Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:15
Gije
GIJE

Köçeleriň aýak sesi ygyp ýör,
Azaşyp ýör ejeleriň ukusy,
Atalaryň tamasy.
Eý, adam, çyk ýagta,
Gelýär tanasym.
Gözün açyp ýatyp galdy çyralar,
Dikilgazyk bolup ýadandyr, meger.
Müdimi ýazykly gara pişikler
Bigünä halyna göwnüňe deger.
Ýagta çyk, eý, adam,
Yns bolsaň eger.
Küldanyň düýbüne dönüpdir dünýä,
Kölegeler howur tapyp eräpdir.
Bu ümsümlik, meger, ikimiz ýaly
Ökje ogrulary üçin döräpdir.
Giden gitdi berlen ýeke bijämi
Paýlaşyp git sen.
Daňy görüp jany çykjak gijäni
Jaýlaşyp git sen.
Ýagta çyk, eý, adam.
Çaýlaşyp git sen.

© Mukam MUHAMOW

"Nesil" 25.02.2023
Bölümler: Goşgular | Görülen: 145 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
2
1 Мango • 16:43, 25.02.2023
gowy goşgy.
täsirli setirler kän eken.

"Köçeleriň aýak sesi ygyp ýör" setiri Nejip Kysaküregi ýatladyp göýberdi. (Şo bir aýak sesleri, şo bir aýak sesleri, Aýlanyp ýör daşarda, gije düşeli bäri.)
***
Gözün açyp ýatyp galdy çyralar,
Dikilgazyk bolup ýadandyr, meger.

- bet. dik duran ýerinden gözi açyk uklan ýadaw stolbalar. :-)
***
Müdimi ýazykly gara pişikler
Bigünä halyna göwnüňe deger.

- "gurduň agzy iýse-de gan, iýmesede" diýen ýaly... gara pişigiňkem şolar ýaly-da: müdümi ýazykly, bigünä janawerler.
***
Daňy görüp jany çykjak gijäni
Jaýlaşyp git sen.

- gijäniň jany çykyşam guzykly.

awtora üstünlik.
avatar
0
2 Medicall • 14:30, 26.02.2023
Şu taýynda užasly kino ýadyma düśdi:
"Kölegeler howur tapyp eräpdir"

Üns bermänjik okap geçseñ ýõnekeýje Gije ýaly, birden ünsüñi çekse welin "gorkunçly" gije ekeni:-)
avatar
0
3 Pero • 08:34, 28.02.2023
Ajaýyp! Ine poeziya diyesiñ gelip gidyä
avatar
0
4 Bagty • 22:23, 28.02.2023
Tüweleme!Ajaýyp goşgy gaýtalap gaýtalap okadym. Köp wagtdan bäri şeýle ýüregime jüňk bolýan goşgy okamokdym
avatar
0
5 Medicall • 07:38, 31.12.2023
Giden gitdi berlen ýeke bijämi
Paýlaşyp git sen.
Daňy görüp jany çykjak gijäni
Jaýlaşyp git sen.
Ýagta çyk, eý, adam.
avatar
0
6 sussupessimist • 11:56, 31.12.2023
Mukam!
avatar
0
7 Mekan • 21:40, 31.12.2023
Maladislaý. Berekella.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203