19:25 Uruş weterany | |
URUŞ WETERANY Süňňünden sogrulan polat gülleden guýulan ordendir-medallaryny döşüne dakynyp goja weteran, garşylaýar Beýik Ýeňşiň baýramny. Onuň hasasynyň “tyrk-tyrkyldysy”, ýatladýar metronomyň sekuntlaryny. Yzaly ýüregniň her gürsüldisi ýatladýar söweşdeş esgerlerini. Berline barýan ýol-ýodalarda ädiginiň yzy guramaz baky. “Kyrk bäşde” ýazylan Ýeňişnamanyň nokadynda bar onuň hem ady. Onuň hasasynyň “tyrk-tyrkyldysy”, ýatladýar metronomyň sekuntlaryny... BENTLER Ýaňja garynjygyn doýran bäbejik, “E-e” diýip, şadyýanja ýylgyrdy. Göwsüni gowzadan bagtyýar ene Balasyna derek töwir galdyrdy. **** Mübärek Gadyr gijesi Dileglermiz hasy bolsun! Gijeleriň iň süýjüsi Hemmelere wasyl bolsun! **** Atasy ogluna çaldy şarpygy, Oglunyň elinden gaçdy “Harplygy”, Bu tilsim bilen nesil nesline Geçirdi hak bilen galplygy. © Kakajan BALKANOW maý 2023 ý | |
|
Ähli teswirler: 0 | |