Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:30
Bu döwür - döwran!

BU DÖWÜR - DÖWRAN!

Diýdim:,,Ýagşy zamandyr”.
Diýdi:,,Bu hem düýş bolar”
Magtymguly Pyragy

Diýdim:,,Serwim, teşneýem!” Diýdi:,,Gel, men çeşmeýem!”
Diýdim:,,Geldim müň gezek!” Diýdi:,,Ýok, nika gerek!”
Diýdim:,,Bolmazmy ykrar?!” Diýdi:,,Duşurar ykbal”
Diýdim:,,Kimsä aýandyr?!” Diýdi:,,Yşkym haýamdyr!”
Diýdim:,,Gama goýma sen!” Diýdi:,,Bagty boýla sen!”

Diýdim:,,Duýgym ýagyr, heý!” Diýdi:,,Sabyr agyr, heý!”
Diýdim:,,Muňa dözüm ýok” Diýdi:,,Söýgä sözüm ýok”
Diýdim:,,Şygrym dert egser” Diýdi:,,Ömür bir eser”
Diýdim:,,Dälem men bilbil” Diýdi:,,Baýlygyň bilgil!”
Diýdim:,,Başda müň sowal” Diýdi:,,Yşksyz kalp sowar”

Diýdim:,,Bagt ýoly kaýda?” Diýdi:,,Gözlerim aýdar”
Diýdim:,,Munda kän oýun” Diýdi:,,Bolma sen boýun”
Diýdim:,,Ömür bir pursat” Diýdi:,,Wadada dursak...”
Diýdim:,,Sensiz bihuda” Diýdi:,,Düşmeris jyda”
Diýdim:,,Özge idemen!” Diýdi:,,Sende didelem!”

Diýdim:,,Päk söýgim – umman” Diýdi:,,Yşkyňa gurban!”
Diýdim:,,Eýlärem höwes” Diýdi:,,Bolmaz ol hebes”
Diýdim:,,Wysal ýazymdyr” Diýdi:,,Mertlik lazymdyr!”
Diýdim:,,Yşk ömre many” Diýdi:,,Baýlygy, bary!”
Diýdim:,,Ýarsyz ýaşamak kyn” Diýdi:,,Gamlanma,toý ýakyn”

Diýdim:,,Ýylgyr, ýar, ýylgyr!” Diýdi:,,Ýylgyran ýyldyr!”
Diýdim:,,Kalpda ynam bar” Diýdi:,,Yhlas – howandar”
Diýdim:,,Gidermi ýele?!” Diýdi:,,Göreşen ýeňer!”
Diýdim:,,Ýollar ýagtydyr!” Diýdi:,,Wysal wagtydyr!”
Diýdim:,,Galmasyn arman!” Diýdi:,,Bu döwür – döwran!”

Nury SAKÇYÝEW

2023.04
Bölümler: Goşgular | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Sakçy | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 23:38, 04.05.2023
gowy :-)
telefonda uzak-uzak diýişýän-gepleşýän aşyklar ýada düşdi.
Diýdim: "Goýaý telefony!". Diýdi: "Ilki sen goýaý!"...
(degişipmen :-))
avatar
0
2 Pero • 08:49, 05.05.2023
Neziremi bi. Umuman erbet däl. Nury Sakçyýew synanşygyñyza berekella!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202