14:25 Yz | |
YZ Gumaksy ýoluň gutarýan,depäň etegine direýän ýerinde bir öýjagaz otyr. Oňa tarap adam aýak yzlary,ulaglaryň teker yzlary mesaňa uzalyp gidýär... Heniz mekdebe-de gitmänkäm,irden adatdakylar ýaly ukudan oýananymda,adatdan daşarylyk gördüm. Öýde ejem ýokdy. Beýle ýagdaý öň bolmandy. Daşary çykdym. Ýagyş ýagan eken,ýer eslije ezilipdir. Birdenem toprakda ökjeli zenan köwşüniň yzyny gördüm. Oýuma birinji gelen pikir,şol aýak yzyny yzarlap,ejemi tapmakdy. Sebäbi aýak yzyň ejeme degişlidigine ynamlydym. Üstüme galyňja eşiklerimi geýip,ýola düşdüm. Gidiberdim,gidiberdim. Arasynda: “Hakytjak ejemiň aýak yzy-da” diýýärdim. Ol pikirime-de hasam joşup, ýöreýşimiň “jompuldysy” artýardy. Tanyş obadaşlarymyz daşarda-içerde görnüp gidýärdiler,mallary tokaýa äkidip barýanlar,köçeden pyýada,ulagly barýanlar bardy. Käbirleri maňa habaram goşýardylar: “Nirä barýaň,ýeke özüň?” Men hem-ä ýetişibildigimden ýöreýärdim,hemem jogap berýärdim:”Ejemiň ýanyna” jogabymy eşidip,ýylgyrýanam bardy,geň galýanam. Maňa weli hiç zat geň däldi. Tersine bu gün meniň üçin üýtgeşik gündi. Edil ýaňyja kellämde ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi – täze pikir oýuma geldi. “Ejemiň aýak yzy mamamlara tarap gidýär. Hawa,hawa..dogry...ejem mamamlara gidendir,ýaşşaa! Menem kän ýöräbersem,ýadamasam mamamlara ýeterin.” Bu wagt gözüme barça zat juda ajaýyp görünýärdi. Hatda ejemiň seretmäge het edip bilmeýän öwülýäligem maňa şu wagta şeýle üýtgeşik görünýärdi. Depelikde ýerleşen, ýagyşdan soňky batly ýele galgaýan çyg baýdakly tümmekleri öwülýäligi bir üýtgeşik oba ýaly görkezýärdi. O ýere agşam seretmäge özümem gorkýardym,öýümiziň arka tarapynda ýerleşensoň,seretmejek bolsaňam gözüň düşýärdi. Şonda derrewjik gözüňi ýumup,başga tarapa seretseň,gorkyňam geçip gidýärdi. Emma indi pikir edýän weli,o ýere seretmek maňa-ha ýarady. Şu wagt hemme ýer gözüme gözel görünýärdi. Nar ýygyp ýören Sona daýza bilen gyzy Maralam,ot ýygyp duran Aşyr aga bilen ogly Döwledem öňkülerinden has owadan görünýärdiler. Öňler daşymyzy gurşap durany üçin gaharymy getirýän daglaram,ýüzüp bilmeýänim üçin ahmyrly hyrçymy dişledýän Sumbaram barça zat gözüme ýakymlydy. Sebäbi men birinji gezek, kiçijikdigime seretmezden özbaşdak juda uzak ýola düşdüm. Şol ýöräp barşyma Dutar çaýynyň üstündäki köprä ýetdim. (Elbetde bu ýerleriň ady barada o wagtlar bilmeýärdim). Çaýdan az-owlak bulançak suw akyp durdy. - Hiih,sil gelipdir – diýip köpriň eňreginden aýryldym-da,ýoluň ortarak tarapyndan ýöremegi dowam etdim. Her gezek Sumbara sil gelende gorka-gorka bärräkden seredip gaýdardym,ýa-da depä münüp onuň azlygyny-köplügini görerdim. Sebäbi derýa gelen sil çaýlaryň deňi däldi,has köpdi. Men henizem haýdap ýöräp barýardym. Geň galaýmaly ýeri biziň öýümiziň deňinde başlanan ökjeli köwşiň yzy henizim dowam edip gidip otyrdy. Gutararly däldi. Il arasynda “Köwçük” diýlip atlandyrylýan şäher böleginiň çetinden girdim. Bir wagtlar bu ýerlerde tebigy kauçuk alynýan agaç tokaýlygy bolupdyr. Adamlaryň dilinde ses uýgunlaşmalaryň esasynda “Kauçuk” sözi “Köwçük” bolup galypdyr. Köwçigiň köçelerine ýakyn ýerleşen öýleriň birinden çykyp, bir aýal maňa tarap ýöräp gaýtdy. Men ony öň bir ýerde görenime meňzetdim,emma ýadyma düşmedi. Ol meniň adymy tutup ýüzlendi weli, men sakga duraýypdyryn. - Gülüm,sen Şiriniň gyzjagazy dälmi? -Hawa - Nirä barýaň,ýeke özüň? -Gyzylarbada,mamamlara barýan. Ejemi tapmadym. Ine şu yzy yzarlap öýden şu ýere çenli ýöräp gelýän...-diýip birden hemme zady birden aýdaýjaga meňzeýärdim. - Gyzylarbada diýdiňmi? – diýen sowalyna gürlemegi bes etdim hemem “hawa” diýen manyda başymy atdym. Sähelçe sekuntda ol aýal bir zatlary aňynda aýlan bolmaly: - Ýör gülüm,bize gideli. Meniň özüm seni ejeň ýanyna äkideýin – diýip höre-köşe etdi. - Ýok men howlugýan,basym-basym ýöräp özüm giderin Gyzylarbada – diýdim. Ol aýal nebsagyryjylyk bilen maňa ýylgyryp bakdy. Soňam : - Wah,gyzym, sen pyýada o ýere gidip bilmersiň. Gel gowsy men seni ulagly äkideýin. Howlusyna girenimizde göwnüm açylyp gitdi. Bag-bakjalyk,gül-güläleklik. Ol aýal maňa ulag üçin biraz garaşmaly boljakdygymyzy aýdyp,elime birgiden süýji-köke berdi. Mellekde oýnamaga rugsat hem berdi. Menem hezil edip oýnadym. Niredeligimem ýatdan çykdy. Özümi bir ýerlerde uzaklarda bir tokaýlykda ýaly duýdym. Birnäçe wagtdan soňra howluda ejemiň sesini eşitdim-de ylgap mellekden çykdym... Şonda ejem mamamlara däl-de obamyzdaky kitaphana giden eken. Bir gün öňinçä kitaphanada işe başlaýanyny aýdanam bolsa, men unudan ekenim. Aýak yzam ejemiňki däl eken. Men tasdanam Magtymgulydan Gyzylarbada pyýada gitjek ekenim. Herne ol aýal – Gülşat gelneje meni tanap,alyp galaýypdyr. Şol wakadan ýyllar soňra men özüme bir ders aldym: ham-hyýala berlip ýalňyş yzy yzarlap gitseň,ýoldan azaşmagyň mümkin. Eger Gülşat gelneje ýaly biri çykyp,gözüňi açaýmadyk bolsa o gezekki syýahatymyň nähili soňlanjagy belli däldi ahyry. Arada 30 ýyldan soň Gülşat gelnejä bir toýda gabat gelem-de şol wakany ýatladym. Emma onuň ýadyna düşmedi. Meniň weli şu günki ýaly ýadymda. Yzyň yzyna düşüp gör näçe ýol sökdüm. Sebäbi yzlar meni özüne çekýärdi. Daşa ýazylan ýaly pozulmaýan,uly ýa-da kiçijik yzlar. Esasy zat azaşdyrmaýan yzlar. Indi şunça ýyllar bäri şol alysdaky öýjagaz hemem oňa barýan yzlar meni özüne çekýär. Wagty geler men ol ýere bararyn,emma häzir däl. Entek men öz yzymy - pozulmaýan yzy goýmaly. Bir näçe ýyllar ýa-da asyrlar soňra kimdir biri hem men ýaly şol öýjagazy görmeli,oňa uzaýan yzlara syn edip pikirlenmeli. Durmuşda her bir kindiwanja wakajygyň süňňünde hem bir hikmet bolýan eken. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |