10:46 Ýatlama | |
ÝATLAMA 21 ýyl soňra daglary böwsüp, Egrije ýodalaň külterläp yzyn. Geldim gonaklygmyň başlanan ýerne Ýene garşyladyň öz harbyň gyzyn. Şol mähriban oba,ilersinde dag. Gaýrasynda akyp ýatyr Sumbarym. Didarlaşmak isläp deň-duşlar bilen Ýatladym ömrümiñ gamsyz günlerin. Derýa joşan wagty,çykyp hanadan, Süýşüpdir mekdebiň alkymyna çen. Diňe baglar ýatlama deý galypdyr, Öňki harby birikmäniň ýerinde. Bir wagt bileje mekdebe gatnan, Keşpler,isimlerem uçupdyr serden. Şol tanyş köçeler,şol tanyş oba, Hem çagalyk yzyn tapdym bu ýerden. Ýedi ýaşly kiçiligim ýylgyryp, Geçip giden ýaly boldy deňimden. Ýagyş çisňäp duman doldy çar ýana, Bu barlygyň ahmyr syçran deminden. Bir wagt bu ýerde bileje okan Dostlar gör, kim bolup ýetişendirler. Meger bäş ýyllykda,ýa on ýyllykda, Ýatlap bir-biregi tapyşandyrlar. Ýadyny ýitiren bir hassa kimin, Durdum garanjyrap,çar ýana bakan. Ýyllaryň huşumdan bozan dostlary, Birden meni görüp tanaýmazmykan?! …Aý,ýok puja çykdy tapmak,gowuşmak Şaýatlarna ýedi ýaşly özümiň. Öz ýanymdan minnetdarlyk bildirdim, Bu täsin ýerlerde iýen duzuma. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |