Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:35
***
Men nätsemkäm,
Kimden ýeter delalat?!
Ýüregimi dökmesem aýylar essim.
Hut şu gün uludan dem alagetdin,
Ençe günden bäri telim göçürlen
Kisämdäki haty bererin,besdir!

Soňam...
a soň jogabyňa garaşman,
Ýüzüm göge tutup,sözüm seçeläp.
Tapawady ýok,
men,haýsy hem bolsa,
Bir ýana umytly nazarym çenäp,
"Indi näme bolsa,şol bolsun"diýip,
Giderin galanyn tabşyryp Taňra.
Sebäbi ýeke söz aýdyp bilmänem,
Şunça gün bimaksat tamşanupdym-a.

***
...Heniz saňa duşman ýaşap ýörşüme,
Duýulmanka artyklygyň,kemligiň,
Beýle mätäç hala düşmedik wagtym,
Has oglan mahalym,seniň kimligiň
tanamankam,
gyzlar meni söýmänkä,
Az bolsa-da,heniz duruka aklym,
Üýtgeşik aladam,arzuwym ýokka,
Oglantak kalbymda arman hem ahmyr
döremänkä,
ýöremänkäm ýanyňa,
Ömrüň sepgidinde,
hawa,ullakan
sepgidinde saňa gabat gelmenkäm,
Bagtlydymmykam?!
Bölümler: Goşgular | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Medine | Teg: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 19:49, 28.11.2022
Birinji goşgy tewekkül barada hadysy ýada saldy.
Çarwaň biri Pygamberimize gelip: “men düýämi boş göýberip, tewekkül edeýinmi, ýa daňyp?”
Pygamberimiz: “Düýäňi daň, soňra Allaha tewekkül et* - diýýär.
ýagny, ilki düýäňi daň (öz etmeliňi et), soňra Allaha bil bagla (tewekkül et).
Goşgyň gahrymanam “telim göçürlen haty berýär” we galanyny ‘Taňra tabşyrýar”. Dogry taktika.
“Köýýän, ýanýan…” diýýän izzik, aglak aşyklardan-a gowy :-)
nämede bolsa etmeli işini edýär.

goşmaça bellik: * şo hadysy türkmenler ýoýup başgarak aýdýarlar, “Hudaýa ynansaň ynan welin, eşejigiňi berk guşa” diýip. Hudaýa şübhe kakap durmy bu gepden? Bolmalysy bolsa: (eşekli wariantda) eşegiňi duşa, galanyny Hudaýa tabşyr.
aňladabildimmi?
avatar
0
2 Мango • 19:55, 28.11.2022
Seýitmyrat kaka şahyr.
okaýaň welin, goşga agram salnyp, ýüzi şramdan doldurylan, ezýet görkezilen däl.
ýagny, bir demde aňsatlyk bilen diýjek gepini diýýär. Aňsatlyk diýemde - bize aňsat ýaly duýulýar. Garaz goşgy, sözleri arassa we tebigy, şahyrana… bir söz bilen şahyryň şahyrlygy çyn.
üstünlikler.
avatar
0
3 Medine • 20:02, 28.11.2022
Hawa elbetde gaty gowy düşündirýäňiz mango daýy
avatar
0
4 Medicall • 00:28, 29.11.2022
Gowy goşgulary paýlaşypsyñ, sagbol, ýöne indi goýañda beýlekileñ post açyşyna üns bergin.
Paýlaşyp dur.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202