TÜRKMEN EDEBIÝATY


14:16
Ynanmarsyň
YNANMARSYŇ

Belent daglaň esler başy,
Görenlerňe ynanmarsyň.
Kyn günüňde çolar daşy,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Tegmil artar, kemer agy,
Bagynda saýraşar zady,
Dostuň hanjar uran çagy,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Hak halasa, ýollar açar,
Bilbiliň bagyňdan uçar,
Bagtlylygňy hasrat guçar,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Kä şatlyk, kä gaýgy seçer,
Söýgi galar, söýgiň geçer,
Yşk ýolunda ýalňyz beçe,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Alada ornaşar bilde,
Galplyk ornaşar hilde,
Bir aýagyň galar gilde,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Agyr işler egniň ýyrtar,
Ýagşy görnüp ýaman dartar,
Namys kemär, jumag artar,
Görenlerňe ynanmarsyň.

Şer nirede, haýyr nirde?
Perişdemi, şeýtan törde?
Düýn göreniň bu gün görde
Görenlerňe ynanmarsyň.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 32 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Nurmuhammet Haşyrow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 21:02, 25.11.2022
Bagynda saýraşar zady
o zat näme zat?
avatar
0
2 Nurdan • 11:49, 26.11.2022
esler nämeka-eseler diýiljek bolundymyka?
gilde sözünem öñ eşitmändim.
Söz baýlyg-a bar eken awtoryñ))
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE