08:26 "KIÇIJIK DÜNÝÄŇDE ULLAKAN PIKIR.. " | |
"KIÇIJIK DÜNÝÄŇDE ULLAKAN PIKIR..." Kiçijik dünýäñde Ullakan pikir Uçup ýörsüñ Guşlar ýaly. Kä gygyryp Kän gygyryp Sesiñ gyrlyp gitse-de señ Hiç kimse tapmarsyñ asyl Gyryk Sesiñ eşder ýaly. Gyrlan sesler Hem ganatlar Gör olar näçedir Anyk bilýän ýok. Ýañlana-ýañlana Sary sährada Daglardan dag aşyp Uzak ýol aşyp Gaýalardan aşak eñip galandyr. Gör, näme üçin ýañlanan hemem eşidilmän galan ýa-da eşidilmediksirelen Sesler Baýyrlañ ýüzüne Ýelleñ sesine Siñip galandyr. Daglañ çürbaşyna çykyp, Dünýäni synlap Ahmyrly hyrçyny dişläp Heýkele öwrülip Doñup galandyr. © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |