11:42 Aýralyk | |
AÝRALYK Geň görseň geň göräy,ya-da gaharlan, Men-ä käte aýralyga garşy däl. Ogurlaýan eken wagt söygini (olam hereketde,şol bir bolşy däl). Özüň yanymdakaň söygiň alysda, Uzakdakaň weli göryäň has eziz. Yetilen söýgüni süýjetmek üçin Aýralyga yüz urmaly bolýas biz. Adamzadyň tebigaty şeýleräk Gazanylan zadyň gadry kemelýär. Şeýdibem söýgüniň ganym duşmany- Biparhlyk deňzine özüni urýar. Şonuň üçin dogry düşün,geňleme Ýanymdakaň sowuklygyňy duýamdan, Daşdakaň mähriňi duýasym gelýär. Hemem ýetilmedik arzyman ýaly Söý meni,söý meni diýesim gelýär. ©Meñli Aşyrowa Arhiwden | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |