07:10 Gurtlaryň Towşanyň ölümine bildiren duýgydaşlygy | |
GURTLARYŇ TOWŞANYŇ ÖLÜMINE BILDIREN DUÝGUDAŞLYGY “Garry towşan bakylyga gaýdypmyş”— diýen şum habary eşiden möjek. Ahmyr çekip, hyrçynyny dişläpmiş: “Kim biler, belli däl, kim haçan öljek. Ölen betbagt şagallara şam bolar Ýa garaguş tüýder onuň etini... Nesliniň başynda indi kim durar?”— diýip, gepledenmiş möjek içini. Garry möjek gidenmişin hyýala hem-de ölçeripdir öten geçmişin. Netijä gelipdir: onuň hamala ýagşylykdan ýaman işi köpmüşin. Awlanypdyr keýik-tokgar hem goduk, Daralypdyr tokly, owlak hem guzy. Eden etmişleri bolsa-da mojuk, tutan awun iýmändir oň bir özi. Başda iýenem bolsa kowmy bilen, artanyn kürenne paýlanmyş soňra: tutan awun deňje bölüşip iýen— ömür kesip, kuwwat berip bir ömre. ”Elbetde, çebşek hem soýulandyr kän. Ajyň aňy barmy nä?! Iýilendir. Eý agalar, menden aýyp-syn görmäň! Günählerim kyýamata goýlandyr.” Diýip, çal goluna galam alypdyr, we towşanyň ýakyn hossarlaryna börileň adyndan nama ýazypdyr: ”Towşan aganyň garyndaşlaryna! Hormatly goňşylar, salawmaleýkim! Ýaşulyny eşdip, gynanadyk aşa. Ajal ýazgydyndan gutulmaz hiç kim— alaç ýokdur perman gelende başa. Sähramyz bir bolsa-da, ryskymyz aýra, Ençe ýyldyr goňşy bolup ýaşadyk. Indiden beýläk hem bolmarys gaýra, Gurt bolsagam juda hetden aşmadyk. Hurşsyz öten günlermizem bolupdy... Ýöne, hawa: “Kyýamat gün—goňşydan”— aram-aram goňşokara “gelipdi”... Şeýde-şeýde gelipdik biz “oňşuga”. Garry möjek göz gezdirip kagyzny, Möhür basyp, towşanlara ýollady. Iýse-iýmese ganly gurduň agzyny Öz-özüçe halallady, oňlady. Kakajan BALKANOW 2020 ýyl | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |