14:37 Zaman hem-de gybat etmezek dostlar barada | |
ZAMAN HEM-DE GYBAT ETMEZEK DOSTLAR BARADA 10-luk awtobusy diňe Teke bazaryna, Ors bazaryna, Awtokombinata däl-de, eýsem-de bolsa başga ýerlerik hem äkidýämiş... Nira? Jogabyny aşakda hödürlenýän ýazgydan tapyp bilersiňiz. Ony arhiwimden tapdym. "Tozanlaryny kakyşdyryp" size hödürleýän. Awtory men däl. ZAMAN HEM-DE GYBAT ETMEZEK DOSTLAR BARADA Söygüli dostlar! Şu söhbetdeşlikde size wagty ýerlikli ulanmagyň, isrip etmezligiň ähmiýeti barada iki agyz söz aýtmakçy. Geçen ýyl bir žurnalda täsin bir makala okapdym. Ol makalada wagtyň ähmiýeti barada aýdylyp, şeýle bir sorag bilen okyja ýüzlenilýärdi. Size günde 86400 dollar berilsedi. Ýa-da banka sizin adyňyza şonça pul geçirsediler, soňra-da şeýle diýseler: - Saňa şonça pul berýäris. Ýöne şu puly bir günüň dowamynda harçlamaly borsuň, eger-de gutaryp bilmeseň agşam hasabyňy öçüreris. Şu günden ertire hiç zadyň galmaz – diýseler näme ederdiňiz? Soň sözi wagta, zamanyň tygşytly ulanylyp ulanylmazlygy meselesine getirýärdi. Her günde 24 sagat, her sagatda 60 minut we her minutda da 60 sekunt... Jemi günde 86400 sekunt. Ömrümiziň soňky günüdigini bilip otyran bolsak, soň kimdir biri gelip sekunty bir dollardan ömrine ömir goşjak diýse, ähli baýlygyny şu söwda harçlamajak adam barmy? Onda, biz ňäme, bolanja zadymyzy biderek oduk-buduklara berer ýaly gaty baýmy? Ömriň gysgalygyndan şikaýet etmedik, wagtyň çalt geçendiginden zeýrenmedik adam ýok diýen ýaly. Bar hem bolsa, maňa duş gelen däldir. Hemmämiz hemişe işimize ýetişip bilmeýändigimizden zeýrenýäris. Bir tarapdan-da elimize berlen ömür sermaýasyny nädip bolgusyz zatlara paýlap bankrota düşüp boljakdygynyň aladasyny edýäris. Ýene bir adam, başga bir ýerde okapdym, häzir kimiň diýeni-de nirede diýeni-de ýadyma düşenok, şeýle diyyärdi: “Dostum! Peýdasyz işlerden eliňi çekmegi başaryp bilseň, uly uly üstünlikler gazanyp bilersiň.” Menem ol adam ýaly diýýärin. Diňe “öli wagtlarymyzy” janlandyrmak bilen köp zady başaryp bileriz. Meselem biz talypmy? Öýe awtobus bilen gidýän bolsak, günde şol bir peýzažlary synlap otyrmak adamy ýadatsa gerek. Belki göwnümedir, her gün, şol bir oglanlar ýa gyzlar bilen hemişe edýän gürrüňlerimiz adamy bizar edäýmeli ýaly. Belki-de monotonlukdan halas bolup bolanok. Kim bilýär? Ýöne... Siz bir okap görsediňiz. Onda 10-luk bilen diňe Teke bazaryna, Ors bazaryna, Awtokombinata däl-de, eýsem-de bolsa islendik ýeriňize, islendik paslyňyza-da gidip boljakdygyny görerdiňiz. Üniwersitetiň howlusunda otyrsyňyz. Hökman pylan kursdaşyň, pylan ýoldaşyň bilen gürründeş bolmaly diýen zat ýok. Islendik filosofy, şahyry, ýazyjyny çagyryp bolýar. Hiçisem “Men geljek däl. Seniň bolup oturşuňy halamok. Pylan häsiýetiňi halamok” diýmeýär. Ynanmasaňyz barlap göräýiň. Hem Olar gyýbat hem edenoklar. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |