12:12 Başarsañyz goşgy ýazyñ.. | |
BAŞARSAŇYZ GOŞGY ÝAZYŇ... Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda, Baharda duýgular arassa bolýar. Yhlas bilen gabagyňy galdyrsaň, Ýüz däl, ýürege-de seretse bolýar. Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda, Ol goşgyň ne düýni, ne düýbi bolýar. Gör, haçandan bäri ýaşap ýör bahar?! Goşgy hem bahar deý müdimi bolýar. Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda, Baharda ganatsyz galgasaň bolýar. Akyl-huşuň ýelek ýaly bolsa-da, Kimiň-kimdigini aňlasaň bolýar... Aý, garaz, ähli zat owadan bolýar Ady gözel, özi gözel jahanda. Size menden ak ýürekden maslahat: Başarsaňyz, goşgy ýazyň baharda. © Aýgül BAÝADOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |