14:06 Ýaei Kusama häzirki zaman sungat äleminiň hakyky ýyldyzy | |
ÝAEI KUSAMA HÄZIRKI ZAMAN SUNGAT ÄLEMINIŇ HAKYKY ÝYLDYZY Ýaei Kusama häzirki zaman sungat äleminiň hakyky ýyldyzydyr. Bu suratkeş zenanyň Londondaky «Tate Modern» galereýasynda guralan sergisiniň petekleri sanlyja minutlaryň içinde satylyp gutarylýar. 2018-nji ýylda Los-Anjelesdäki «The Broad» muzeýi Kusamanyň sergisine 90 000 sany giriş petegini satmagy başarýar. Nýu-Ýorkdaky «David Zwirner» galereýasynyň guramaçylary bolsa, suratkeş zenanyň «Soňsuzlygyň aýna otagynda» atly sergisini synlamaga gelen tomaşaçylaryň köplüginden ýaňa, tomaşa wagtyny her adama 45 sekunda çenli gysgaltmaga mejbur bolýarlar. Ýaei özboluşly ussatlygy bilen diňe bir sungat muşdaklaryny däl, eýsem moda söýüjileri hem özüne baglamagy başarýar. 2012-nji ýylda onuň «Louis Vuitton» moda öýi bilen bilelikde döreden toplumy köpçülige çykarylýar. «Louis Vuitton-yň» muşdaklary brendiň 93 ýaşly awangard suratkeş zenanyň ýoň eden nohut şekili bilen bezelen lybaslaryndan, aksessuarlaryndan we atyrlaryndan häzirki wagtda-da satyn alyp bilerler. Köpleri ýene bir haýran galdyran zat hem, «Louis Vuitton-yň» Nýu-Ýorkdaky dükanynda dürli reňkdäki tegelekleri çekýän Ýaeiniň özüne meňzeş robotdyr. Bu aýdylanlar Ýaei Kusamonyň şu günki ýeten derejesi. Ýöne onuň şeýle derejä çenli nähili kyn ýol geçendigini welin, bilýänler az-azdyr... Ýaei Kusamo 1929-njy ýylda Ýaponiýanyň Masumoto şäherinde, bol-telki maşgalanyň dört perzendiniň iň kiçisi bolup dünýä inýär. Onuň çagalygy ejesiniň we maşgalasyna sowuk-sala kakasynyň dawalaryndan ýaňa ýakymsyz geçýär. Ýöne hiç kim kiçijek Ýaeiniň çekýän ejirine üns bermeýär. Ol 7 ýaşly gyzjagaz wagty daş-töweregindäki zatlaryň gymyldaýan, janly, agzy-gözi bar ýaly görnüp başlandygyny öz awtobiografiýasynda boýun alýar. Gyzjagazyň emosional we psihologik ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin psihiatr onuň bilen surat çekmek arkaly sapak geçýär. Hut şol sapaklar hem kiçijek Ýaeiniň sungat älemine aralaşmagyna sebäp döredýär. Ýaeiniň kakasy gyzyna surat çekmek üçin gerekli zatlary alyp berse-de, ejesi surat çekmegy gyz üçin laýyk kär hasap etmänsoň, onuň çeken suratlaryny elinden alyp ýok edýär. Iň ýakyn adamsynyň özüne şeýle çemeleşmegi Ýaeiniň döredijiliginde öz yzyny goýýar. Ikinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen, Ýaei mekdep ýyllarynda özi ýaly çagalara goşulyp, paraşýut öndürýän zawodda her gün 12 sagatlap işleýär. 1948-nji ýylda bolsa ene-atasynyň garşylygyna garaman, Kioto şäherindäki sungat we amaly-haşam mekdebine okuwa girýär. Nýu-Ýorka göçmek we karýerada ilkinji ädimler Amerikaly abstrakt suratkeş Jorjiýa O'Kiffiň suratlarynyň ýygyndysy Ýaeide ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Eserlerden ylhamlanan gyz suratkeşiň salgysyny tapyp, oňa hat iberýar we netijede, ikisiniň arasynda hat alyşmak başlanýar. Kusama ABŞ-a göçmek kararyna gelýär. Ejesi onuň bu pikirine güýçli garşylyk bildirse-de, barybir gyzynyň kararyndan dönmejekdigini bilýär we onuň ýüzüne 1 million ýeni zyňyp, gaýdyp bu öýe aýagyny sekmeli däldigini duýdurýar. Şeýdip, iňlis dilini-de oňly bilmeýän Kusama 1957-nji ýylda ABŞ-daky Sietl şäherine göçüp gelýär. Ýüregi döretmek hyjuwyndan doly suratkeşe «Zooui Dýusann» galereýasynda kiçiräk sergi geçirmek başardýar. Bir ýyldan soň Ýaei O'Kiffiň maslahaty bilen Nýu-Ýorka göçýär. Ol ýerde şerti juda pes bolan kiçijik kwartirany kärendesine alan Kusama el-aýagy doňmazlyk üçin gijelerine uklaman surat çekmäge mejbur bolýar. Onuň Nýu-Ýorkdaky ilkinji sergisi 1959-njy ýylyň oktýabr aýynda «Brata» galereýasynda geçirilýär. Sergi top nagşa meňzeýän ullakan bäş sany uly suratdan ybarat bolup, toplum «Infinity Nets» diýlip atlandyrylýar. Suratlaryň käbiri 200 dollara satyn alynýar. 2008-nji ýylda hut şol topluma degişli suratlaryň biri auksionda 7,1 million dollara satylyp, ondan öň hiç bir zenan döredijiniň işiniň beýle mukdarda pul gazanyp bilmändigi üçin Ýaei bu babatda rekord gazanýar. Willem de Kuning, Andi Worhol we Roý Lihtenşteýn ýaly 1960-njy ýyllaryň öňdebaryjy şahsyýetleri bilen duşuşandan soň, Ýaei öz döredijiliginiň ugruny üýtgedip, abstrakt ekspressionizm bilen pop sungaty garyşdyryp eser döredip başlaýar. Netijede, Kusama erkek kärdeşleriniň meşhurlyk gazanmagynda özi kölegede galýar. Ýaei üçin kyn bolan bu döwürde ony asly ýapon, Nýu-Ýorkda ýaşaýan bir lukman mugt bejermegi boýun alýar. Suratkeş zenan oňa 11 sany eserini sowgat berýär. Doktor Teruo Hirose soňlugy bilen Kusamanyň gowy dostlarynyň birine öwrülýär. Olar tä lukman aradan çykýança — 2019-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dostluk gatnaşygyny saklaýarlar. Lukman aradan çykandan soň bolsa, oňa sowgat berlen suratlar 15 million dollardan satylýar. Köp garaşylan şöhrat Uly şan-şöhrat gazanmagy ymykly ýüregine düwen Ýaei Kusama 1966-njy ýylda hiç hili çakylyksyz, iki ýyldan bir gezek geçirilýän Wenesiýa biennalesine (uly sergi) gidýär. Ýaei sergide italýan pawilýonynyň öňündäki meýdançany aýna şarlardan doldurýar we olaryň hersini 20 dollardan satýar. Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi Kusamanyň sungaty edil hot-dog ýaly satýandygyny aýdyp ýaňsylaýarlar. Emma hut şol pursatdan onuň meşhurlygy artyp başlaýar. 1974-nji ýylda Ýaeiniň kakasy uzak keselden soň aradan çykýar. Ol bu wakadan kän wagt geçenden soňra, gazete beren interwýusynda: «Men şol günler gaty köp surat çekýärdim. Keselhana-da ýygy-ýygydan jaň edýärdim. Ahyry lukman: «Siz juda köp surat çekýärsiňiz» diýdi-de, özüne derek psihiatrik klinika jaň etmelidigimi aýtdy» diýip, şol wagtlardaky düşen ýagdaýyny gürrüň berýär. Ýaponiýa gaýdyp gelmek we ykrar edilmek Ýaei Kusama 1977-nji ýylda Tokionyň Psihiatrik institutynda bejergi almaga başlaýar. Şondan bäri ol şol ýerde ýaşaýar. Ol gündizine hassahananyň köçesiniň aňyrsynda ýerleşýän ussahanasynda işleýär we gije lukmançylyk merkezine gaýdyp gelýär. 1993-nji ýylda Ýaei öň çakylyksyz baran sergisine — Wenesiýa biennalesine gatnaşmaga çagyryldy. Hut şondan soňra Kusamanyň sungatynyň abraýy belende galdy ýa-da onuň öz dogduk mekanynda atlandyrylyşy ýaly «Kusamanyň şowhuny» başlandy. Ýaei Biennale tamamlanandan soň, «Financial Times» gazeti bilen bolan söhbetdeşlikde: «Bu — meniň durmuşymyň iň ajaýyp pursaty. Men mundan hem artyk, has artyk meşhur bolmak isleýärin» diýdi. Şeýle-de bolsa, ýazyjy Endrýu Solomon «Artforum-a» ýazan makalasynda Kusamany goldap: «Ýat ýurtda öz ornuny tapyp bilmek üçin yhlasly işlän Ýaeini öz ýurdunda taýýarlyksyz kabul etdiler» diýip, onuň sungatynyň aýratyn görnüşe we mana eýedigini nygtady. Ýaei ýaňsydyr tankytlara garamazdan, işlemegini dowam etdirdi we özüniň arzuw eden islenýän şöhratyna ýetdi. Onuň özboluşly stiliniň «Louis Vuitton» brendini özüne çekmeginiň netijesinde, köpleriň höwes edýän zatlaryna öwrülen egin-eşiklerdir aksessuarlar peýda boldy. Ýaei Kusama diňe bir surat eserlerini döretmek bilen çäklenmän, haýyr-sahawat işine hem işjeň gatnaşýar. Suratkeş zenanyň esasy maksady akyl hassalygy bolan adamlaryň içki dünýäsini halka görkezmekdir. © Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |