00:01 Meniň aforizmlerim | |
Suwy seňrigiňden agdyran bolsaň, agzyňy bir ýum-da! *** Paýyş sögünýäň welin, soň şol agyz bilen nan iýmelem-ä bolarsyň! *** Sen kölege tapýançaň Gün ýaşar. *** Hakykaty aýtsaň kä kişi seni edepsizdir öýdýär. *** Henege iň soňky bolup gülen, süýde siňe seredip oturan bolmagy mümkin. *** Ýomaga iň soňky bolup gülen bar bolsa, onda ol ýomak manyly bolmagy mümkin. *** Latyn nakyly: “Men sana in corpore sana”—Sagdyn bedende sagdyn ruh bar diýýän bolsa, onda sagdyn ruhda sagdyn paýhas hem bolmaly. *** A gyz näçe bezenseň-da, näçe ýylmansaň-da aýnany aldap bilmersiň. *** Içi— möjek, daşy—köşek. *** Morta gürlänimi bilýän, ýöne kimiň öňünde ötünç sorajygymy bilemeok. *** Bu dükanda maňa gerekmejek harytlaryň hemmesi bar. *** Kaýyl bolmasaň ölersiň, ölmän ýörseň kaýyl bolarsyň. *** Paýhas çäkden çykmasa-da, akmaklygyň çägi ýok. *** Arzuwy, dilegi oýlanyp etmeli, hasyl bolmagy mümkin *** Almany öwrenen, bermäni halamaz. *** Adam adama dogandyr-dostdur, düşündiňmi haýwan?! *** Juda sada bolsaň aç galýaň. *** Juda akylly gürlemeli hem däl, düşünip, netije çykarmaklary mümkin. *** Dişlenen almada bitin gurçuk görünse ýagşy. *** Halal husyt, sap göwünli süýthordan ýagşyrakdyr. *** Täze günäler öňki edilmedik tobalara böwet bolýar. *** Ötülen günäleriň öwezini täze günäler doldurmagy mümkin. *** Özüňi hemmelerden akylly saýýan bolsaň, pikirdeşiňi tapmak kyn bolaýmasa. *** Başardygyňça söhbetdeşiň berýän gürrüňine ynanmazçylyk etmeli däl, belki ol hakykaty aýdýandyr. *** Bilmeseň—gepleme, bilýän bolsaň—dym! *** Hemme taýaklar iki uçly bolanok, arasynda ujy şahalysy hem duşýar. *** Maýmynlary adamzadyň gözbaşy diýip ykrar eden Çarlz Darwine maýmynlaryň goýýan hormaty henizlerem egsilenok. *** Karz alsaň dost gazanarsyň, karz berseň—duşman. *** Seniň üçin men—“Siz”. *** Iň gowy jorapda-da hökman bir deşijek bolýar. *** “Dünýäde iň owadan gyza öýlendim” diýip begenip ýördüm welin, üstesine ol akylly bolup çykdy. *** Elbetde, ata bolmak şatlykly waka, ýöne bu aýalyň garranlygyny ýatladýar. *** Tüýkürmäge ýer tapmadym—hemmesi tanyş ýüzler. *** Süýde siňe seredeniñde gan görünmese, gyzyl reňkli äýnek dakynmaly. *** "Ene süýdünden halal" jümläni açyklamak üçin "hem" sözüni goşmalymy ýa-da "ene süýdi ýaly halal" diýmelimi? *** Ýagşyzada bilen asylzadanyň hem ýeterlik duşmanlary bar. *** Pellehana ýeten küştüň pyýadasynyň erki öz elinde: islese ferz bolup biler, islese—pil; islemese—pyýadylygyna galar, ýöne onuň maňlaýyna patyşa bolmak ýazylmandyr. *** Küşt pyýadasynyň ölümden gorkmak duýgysy perzi bolmak umydyndan asgyn gelýär. *** Güýjüň barka gerdeniňde dag göter, kuwwatyň kemelende daýanmaga söýget bor. *** Asly dar göwün ýyrtylar welin, ýöne giňemez. *** Atyny ýeke çapýan eýesiniň bu bolşundan bedewiň özi uýalarmyş. *** Şol bir ýalňyşlygyň ilkinjisine säwlik diýýärler, ikinjisine bolsa—akmaklyk. *** Diňleýjiň gulagyna däl, gursagyna guýjak bolmaly. *** Ýokaryk dyrmaşaňda, ýykylaýaňda-da maýyp-müjürip bolmaz ýaly çakyňy biläýjek gatyňa çykmaly. *** Dargursaga—gursakça, göwnaçyga—jüpbe ýaraşar. *** Baýyr—bir wagtlar howalanyp duran daglaryň biri; düzlük—bu bolsa tekizlenen baýyrlyk. Magtymguly: "Belent daglar belentligňe buýsanma!". *** Ýüz kalbyň aýnasy bolýan bolsa, onda garanam-agam ýaşyryp boljak däl ekeni. *** Gep bilen çişirilen adam ýa ýarylar, ýa-da pyssarar. *** Aslyň kütek bolsa, zol-zol igelerini sürter ýörerler. *** Keçe gürrüň—aça gürrüň, köçe gürrüň—gaça gürrüň. *** Nebis atyny çapmak üçin jylaw bilen gamçyň zerurlygy ýok, eýeriňden ýykylman otursaň bolýar. *** Allatagalany inkär etmezlik, Ony ykrar etmeklik bilen deň düşünje däldir we päkýüreklilik bolsa päk imanlylyk däldir. *** Allanyň farzlaryny ýetirne ýetirmek üçin hökümdardan rugsat soramak hökmanmyka? *** Ätläp bolmaýan bolsa, sümülip geç. *** Eger sen eşek bolsaň, doňuz bir bolmajak bol. *** Päkýürekli adamyň kalbynyň nury ýaman niýetli adamyň kalbyny ýagtylandyranda, onuň gara ýüregi has hem garalýarmyşyn. *** Käwagt iki kelleden bir kelläniň akylly bolýan wagty hem bolýar. *** Hakykaty ýaýmankaň, sen hemme kişiniň dosty. *** Ýalňyşanyňy akylyň beýnide ýerleşýänini elleriň kelläňi gysymlaňda ýadyňa düşýär. *** Çykgynsyz ýagdaýa düşeňde kelläň ýeňsesini gaşamaly däl-de, eliňi maňlaýyňa diräp,oýlanmaly. *** Hordan zor ýagşy, puçdan hiç ýagşy. *** Sen bir gezek ölçeýänçäň, ýedi gesek kesip gitjekler bar. *** Gonak gonakdan gonakbaýy gabanar. *** Aýdyjy dana bolsun, sözleri many bolsun. *** Hatamtaýlyk we baýlyk bir göwrede ýerleşenok. *** Ynamly gürläñde, ynanarlar ýaly gürlemeli. *** Bir adam hakynda hemmeleriñ aýdýan zatlary gabat gelýän bolsa, onda onuñ bolşy şonuñ ýaly bolmagy ähtimal. Eger gabat gelmeýan bolsa, onda onuñ gybatyny edýärler. *** Adamy ýamanlanyñda özüñ üçin howply, taryplanyňda bolsa, öwülýän üçin howply. *** Üç ýagdaýda: içgili wagtyñ, pulsuz wagtyñ we aýalyña ikilik edeniñde aýalyñ öñünde diliñ gysga bolýar. Şolar ýaly ýagdaýlarda aýalyña akyl öwretmek, men-menlik etmek hem aýalyñ göwnünine degmek ýerliksizdir. *** Han ornuna beg geler, är ornuna ýeg geler. *** Ylym öwrenip, aklyndan azaşan ýok diýselerem, töwekgelçilik etmekden daş durmaly. *** Ajyň aňy bolmaýşy ýaly, dokuň gepinde-de many bolmaz. *** Gipotezalykdan teoriýa, teoriýalykdan aksioma öwrülen ideýa. Älemde her pikiriň, her bir hadysaň we her bir zadyň otnositeldigine düşünilse ýagşy. *** "Gaýky bilen küýkini gabyr düzeder" diýýärler welin, aslynda düzelmejek gabyrda-da düzelmez. Düzeläňde-de, pany dünýeden bakyýa gideniňde "küýki-gaýky" ady giden bolsaň, o dünýe-bu dünýe tagmaňy aýyrjak kişi ýok. *** "Hal-ýagdaý neneň?" soraga gözügidijilik ýa haýpygelijilik nazary bilen garamazlar ýaly ortatap jogaby nädip düzmeli? **** Motosikletçä: kelläňe kaskaňy geýseň-geýmeseň trawmatologa bildirýän zady ýok, sebäbi iki şertde-de onuň etmeli işi ýeňilleşýär. *** Wepaly bolmak diňe itiň maňlaýyna ýazylmandyr. *** Ol hemmelerden has öňe saýlandy welin, ýeňsesine depen bolaýmasynalar. *** Ç. Darwine: elbetde men adamdygyma şükür edýärin, ýöne maýmynyň gelejegi has emendiriji. *** Ç. Darwine: eger-de adam maýmyndan emele gelen bolsa, onda onuň ruhy kimden dörän? *** Sen oňa “samsyk” diýip, öz akyllygyňy subut etjek bolýarmyň?! *** Eger sen samsyk bolsaň, muny her gün subut etmegiň hajaty ýok. *** Meniň öýüme geleniňizde, gapymy ýüregiňiz bilen kakyň. *** Hakyky bolan wakany gürrüň bersem şübheli garaýarlar, çynaberimsiz bir zat aýtsam welin, haýran galýarlar. *** "Taryh kafedrasy" ýazgyly belgini aýyryp, ýerine "Rowaýatlar we ertekiler kafedrasy" ýazgyly belgini asypdyrlar. *** "Akmak" diýip ýüzlenenlerinde göwnüňe alan bolsaň, hakykat bolaýmasyn?! *** Öňüme goýulan her bir böwet meniň üçin ýokary galmaga basgançakdyr. *** Ulylaryň diýenini etmedik kiçiler üçin ulularyň uwlaýan wagty hem seýrek däl. *** Garantga ynamyň ýok bolsa, onda uzakly gün mellegiňden çykma. *** Egilseň—ezilersiň, bükülseň—döwülersiň. *** Ynsanyň iň gymmatbaha (bahasyz) zatlary—onuň saglygy we şahsy wagtydyr. Her kes diňe öz saglygyny berkidip, şahsy wagtynyy önjemli ulanmak bilen çäklenmän, kişiniň saglygy barada alada edinip, kesekiniň şahsy wagtyny bisarpa ulanmazlygy endik edinmelidir. *** Şa tagtyny teklip etseler, oňa münmäge howlukmaly däl, ol kürsi şagallaryň ýa-da eşekleriň patyşalygyna degişli bolmagy mümkin. *** Adamlaryň käbiri eşidip, diňlemeýärler; seredip, görmeýärler; okap, düşünmeýärler; diňläp hem, görüp hem, düşünip hem duýmaýarlar. *** Ynsanyň duşmanlary garyplygam, mätäçligem, güýç-kuwwatsyzlygam däl, onuň ganym duşmany—nadanlyk. Ilkinji üçüsinden halas bolmak umydy bar, nadanlyk—ömürlik hunaba. *** Çaşygöz baý ogly kän samrar, Çaşygöz baý gyzy är dannar. **** Ýaňra adam Oňa giç dil biten bolmagy mümkin, çagaka az geplän döwrüniň öwezini doljak bolýandyr. *** Kerrew. Söhbetiň iň hezil ýeri gelýär welin, turýa-da gidiberýär. *** Semiz erkek adam Hemme agzalarynyň ýerbe-ýerligine göz ýetirmek üçin ýüz görülýän aýna ulanmaly bolýar. *** Tarhandökerlik (jomartlyk) bilen baýlyk bir adama berilmändir. *** Adyl şa ýok ýerinde eşek şazada bolar. *** Ogrylaryň piri—Düňk-Düňk baba. Şol ak pata bermese, ogullaryň ýa inžener, ýa alym, ýa-da filosof bolup ýetişýär. *** Hawa-la, inerem, maýa-da—ikisem düýedir-dä. **** Dowar sürüsiniň hataryna sygmaýan bolsaň onda sen goýun däl. *** Her bir geometrik şekil özboluşly owadan. *** ©Kakajan Balkanow 2023 ý. | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |