Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:04
Watanym
WATANYM

Özümi bagtyýar duýsam,
Buşlap,ýellere gygyrdym.
Elwan güllere gygyrdym.
Guşlara elimi bulap,
Päk asmana guçak gerdim.
Şeýdip,seniñ parçalañdan
Bitewligñi tapdym,Watan!
Men nirede,näme etsem,
Synçy didäñ bakdy,Watan!

Duýgularmy derýalaryñ
Tolkunlarna sözleýärkäm,
Gijeleñde pelsepäniñ
Ýumagyny çözleýärkäm,
Her künjüñden gözelligiñ
Bakyşyny yzlaýarkam,
Men saña aşyklygymy
Bilmän söýüp ýör ekenim.

Dag-düzüñe aşyk bolup,
Ýaz-güýzüñe aşyk bolup,
Paýlaşmak isläp syrlarmy,
Her bölegñi syrdaş bilip,
Şeýle eziz görüpdirin.

Söýüp her künjiñi, Watan,
Añymda sen kemal tapdyñ.
Boýun alýan hem baş egýän,
Çünki senden bagtym tapdym.

GAÝYN PEDERIM

Gelinlerni öz gyzy deý eý görüp,
Giñden guçak geren gaýyn pederim.
Agtyklarnyñ didaryny görende
Bagtdan guş deý uçan gaýyn pederim.

Alada ýugrulan pikir-hyýaly,
Käte gaharlansa,dözümsiz haly,
Ýagşylygyñ guly,perişde ýaly
Başyndan kän hupbat geçen pederim.

Ýadymda,kejebäñ öñünde çykyp,
Alnymdan öpüpdiñ,katra ýaş döküp,
Şatlykdan sil kimin barýardyñ akyp,
Şonda ynamyñy duýdum,pederim.

Agzybir maşgalañ çekip başyny,
Buýsanç bilen galdyrýarsyñ başyñy,
Agtyklaryñ gallan wagty daşyñy,
Gözleriñde gördüm uçgun,pederim.

Ir oýanar,sabañ gaýmagyn içer,
Ýagşa ýakyn,ýamanlykdan daş gaçar,
Bir iş etse,maslahatly don biçer,
Il üçin bähbitden geçen pederim.

Ykbaldan altmyş ýaş paýyñy alyp,
Uzak ýaş dileýäs maşgala bolup,
Hormatyñ,abraýyp mundanam galyp,
Ykbala ýagşy paý düşsün,pederim.

Garagum žurnaly,2018-nji ýylyñ 3-nji sany
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 16:04, 02.12.2022
"gaýyn pederim" diýeňde gaýynatamy ýa gaýynenemi? haýsysy?
avatar
0
2 Мango • 16:07, 02.12.2022
Özümi bagtyýar duýsam,
Buşlap,ýellere gygyrdym.

duýsam - gygyrdym. näsaz eşdilýär.
duýup - gygyrdym, duýamda - gygyrdym.. bolaýjak ýaly.
avatar
0
3 Pero • 16:26, 02.12.2022
Peder sözi diñe atany-erkek kişini añlatmaýarmy näme?
avatar
0
4 Мango • 16:46, 02.12.2022
Ýadymda,kejebäñ öñünde çykyp,
Alnymdan öpüpdiñ,katra ýaş döküp,

gelniniň alnyndan öpýän gaýynata barmyka?
belki bar bolsa-da azdyr.
avatar
0
5 Pero • 16:51, 02.12.2022
Bizde barlygyna görä diýmek bardyr
avatar
0
6 Medicall • 01:04, 03.12.2022
Birinji goşgyñda peslär ýaly däl, diýseñ gowy beýan edipsiñ, ikinji welin gözümi ýşlatdy, her kime-de ogul öýerip ynamly gyzy ýaly görjek gelin sataşsyn! Elleriñe saglyk ayaldogan!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203