19:16 Arkadagyň şäheri | |
ARKADAGYŇ ŞÄHERI Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda guşlar nagma kakar, mydam ýaz bolar. Ýürekden syzdyryp kän söz aýdarsyň, Tarypyna şol sözleňem az bolar, Ýöne olar aýdym bolar, saz bolar. Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda ömrüň gülläp, göwnüň mydam baý bolar. Tylla başyň Arş-u-münbere ýeter, Asmanynda guşlar uçar, Aý bolar, Ol iň gözel şäherlere taý bolar. Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda Toprak gülläp, gyzyl güller çog bolar. Edil guşlar deýin, göwünem uçar, Ol göwün diýýänim juda çag bolar, Degresinde hatar-hatar bag bolar. Arkasynda belent Köpetdag bolar. Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda Şeýle bir şatlyk kän, gussa ýok bolar. Edil ak binalar, ak garlar ýaly, Adamlaryň ýüreklerem ak bolar, Göterýäni üçin Arkadag adyn, Ol şäher dünýäde ýeke-täk bolar. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
0
0
| |