Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:42
Ýalan eken
ÝALAN EKEN

Öýdüpdirin dünýe baky,
Dogra meňzeş ýalan eken.
Gijeler dälmiş garaňky,
Hak yşkynda ýanan eken.

Didelerde galmyş ne syr,
Söz diňlemez,durmuş kesir.
Gylyçdan ýiti hem kesgir,
Hak sözleýen galam eken.

Garalardan agy gözläp,
Gezdim namartdan syr gizläp,
Duýgulam aklymda güýzäp,
Yşk bolup, görk alan eken.

Sogapdyr sabryň dogany,
Bezär ýigdi mert-dogumy.
Gören barmydyr soňuny?!
Ah, hatalam ýaman eken.

Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary,
Gelse başa synag bary,
Tomsuňda gar ýagar eken.

Ýol uzyn, düweýin goşum,
Gitmäwersin sabyr guşum,
Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken.

Ýaýnalaram ýaşlyk içre,
Gaýnalaram ýaşlyk içre,
,,Ýaşlykdyr" diýp,günä geçme,
Ömrüň güýzem geler eken.

Sözüm bar, eý,köňül,diňle!
Umydym bolmasyn düňle.
Dostumdyr öýdüpdim dünýe,
Bir wepasyz, gedem eken!

© Nury SAKÇYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 118 | Mowzugy paýlaşan: Sakçy | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 2.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Мango • 11:25, 09.05.2023
Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary

bermez näme?
bary näme?

***

Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken.

bir zady bellemek gerek.
deňeşdirilýän zat deňeşdirilen zatdan pes bolýar, umuman.
mysal üçin: "Aman arslan ýaly batyr" diýilse batyrlykda arslan batyr, Aman bolsa arlsan ýaly batyram bolsa, ol arslana deň däl, arslandan pes... ol arslan ýaly....

indi goşgudaky "Hak... Isgender dek ýeňjek bolsa...", onda Isgender Hakdan güýçlimi? (estagfirullah).
kimi kime deňelýär?
avatar
2
2 Pero • 14:09, 09.05.2023
"Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken."

-Isgender dek kim ýeñer eken?
- Ynsan ýeñer eken.
-Şo ýerde ynsan diýen sözi göremogam,duýamogam
-Mümkin señki dogrudyr,ýöne bu sözlem eýesi daşynda goýulýan sözlem.
- hmmm...onda Hak (ýagşa kömek edip)ýamana "goşun"göýberse Ynsan Iskender dek ýeñer diýýäñ-da?
-Eddil özi.
-Iskender nähili ýeñip-daý?
avatar
1
3 Pero • 14:14, 09.05.2023
bermez näme? Bermek işliginiñ ýokluk galyby :)

bary näme? -bar - at. Manydaş sözi - hasyl :)
avatar
-1
4 Sakçy • 14:19, 09.05.2023
Ilki bilen-ä, goşgularymy okap, bellikleriňizi edendigiňiz üçin sag bolsun aýtmak isleýän! Ikinjidenem, goşgulary okanyňyzda dykgat bilen okamagyňyzy, iň esasan hem, şygyrda ulanylan sözlere bir taraplaýyn däl-de, olaryň manylaryna garap, baha bermegiňizi haýyş edýän! Sebäbi türkmen dilinde bir söz bir many däl-de, birnäçe many aňladyp gelýär.
Bu goşgymda hem şonuň ýaly:
,,Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary"
Bu ýerdäki ,,bar" sözi ,,miwe", ,,hasyl" diýen manyny aňladýar. (Ony ,,Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden" görseňiz has hem göz ýetirersiňiz)
Meselem: ,,Döwletliniň çagasy baga gitse, bar geti:r,
Bidöwletiň çagasy namys bilen ar geti:r" diýen atalar sözünde-de ,,bar" sözi şeýle manyda (miwe, hasyl) gelen.
Goşguda bu iki setir şeýle atalar sözi bolup durýar: ,,Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez" Men bolsa kapyýa sazlamak maksady bilen ,,miwe" sözüniň ýerine ,,bar" diýen sözi ulandym. Elbetde, söz bilen iş salşyp, olaryň manylary bilen gyzyklanýanlar üçin bu ýönekeýräk hemem düşnüklimikä diýýän...
avatar
0
5 Sakçy • 14:36, 09.05.2023
***
Geleliň ikinji meselä:
,,Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken"
Edil ýaňky diýşim ýaly. Bu ýerde hem Hak sözi Allatagala, Hudaý diýen manylarda däl-de, ýalan sözüniň antonimi, ýagny garşydaş manysy bolup gelýär:,,çyn", ,,dogry", ,,hakykat" (Muny hem ,,Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden" görseňiz düşünersiňiz. Entek maslahat bermekden-ä juda irdir welin, Size şol kitaby okamagyňyzy, şeýle-de, haýsydyr bir eser okanyňyzda düşünmeýän sözleriňizi gözläp görmegiňizi maslahat berýän. Dogry düşüniň ýöne... Özüm-ä, şol kitap ýan kitabyma öwrüldi diýsem, ýalňyşmasam gerek) Käwagt durmuşda-da ,,hak aýdýaň" , ýagny ,,dogry aýdýaň" diýen ýaly sözler ulanylýandyr. Bu ýerde hem edil şonuň ýaly.
Diýmek, bu setirden şeýle many gelip çykýar:
Hakykat,hak,dogrulyk ýalana goşun sürse, Isgender Zülkarneýn (taryhy şahsyýet) ýaly ýeňjekdigi, ýagny ýalanyň juda ejizdigi, ahyrynda äşgär boljakdygyny nygtamak isledim. Bu ýerdäki aýdyljak bolunýan pikir, asla-asla Hudaýtagalanyň Özüni Öz ýaradan barlygy bilen deňejek bolmak däl, asyl düýbünden başga bir zat.
Ýöne bu goşgynyň aşagynda şol sözlere goşguda näme manyda gelendigi hakynda kiçijik düşündiriş beren bolsam, kem bolmajak eken. Ýöne indiki okajaklar bu teswirden görüp düşünerler diýip umyt edýän.
avatar
0
6 Sakçy • 14:47, 09.05.2023
Ýok, @Pero dogan, bu ýerde Ynsan diýjek bolmadym. Goşgynyň bu setirlerinde janlandyrma bar. Ýagny:
Hakykat ýalana goşun sürse, Isgender ýaly ýeňjekdigini aýtmak isledim. Bu ýerde ,,hak" ýagny - ,,hakykat" bilen ,,ýalan" janlandyrylan. Sözlemiň eýesi hak - hakykat.
avatar
0
7 Мango • 14:55, 09.05.2023
hak aýdýan Nyry kaka.
minnetdar.
***
"...goşgynyň aşagynda şol sözlere goşguda näme manyda gelendigi hakynda kiçijik düşündiriş beren bolsam, kem bolmajak eken".

beýtmeli däl. beýtseň gelişmez.
avatar
0
8 Aygul • 15:00, 09.05.2023
Nuryň Hak sõzüni bir goşgyda iki manyda ulanmagy bulam-bujarlyk döredýär.
Onsoňam, bu "ekenleri" başdan geçirerden sen ýaşmykaň öýdýän men-ä, ýa ýalňyşýamykam...
Şahyryň "pidakär", ykbalyň "keç",dünýäniň "zalym"bolmagy hökmany şertmikä poeziýada?
avatar
0
9 Sakçy • 15:12, 09.05.2023
Meniň üçin-ä ,,Şahyryň ,,pidakär", ykbalyň ,,keç", dünýäniň ,,zalym" bolmagy poeziýada" o diýen hökmanylyk dälmikä diýýän...
Dogry aýdýaňyz, entek men ýaş. Eser hökmany suratda başdan geçirilip ýazylýan zat dälmikä diýýän. Ýöne umumylaşdyryp, köpleriň garşysyna çykaýjak zatlaryň, düşünjeleriň bolmalydygy welin hökmanylyk!
Ýene-de bir bellemeli zat bar: ,,Akyl ýaşda däl, başda!" Ýöne ýaş welin, tejribäniň şaýady bolup durýar. Dogry, mende entek eser döretmekde onuň ýaly uly tejribe ýok, bilişimizçe, boldugyndan has gowy ýazmaga, biraz hem bolsa kämillige ýetmäge ymtylýas öz-ä... :)
avatar
1
10 Pero • 15:24, 09.05.2023
Nury jigim, maslahatyñy alarys,sagbol. Sebäbi uludan-kiçiden,janlydan-jansyzdan öwrenere zat,alara hikmet bar. Emma çyn ýürekden menem saña bir kiçijik maslahat bermekçi. "Duşmanyñ peşe-de bolsa pilçe gör" diýilýä. Okyjylaryñy tanamaýañ,olaryñ derejelerini(okyjylykdaky,bellikçilikdäki,synçylykdaky) bilmeýän halyña maslahat bermek awtory gelşiksiz hatda gülkinç ýagdaýda goýup bilýär. Emma öziñem yzygider syn ediberseñ öz okyjylaryñy aýyl-saýyl edip biljekdigiñe berk ynanýan.
avatar
0
11 Sakçy • 15:36, 09.05.2023
Köp sag boluň maslahatyňyza! Netije çykarmaly, öwrenmeli zatlar çyndanam köp...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202