Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:31
Garagol oglanjyk /pýesa

GARAGOL OGLANJYK

Çagalar üçin sahnajyk. Rus şahyry Korneý Çukowskiniň eserleri esasynda


Oýna gatnaşýanlar:
1. Aýbolit.
2. Garagol oglanjyk (10-12 ýaşalarynda).
3. Moýdodyr we onuň “esgerleri”.
4. Öý we çöl haýwanlary.
5. Oýny alyp baryjy .

A ý b o l i t i ň iş otagy. Otagyň ortasynda—iş stoly, onuň üstünde lukmanyň näsaglary barlaýan enjamlary, suwly grafin, iki sany çüýşe bulgur we telefon goýlan. Otaga giriliýän gapa ýakyn M o ý d o d y r dur, onuň ýokarsynda ýüz görülýän aýna asylgy. Otagyň bir burçunda adam boýyna deň, dört eplenýän, germew goýlan, onuň aňyrsynda näsaglary barlamak üçin niýetlenen arkasyz diwan (kuşetka) goýlupdyr. Otagyň diwaryna ýakyn, üstine lukmançylyk wagyz-nesihat kitapçalary goýulan wagyz-nesihat stoljagazy jebis ýereşdirilip, onuň her tarapynda kürsiler goýulan. Bir kürsä ýakyn içi dermanly aýna şkaf dur. Iş stoly, eplenýän germew, arkasyz diwan, wagyz-nesihat stoljagaz we kürsiler ak mata bilen örtülen. Ak ýektaýly, ak başgaply A ý b o l i t stoluň başynda hat ýazyp otyr. Telefon jyrlaýar. (Her gezek telefon jyrlanda, sahnaň germewiniň gyrasyna jaň edýän haýwan eli telefonly çykýar.)

A ý b o l i t (trubkany göterip). Allo. Til kakýan kim?
P i l (sahnaň germewiniň gyrasyna eli telefonly çykyp). Pil.
A ý b o l i t . Kimiňkiden?
P i l . Ineriňkiden.
A ý b o l i t . Size gerekmi bir zat?
P i l . Hawa, şokolad.
A ý b o l i t . Özüňemi ýa çagaňa?
P i l . Maňa däl-le, balama.
A ý b o l i t . Näçe kilo, näçe halta?
P i l . Bäş-on put, ýa-da alty. (Telefonyny öçürip, germewiň arkasyna geçýär. Eli telefonly K r o k o d i l peýda bolýar.)
Oýny alyp baryjy . ( K r o k o d i l i ň moýmuldap ýöreýşine öýkünýär, gözleriniň ýaşyny süpüren bolýar).
Soňra krokodil jaň edip,
Gözlerinden ýaşlar döküp.
(Aýbolitiň telefony jyrlaýar. A ý b o l i t trubkany galdyrýar.)
K r o k o d i l (telefony gulagyna goýup, aglamjyraýar). Köp garaşdym galoşyňa.
Iberäýiň-dä basymjak!
Özüme we aýalyma
Hem bir jübüt Totoşyma.
A ý b o l i t . Hany, dur-la, geçen hepde
Täp-täzeje galoşlardan
Ugradypdym bir petde.
Galmadymy, hiý şolardan!?
K r o k o d i l . Wah, olaryň birin goýman
Iýip dyndyk, gardaşjan.
Agşam ýa-da şu gün öýlän,
Galoşlarňa garaşýan!
Oýny alyp baryjy . Jaň etdiler, ellik küýsäp,
Towşanjyklar eli üşäp.
(Penjelerini ýygyryp,döşüniň öňünde jüp tutýar-da, towşanjyklara öýkünip bökjekleýär.)
Jaň etdiler alty gezek—
Maýmynlara kitap gerek.
(Abşanaklap, eli telefonly A ý y gelýär.)
Soň til kakdy goňur aýy
Ýaňlandyryp gür tokaýy:
“Orrr, ar-arrr” diýip, arlaýar (A ý a öýkünýär.),
Düşnüksiz dilde gürleýär. ( A ý y trubkany agzyna tutup, arlaýar.)
A ý b o l i t . Aýy dost, birneme köşeş!
Hem-de, arlamaňy bes et!
Düşnükli aýt. Näme gerek?
Wagtymy alýaň biderek”.
A ý y . (haşlap). Mu, mu, mu. Go, go, mu.
A ý b o l i t . Näme diýýäň, düşünemok,
Hany, goý telefonyňy!
A ý y . Halas edieweriň suwpişigi!
Ýuwdupdyr ol deňiz kirpisini.
(Iki sany A k h o k g a r gelýär. Çüňkleri bilen telefonyň sanlaryny aýlaýarlar.)
Oýny alyp baryjy . Soň hokgarlar til kakýar yzyny üzmän:
B i r i r n j i hokgar . Ugradaýyň, çaltrak, içagyry derman!
I k i n j i hokgar . Gurbaga ýuwdup aşa düşdük barymyz,
B i r i r n j i hokgar . Indi bolsa sanjylaýar garnymyz.
( A ý b o l i t olary diňläp oturşyna, başyny ýaýkaýar. Jogap berjek bolanda, trubkadan: “Guk, guk, guk” diýlen ses gelýär.)
A ý b o l i t (argyn halda). Uzakly gün: jyň-jyň,
Diň-diň,
Zyň-zyryň, jyň-jyryň,
Ýa düwlen jaň edýär, ýa jeren.
Oýny alyp baryjy (keýikleriň bökjekleşlerine, şahlaryny keýkerdişlerine öýkünýär).
Şahlaryny keykeridip,
Ylgap gelýär iki keýik.
(Gapy kakylýar. Bosagada iki sany şahly K e ý i k peýda bolýar.)
B i r i n j i keýik . Salamälik!
I k i n j i keýik . Salamälik!
B i r i n j i keýik . Hiňňillikler ýanypmyşyn,
I k i n j i keýik . Gara köýük bolupmyşyn.
B i r i n j i keýik . Şol “myş-myşyň” ýalan ýa çyn
I k i n j i keýik . Bilmek üçin haýdap geldik.
A ý b o l i t . Ah, keýikler, bolşuňyz nä?!
Sallançagam, hiňňildigem,
Hemmejigem dur abatja.
Görmän, diýäýýäňiz sizem.

Geljek hepde baryp, görüň,
Sallançaga münüň,
Hiňňildigi sürüň.
(Keýikler boýunlaryny buruşyp, gapa ýönelýärler we çykyp baryşlaryna hümürdeşýärler.)
B i r i n j i keýik . Hiňňillikler ýanypmyşyn.
I k i n j i keýik . Gara köýük bolupmyşyn.
A ý b o l i t . Adyňyzdan aýlanaýyn,
badyňyzdan aýlanaýyn!
Aklyňyza aýlanaýyň! (Keýikler gidýärler.)
Üç gijedir ýatamok,
Süýji uka batamok.
Birje gün bir dynç alsadym,
Terje hyýar bolsadym.
(Ak germewiň arkasyndaky kuşetka baryp gyşarýar.)
Oýny alyp baryjy . Ýaňy irkild-em welin,
Kerk jaň edýär, aljyrap.
(Telefon jyňňyrdaýar. A ý b o l i t hasanaklap ýeriden turup, ylgap baryp telefony galdyrýar.)
K e r k . Haý, ýetişeweriň!
A ý b o l i t . Näm boldy? Aýdyň çaltrak!
K e r k . Begemot batypdyr batga,
Kömek ediň garabagta!
A ý b o l i t . Batga batypdyr begemot!?
K e r k . Hawa. Ol çykyp bilenok,
Kömek edäýiň-dä, çaltark!
Ýogsa ýagdaý örän çatak—
ne eýläk süýşýär, ne beýläk.
Çykarmaly ony süýräp,
Batgada galmanka çüýräp.
A ý b o l i t . Hany, ýörüň, baralyň,
Begemoty çykaralyň!

Ýöne, welin düşmez ýeňil
Çykaraýmak begemoty,
Tapaýmasak birje emel,
Berer bize müň hupbaty.
(Haýdap, çykyp gidýär. Sahnaň yşygy haýallap, öçýär.)

Hüžžük saçly, elleri, ýüzi, üsti-başy garagäz, aýakýalaň G a r a g o l oglanjyk daşarda oýnap ýören ýerinden ejesi bilen uzakdan gepleşýär.

A ý a l y ň sesi . Ýuwunypjyk gel oglum,
Taýyn: gaýmak-bal oglum.
Kejirligňi taşla-da,
Akyllyja bol oglum!
G a r a g o l oglanjyk . Ýene birsellem oýnap,
Hem mazalyja ýaýnap,
Onsoň barjak ejejan,
Daralmasyn kejebäň.

A ý a l y ň sesi . Eliň-ýüzüň ýuwmadyň,
Aýakgabyň geýmediň.
Aýdyp dilim syryldy,
Arlap sesim gyryldy.

Agşam ataň bir gelsin,
Kirlidigňi bir görsün.

A ý b o l i t i ň iş otagy. G a r a g o l oglanjyk gapydan girýär. M o ý d o d y r elini uzadyp, ony saklajak bolup synanyşýar, emma eli ýetmän galýar. G a r a g o l oglanjyk otagyň içine aýlanyp ýörşüne, hemme zady synlap çykýar.

G a r a g o l oglanjyk (oturgyja geçip otyýar, otaga göz aýlaýar).
Bäh, bu lukmanyň otagy ýaly-la!
Hemme zatlar ap-ak gar mysaly-la!
Aýbolitiň özi ýok. Niredekä?
Ýadap agyr uka gidäýdimikä?

Men bu gün lukmana derek
Kabul etjek näsaglary.
( A ý b o l i t i ň ak ýektaýyny geýýär. Oturgyja geçip oturýar, ökjelerini stoluň gyrasyna goýýar.)
Ýaralarna sargy sarap,
Ýazyp berjek melhemleri. (stakan bilen grafine elini uzadýar.)
M o ý d o d y r (güňleç sesi bilen otagy ýaňlandyryp).
Sen eliňi ýuwdyňmy?
Sen ýüzüňi ýuwdyňmy?
G a r a g o l oglanjyk (eýlesine-beýlesine garanjaklap).
Bu kim-aýt, bärde biri barmy?
Ýa gulagma eşidilýärmi?
(Jübisinden alma çykaryp, penjeginiň ýeňine süpürip, iýjek bolup agzyna eltende.)
M o ý d o d y r (güňleç sesi bilen otagy ýaňlandyryp).
Ýuwdyňmy sen almaň daşyn?
Ýuwdyňmy sen irden dişiň?
G a r a g o l oglanjyk (almasyny dişläp ýetişmän doňup galýar, birden, oturan ýerinden ses çykan ýere tarap hyrra yzyna öwrülýär, gygyrýar.)
Eý, sen kim gorkunç gürleýän?
(Telefon jyrlaýar, trubkany galdyrýar, sesini ýognaldyp, parahat gepleýär.)
Aýbolit lukman diňleýär!
D o ň u z . Lukman aga Size doňuz jaň edýär!
Bilbil bilen aýdym aýdasym gelýär!
G a r a g o l oglanjyk . Wah arman, doňuz dost, seň sesiň zorra...
Bilbiliň ýerine baraýsyn garga?!
( M o ý d o d y r birahat bolup, duran ýerinde tapyrdaýar. G a r a g o l oglanjyk eýlesine-beýlesine garanjaklaýar. Ýene telefona jaň gelýär.)
Allo. Sorag-jogap otagy.

K e n g u r u . Bagyşlaň, bu men—kenguru.
Moýdodyryň öýümi bu?
G a r a g o l oglanjyk. Ýok, Siz ýalňyş til kakdyňyz!!!
Halys, ýürege düşdiňiz!

Ýüz ýigrimi bäş belgili
Telefona jaň ediň indi!
(Trubkany şakyrdadyp goýýar, M o ý d o d y r gaharly, ýumruklaryny düwüp, duran ýerinde tapyrdaýar. Garagol ses çykan ýere kellesini aýlaýar-da, äsgermezlik bilen elini salgap goýberýär.)
M o ý d o d y r . Ah, sen ysnat, ah, sen kirli!
Ýanyňa baraýyn, dur indi!
( G a r a g o l oglanjyga tarap ýönelýär. Ol gaçýar, gapa tarap ylgaýar, M o ý d o d y r onuň öňüni baglaýar.)
Men—elýuwar, men Moýdodyr
Esgerlem bar setir-setir.
Biri şampun, sabyn berse,
Biri elsüpsrgiç getir.

Birje gezek ýere depsem,
Häzir bolýarlar hemmesi.
Eger, kirli çaga tapsam,
Hammamda berýän temmisin.

Syçanjygam, pişijegem
Ýuwundylar säher bilen.
Hem tämizje eşijegin
Geýindiler säher bilen.

Gazjagazlar, ördejikler,
Tomazaklar we düşdüşler,
Garlawaçdyr-serçejikler
Ýuwunşyp, suwa düşdiler.

A, sen bolsa, kirli şepe,
Eliň çorly, saçyň—keçe.
Seniň ýaly garagoldan
Bizardyr-la howly, koçe.
(Elindäki mis çanagyň böwrüne taýak bilen urup, “Kara-baras!” diýip, gygyrýar we aýakalry bilen ýeri depýär. Otagyň içindäki jansyz zatlar “janlanyp” herekete girýärler: stol, oturgyç, kuşetka, kürsiler otagyň içinde ýöräp ýörler; germew, telefon, grafin ýokaryk galyp “uçýarlar”. Garagol oglanjyk gorkujyna aşak bukulýar, elleri bilen gulaklaryny ýapýar. Otagyň yşygy öçüp-ýanýar. M o ý d o d y r y ň “esgerleri” oglanjygy tutyp, M o ý d o d y r y ň ýanyna getirýärler. Otagyň çyrasy öçýýär, hiç zat görnenok, diňe kämahal G a r a g o l oglanjygyň sesi gelýär.)

Şäheriň köçesi. A ý b o l i t argyn halda öýüne ýetip gelýär.

A ý b o l i t . On gün gezdim aç hem suwsyz,
Alys ülke Zanzibarda.
Gijelem geçdi ukusyz,
Limpopo diýen sährada.

Alys ülke Zanzibarda,
Limpopo diýen sährada,
Batga batan begemoty,—
Çykaryşdym garabagty.

Begemotyň çagalarnyň,—
Içi sançýan balalarnyň,
Içlerini barlap görüp,
Içagyry derman berdim.
Şokaladdyr-köke berip,
Garynlarny sypap berdim.

Düýeguşuň jüýjelerniň
Içi geçýär gijelerne.
Akulanyň çagalarny
Ýatyranok dişagyry.
Onki gije-gündiz aglap,
Iki ýana ýüzýär ylgap.

Ýygyp derman otlaryndan,
Çaý demledim köklerinden.
Bejerdim men dişlerini,
Hem guşlaryň içlerini.
Dertlerinden saplandylar,
Çagajyklar şatlandylar.

Okadylar alkyş baryn
Ýola düşdim gijäň ýaryn.
Depesinden belent daglaň
Uçup geçdim bürgüt bilen.
Gaý-tupanly ummanladan
Ýüzüp geldim bir kit bilen.

Möjek bilen çöli sökdüm,
Şeýdip ahyr öýe ýetdim. (Otagyna girýär.)
G a r a g o l oglanjyk (garaňkydan gygyrýan sesi gelýär).
Waý, kömek ediň maňa!
Aýryl, aýdaryn kakama!

Eje! ogluňy urýalar
we boýdan-başa ýuwýalar.

Wäk, sürtgüjiň çümýär ýüzüme,
Sabynly suw ötýär gözüme.

Degme garnyma, gülkim tuýar
Ha-ha-ha, ha-ha-ha!
Aýaklarmyň damary çekýär.
Wäk, wäk, wäk!

A ý b o l i t (otagyna girýär, bolup geçýän hadysalara haýran galýar).
Moýdodyr, bu senmi ýa?!
Aňyrda kim gygyrýar?

Ýene-de bir garagolyň,
Garawullap geçýän ýolun.

Salansyň gyzgyn hammama,
Ýuwup, arassalamaga.
M o ý d o d y r (sahnaň germewiniň aňyrsyndan çykyp).
Garagollygam hiç-le muň,
Duranja bir garagurum.
Şepbik saçy burum-burum,
Dabanlary sürüm-sürüm.

Üç şampun, sabyn bäş kilo,
Bäş sürtgüç harç etdim şuňa.

Ýüz litr suw sarp edildi,
Hem täze eşik tikildi.
(Otagyň içi ýagtylanýar. Otagyň içindäki zatlar ýerlerinde ýerbe-goýulan. G a r a g o l oglanjyk iňňeden çykma täzeje jalbar-penjekli, ak köýnekli, galstukly,ýalpyldap duran, täzeje gara köwüşli gelýär.)
M o ý d o d y r (ellerini bykynyna urup durşuna G a r a g o l oglanjygy synlap durşuna, ýylgyrýar).Tüwelem, tüweleme!
Üsti-başyň arassaja,
Diňe köwüşiň garaja.
Indi seni hemme halar
Arassaja balajam!
G a r a g o l oglanjyk (üsti-başyny synlap, ýylgyrýar).
Ýuwunmaly irden-agşam,
Halamazlar seni ýogsam.
Oglanjyklar, gyzjagazlar!
Neneň ajap päkje bolsaň!

Ýaşasyn şampun hem sabyn!
Ýaşasyn diş çotga, sürtgüç!
Elmydam hyzmata gaýym,—
Ýaşa akja elsüpürgiç!

Ýüzüň, çümüň güzer-ýapda,
Deňizde, derýada, çatda.
Şypalydyr deňiz suwy,
Hem melhemdir onuň duzy.

Hergiz hormat goýuň suwa,
Ol soltandyr her bir öýe.
Bir damjasyn isrip etmäň!
Altyn suwy döküp-saçmaň!

A ý b o l i t . El ýuwmaly naharadn öň,
Ýene-de bir—nahardan soň.
Arassaja gezseň mydam,
Sagdyn borsuň, işiň hem oň.

Säher bilen hem giç agşam,
Dişleriňe çotga çalsaň,
Aglamarsyň akula deý—
Kösenmersiň dişagyrdan.

Çig suw içseň zeper ýeter,
Iküç günden içiň geçer.
Üzärligiň tohumynyň
Içagyra nepi ýeter.

Bedenterbiýe hem sport
Saglygyňy berkidýändir.
Şolar bilen bolaýsaň dost
Rowaçlyga äkidýändir.
G a r a g o l oglanjyk (eşiklerini synlap durşuna).
Bu lybasda öýe barsam,
Ejem meni tanarmyka?
Edep bilen salam bersem,
Haýran galyp durarmyka?
Salamymy alarmyka?
(Jübisinden alma çykaryp penjeginiň ýeňine sürtjek bolýar-da, örän tiz elini yzyna çekýär, birnäçe sekunt oýlanyp, almasyny tomaşaçylara oklap boýberýär-de, gidýär. Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan haýallap öçýär.)

Oýna gatnaşan artistleriň hemmesi awanssena çykýarlar

Oýny alyp baryjy her gezek şygar aýdan badyna onuň yz ýanyndan oýna gatnaşan artistleriň hemmesi bilelikde: “Sagdyn bedende—sagdyn ruh!” “Arassaçylyk—saglygyň girewidir!” “Il saglygy—ýurt baýlygy”, “Ýaşasyn sagdyn durmuş!”—diýip, gygyrýarlar.

Oýunyň soňy
2020 ýyl

Pýesaň ssenariýasyny ýazan: © Kakajan BALKANOW
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Korneý Çukowskiý, Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202