...

(ýylgyrýan ýeriňi aýyrdym).

emma, eliň bilen başgalaryň ýakasyndan tutman, öz ýakaňdan ýapyşmak bu dogry ýaşamagyň esasy bolaýmasa.

hawalaý. kä şahyr bar diýeni bilen edýäni dag ýaly tapawutlanýar...
belki şoň üçin dörändir bu nakyl: şahyryň edenini etme, diýenini et.
avatar
0
4 Pero • 09:24, 05.05.2023
Wah,şu döredilen bir topar toslama tymsallar,nakyllar bar-a Mango kaka,adamlañ öz bähbidine özgerdenleri,ana şolar aslynda biziñ ün juda howply
avatar
0
5 Мango • 09:33, 05.05.2023
Meňli hanym, şol "Men hiçkim... başgalara elim degmän öler giderin..." diýýänje setirleriňi goşgy etsene (zakaz alýan bolsaň :-)).

Men hiçkim.
Başardygymdan sözümi
amalyma deñlemäge çalyşýan biri.
Şeýdibem, özümi duýýaryn diri.
avatar
0
6 Pero • 09:51, 05.05.2023
Dogrudanam goşgy etse boljak
avatar
0
7 Pero • 09:53, 05.05.2023
Ylham jorany çagyrýan weli,"Bu wagt вызов-da"diýýä:). Geler-le bir gün
avatar
0
8 Medicall • 11:52, 05.05.2023
-Ýan Kakaň goşgusyndaky hakyky ŞAHYR barada aýdylan..
-nätdiňaý myny?! hakykysy, ýalanam barmo oloň?!
-hawa, ýazyjy-şahyrlar çyn hem ýalan topara bölünipbatan ekenle.
-bee, nirede, men bilemokdym..
-menem bilemokdym, hootaýda özleri öwretdiler onam..
-nädip?!
-çynlar-a öz hereketleri bilen aýdýanlary deň gelip, ýalanlaram her hili öwsüp..
-a sen nädip bildiň olary?!
-çak edib-ä netije çykarmadym..
-onno nä sen olaň içinde ýatyp turdyňmy?! ýazýanlaryň bary öz ýazýanlaryna eýerýännirler, eýermeseler nädip ýazsynlar?!
-menem şony aýdypdunna şu mahal, eýerýänle Ýan Kakaň ynanan ŞAHYRY, eýermeýänler ýalanjykga ýayjykga-şahyrjykga
avatar
0
9 Medicall • 12:08, 05.05.2023
Ýan Rybowiç dogry belleýär, Şahyr adamlary gowulyga özgertmeli, şahyr adalatyň tarapdary bolmaly, şahyr zalymlygyň, ýalanyň ganym duşmany bolmaly, ejiziň hossary, Taňrynyň sesi, adalatyň terezisi, bolmaly.
iki setiriň başyny çatyp özüňe çekeniň peýdasyz, zanny şahyr, kalby şahyr bolup dogulmadyk bolsa, millionlap goşgy ýazany bien şahyr boldugy bolanok diýjek bolup diýipdir bolmaly Ýan daýy
avatar
0
10 Pero • 14:12, 05.05.2023
Mango kakañ buýurmasy(zakazy) boýunça 2 wariantda ýazdym:

Içki dialog 1 -nji wariant

-Bilýänsiñ pylankesi
Bütin dünýä ykrar edýär
Onuñ geniýdigini hemme
Tekrar - tekrar edýär.

-Dogrudyr. Geniýsi kän,
Kän şahyry,alymy
Kyn ýeri, içinde
Az hak adamy.

- Dünýäñ ykrar edenin
Sowala çekip,
inkär eder ýaly
Sen kim-aý
eý, dost?!

Men hiç kim. Ýöne
söz-amal hesibiñ
deñ gelmezinden
Heder ederin.
Şeýdibem özümden özgä
Elim degmezden öñ
Öler giderin.

Adam 2-nji wariant

Ol kim?
Ol "geniý".
Öñde maksat goýan
Gerek bolsa "Doñuza
daýy diýen",
Käte kyrk nikap geýen,
Diñe gözel
Ýüzüni görkezen,
Ýykylaýsa dagy
Özi galan,
Ömri köplere
Ylham bolan
Adam.

Sen kim?!
Sen "şahyr".
Okap-ýazyp
Ýadamadyk.
Sözi Kap dagynda
Amaly kül üstünde
Höwes,hebeslerden ýaña
Kalbynyñ burny ganamadyk
Adam.

Men kim?
Men hiç kim.
Hälki bir,ýöne
sözüni amala deñlejek bolup
Jyrjaşýan,dyrmaşýan bende.
Şeýdibem özünden başga:
Eli degmän öler gider
Sähetli günde.
Ah,adam!

Haýsyny halarkañyz. Belki hiçsini.
avatar
0
11 Medicall • 15:45, 05.05.2023
Onuñ geniýdigini hemme
Tekrar - tekrar aýdýar

Kyn ýeri, içinde
Az hak alymy

bolsa näderdi :)
avatar
0
12 Мango • 23:23, 05.05.2023
ikisem gowy.
ikinji has gowy ýaly.

"Sözi Kap dagynda
Amaly kül üstünde"

:-) meşhur nakylyň üýtgän boluşşygyny haladym...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202