Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:52
Dawa

DAWA

Agzymdan gelenini ýüzüne diýdim.
Depesinden
gargyş baryn ýagdyrdym.
Hern-ä, el galdyryp
ýençmedim ony,
beren sadakalam gorady meni.

Şabyrdap geçensoň
öýlänçi ýagyş,
durlandy aklym:
ony kiçeltmegi,
ýa ynjytmagy
islemändim men.

Kalbyna ýerleşen
zalym arwahy,
kowmakçy boldum
(dogrusy, başardym
bu agyr işi).

Ony kowmak üçin
kömek soradym,
öz arwahymdan.

Şere garşy şer ulandym,
haýry degmez diýip Perişdäň.
Onuň şerin kowdum
- menden aýrylmaz,
mydam taýyn duran
öz şerim bilen.

Taýyn ol göýä,
aýratyn tabşyryk üçin
tälim berlen ýabany haýwan ýaly.

© Ýan RYBOWIÇ

Terjime: © MANGO

***

Ссора

Я осыпал её бранью.
Швырял ей в лицо
проклятья.
К счастью,
до рукоприкладства
дело не дошло.

Потом,
когда небо над нами
слегка прояснилось,
я осознал,
что совсем не хотел
её ранить, унизить.

Просто пытался
– и, надо сказать, успешно –
изгнать злого духа,
который в неё на миг
вселился.

А изгонял я его
своим злым духом,
призвав его на помощь.

Ангел бы тут не помог.
Клин клином вышибают.
Я изгнал её зло
своим злом –
оно неотлучно при мне,
всегда наготове.

Как дрессированный
дикий зверь
для особых поручений.

© Ян РЫБОВИЧ
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 100 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango, Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 02:02, 16.05.2023
Şere garşy şer ulandym,
haýry degmez diýip Perişdäň.
Onuň şerin kowdum
- menden aýrylmaz,
mydam taýyn duran
öz şerim bilen.

***
şere garşy şer ulanylmalymy?
rowaýat eşitdim: bir ýagşyzadalaň biri (kimdigini bilemok) ýylany otdanmy nämemi... garaz halas edýär eli bilen.
ýylanam onuň elini çakýar.
ol ýylany taşlap, täzeden bir taýak bilen ony halas edýär....
soraýarlar: näme sebäpden ýylany halas etdiň, ol seniň eliňi çakdy...
jogaby: ol ýylan, ýylanlygynam etdi. emma ol ýylanlygyny edeni bilen menem ýylan bolmalymy? ol ýylanlygyny etdi, menem (merhemetli) ynsanlygymy...
rowaýat, ýadyma düşüşine görädir.
umuman, "şere garşy - şer" gaty bir dowram dä ýaly...
ýöne, kä wagt şere-garşy şerem etmeli bolýan ýaly...
avatar
0
2 Pero • 13:12, 16.05.2023
Her kime aýratynlykda çemeleşmek kyn zat. Ýan kakañ bu goṣgusyna ṣeỳle bir düşünýäääãn:))) Sebäp kä adama ýumṣaklyk bn bir gezek aýtsañ bes,düṣünýä. Kä adama gödeklik bn aýtmaly. Mazaly duzlanyñdan soñ oturýa-da pikir edýä. Kä adama weli bir zat diýeniñden diýmäniñ gowy...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202