Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:11
Özüñ bilen ýüzleşmek

ÖZÜÑ BILEN ÝÜZLEŞMEK

Gözüñi ýum!
Gözüñi aç!
Çöllükde saý özüñi,
Garşy-garşy ýörejek bol
Akyp gelýän ak çägä!
Mirhaýdaryñ ýeli bilen
söweşip gör
Tap çäre!

Gözüñi ýum!
Gözüñi aç!
Jülgede saý özüñi,
Gözellikden şekil alyp
Ýüregiñe nusgala!
Käte garatikenegiñ
şahasy hüjüm etse,
ýa aýyr ýa basgyla!

Gözüñi ýum!
Gözüñi aç!
Uçutda saý özüñi,
Ýa beýge gal
Ýa çuña gaç
Ýa-da sessiz yza gaýt!
Daşy ýakyn
Ýakyny uzakdyr öýt!

Ýum gözüñi
Aç gözüñi!
Owwal sen kim bolupdyñ?
Çöllüklerden
Jülgelerden
Daglyklardan aşansoñ
Halas edip bildiñmi
özüñi?!

✒ Meñli AŞYROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 144 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.3/10
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 Medicall • 12:59, 28.04.2023
Ine-dä, şeýdäýýada şü aýaldogan, BEREKELLA:)
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 13:37, 28.04.2023
Tüweleme ylhamyña bereket!
avatar
0
3 lirika • 15:25, 28.04.2023
Gowy gosgy eken.

Gözellikden şekil alyp
Ýüregiñe nusgala! -bärde nusgala diýeniñden nagysla diýseñ ýerine düsaýjek ýaly...(ylalasman bilersiñ)
Soñky topbagyñda büdremeler ýüze çykan ýalymy?
Oñat gosgudygyna seretmezden näme üçin 3 ýyldyz basdylarka? Aslynda ýyldyz goýýan kim-kä adminiñ özümi...
avatar
0
4 Medicall • 15:38, 28.04.2023
@Lirika, ýyldyzy diñe admin däl, hemme agza, okyjy goýup bilýär, ýöne her kim bir gezek goýup bilýär, ýyldyza bir basanyñ ýene basmagyna, saýt rugsat berenok, programmada şeýle taýynlanan:) onsoñam bu goşgy 3 ýyldyz almandyr, 6 okyjy ýyldyz basypdyr! Şonuñ netijesi.:)

Goşgy awtoryñ öz stilinde çuñ hem manyly ýazylypdyr.. haladym!
avatar
0
5 Kyyas • 19:41, 28.04.2023
Minnetdar! Meniñ üçin ýazylan ýaly duýdum.
avatar
0
6 Мango • 19:54, 28.04.2023
Goşgyň kompozision gurluşy barada.

Gözüñi ýum!
Gözüñi aç!
Çöllükde saý özüñi…

Şu saýmaly ýerleri bar-a, şol “gözüňi ýum” bilen “gözüňi açyň” arasynda bolaýjak ýaly. Sebäbi “gözüňi ýumup pikir et ony, muny…” diýen ýaly.
Gözüni ýumduryp, soňam açdyrýar, saýmaly ýerem gözüňi açaňdan soň….
Ýöne, ýöne…. Başga sypalga bar….
Gözüňi ýumup pikir et, akyl et diýýä-de ol “gözüňi aç” diýýäni ruh gözüňi açyp akyl et diýýän bolmagam ahmal.
Ýagny bedeni gözüňi ýum, ruhy gözüňi aç-da şuny-şuny-şuny pikir et, akyl et… diýýär.
Umuman, berekella.
avatar
0
7 Pero • 11:11, 29.04.2023
Sagboluñ!
avatar
0
8 Pero • 11:13, 29.04.2023
Mango kaka, siziñ teswirleriñiz bolmasa,perdäniñ añyrsyndakyny görmek az adama başardardy. Sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202