Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:45
Yṣk köli
YṢK KÖLI



Bulutlañ düýbüne çümüp barýar Aý,
Gözýetimiñ duralgasyn daraklap,
Goý,tebigat emi bolsun her ýerde
Ýalñyz galan hem garaṣýan ýürekleñ!

Köl suratyn çekip otyr asmanyñ
Hemem uçup barýan erkin baraklañ.
Gözden ýiten suduryñy gözleýän
Kölde yṣk gaýgyny ýalñyz kürekläp.

Ýöriṣ gurap akmaýanyñ ýolunda
Ýyldyzlar öñümden geçýän ýaly-la.
Sen gidensoñ olar göwnüm göterýär
Dözebilmän ýalñyz galan halyma.

Asman tolkunlary çarpynyp ýatyr
Göwrämde ýüregmiñ çyrpynyṣy deý.
Özümi täzeden açyp geñ galýan
Geñ galan kirpikleñ gyrpynyṣy deý.

Ýollañ kenaryna özümi atyp,
Aýak yzyn yzarlaýan küýsegmiñ.
Bilsem-de aslynda ýeke däldigim
Hut ṣu pursat ýalñyzlygma kemsindim.

Bor janym,sag-aman dolansoñ bolýar,
Saparyñ bihatar bolsun ylaýym!
Bu gün ýaṣsa ýaṣsyn barybir ertir
Ýene täzden dogar Günüm hem Aýym.

© Meñli Aşyrowa
2015ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 77 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 12:34, 20.11.2023
uçup barýan baraklar-a düşünmedim.
sakarbalak guşynyň bir adymyka?

Bu gün ýaṣsa ýaṣsyn barybir ertir
Ýene täzden dogar Günüm hem Aýym.

gowy gördüm.
gyzykly ýöne, Aýyň dogmagy üçin Günüň ýaşmagy gerek.
Günüň dogmagy üçinem Aýyň ýaşmagy.
avatar
0
2 Pero • 13:01, 20.11.2023
Dogry,azyndan bir gije-gündiz gerek,ýagny sabyr gerek. Garaşýanlañ kölegesi bolan sabyr gerek. Bu ýerde Gün-Aýy garṣylyklaýyn manyda däl-de wagt ölçegi hökmünde alypdyryn.

barak
, at,haýwanat d. Maňlaýy sakar, çüňki ak, ýelegi gara suw guşy, sakarbarak. Goýunda erek eti, guşda barak eti (Nakyl). Bu ýerde barak diýermiň, ördek diýermiň, guw diýermiň, çarlak diýermiň, garaz, göwün islän guşuň bar (Edebiýat we sungat).
avatar
0
3 Kyyas • 19:09, 20.11.2023
Goşgy... Tüweleme! Hakyt goşgy!
Gyrpynyşy deý -gyrpylyşy bolmaly dälmiñ?
Barak, şiwe dillerinde her hili sakarbalak, baklan, barak, suwçillik we ş.m
Goşgy gaty ýerlikli
avatar

Старая форма входа
Total users: 203