19:50 "Çeşme deý durlanyp, der döküp, aryp, her kimse ýol geçdi özüne çenli" | |
"ÇEŞME DEÝ DURLANYP, DER DÖKÜP, ARYP, HER KIMSE ÝOL GEÇDI ÖZÜNE ÇENLI" Daş-töweregimizde gaýnap duran durmuşdan herimiz özümize ýakyn tolkunlara teşne. «Özüme görä», «Özüme laýyk», «Özüme mynasyp», garaz, adam daş-töwerekdäki bolup geçýän ýagdaýlara özüne baglylyk derejesi bilen ölçäp ähmiýet berýär. Bir gün bir adam Baýezid Bestamynyň gapysyny kakýar. Baýezid: — Kimi gözleýäň? Ol: — Baýezidi. Baýezid: — Gözläbem oturma, menem otuz ýyldyr şony tapman ýörün. Bu tymsaly edebiýatşynas Baýram Akadowyň şahyr Aşyrmät Garlyýew hakynda ýazan synynda okapdym. Hawa, halypanyň ýaňzydyşy ýaly, adam özüni tapmagyň arzuwynda, ol gözlegde. «Adam özüni özgelerden gözleýär» diýip, bir wagtlar haýsydyr bir kitapdan okapdym. Aý, hawa-da, ynsanyň ömri şol nämedir bir zady idemek, soraglamak, gözlemek bilen başagaý bolup ötüp gidýär. Daş-töweregimizde gaýnap duran durmuşdan herimiz özümize ýakyn tolkunlara teşne. «Özüme görä», «Özüme laýyk», «Özüme mynasyp», garaz, adam daş-töwerekdäki bolup geçýän ýagdaýlara özüne baglylyk derejesi bilen ölçäp ähmiýet berýär, belki-de, öz bahasynam şoňa görä berýär. Bu, elbetde, her kimiň öz işi we şeýle bolmagynda hem galýar. Emma biziň öz garaýşymyz sebäpli gelen kararlarymyzyň özgelere täsir edýänligini unutmaly däldiris. Onsoň, şu ýerde ýene-de özümiz we özgeler diýen pelsepewi bölünişige direýäris. Özgeleri tanajak bolup çalşarys, ýalňyşarys, tamamyz çykmaz, ýene gynanarys. Bu hemmämizde diýen ýaly duş gelýän ýagdaý. Özümiziň isleglerimizi duýup we aňşyryp bileris, emma isleg we meýillerimizi kämilleşdirmekde nireden nädip başlajagymyzy bilmän aljyrarys, şeýdibem, biz özümizi näderejede tanaýanlygymyzy ýüze çykarýarys. Türkmençilikde bolsa «özüni tanan weli» diýip bir söz bar, şu ýerde özüňi tanamak hakynda, öz asyl häsiýetiňi öwrenmek hakynda biraz durup geçmekçi. Bir zada üns berip gördüňizmi? Kämahal şu işi, aslynda, başgarak görnüşde amala aşyrsaň gowy boljagyny bilip dursagam bärden gaýdýan ýerlerimiz bolýar ýa-da edilse has gowy boljak işleri (meselem, ýakynlarymyzyň doglan gününi gutlamagy we ş.m) öz geleňsizligimiz sebäpli soňa goýýan wagtymyz bolýar. Soň bolsa şu ýagdaýlar sebäpli özümizi aklamak üçin degerli-degersiz delilleri gözläp, başagaý bolup ýörendiris. Ýazyp-çyzyp ýören adam bolanymdanmy ýa aşa şahsy gyzyklanmamyň netijesindenmi, garaz, şol özüňi tanamak hakda maglumatlary okap ýörşüme «enneagram» boýunça bilermen Dagdan Sözenow bilen tanyşmak nesip etdi. Bu ylmyň meni özüne çeken esasy tarapy adamlaryň asyl özboluşly ýasawy boýunça 9 sany topara bölýänligi. Şeýdibem, her toparyň aýratynlygy hakynda gürrüň berilýär. Geň ýeri, 9 toparyň hemmesinde hem gowy tarap bar we biziň nusgalyk diýip biljek derejämize ýetmäge ukyply. Ýöne isleg we meýilleri başgarak bolanlygy we biziň olar hakynda ýeterlik maglumatymyz ýoklugy sebäpli biraz düşünişmezlik ýüze çykyp bilýär. Diýmek, bu ylma görä, biz adamlaryň şol 9 toparyň haýsyna degişlidigini saýgaryp bilsek, olaryň başarnygyna görä iş salşarys we islegine görä söhbet etmegi başararys. Bu ýagdaýam köp düşünişmezligi aradan aýrar. Netijede, ýagdaýlaryň isleg we meýillere görä sazlaşmasy adamyň bagtly bolmagyna alyp geler. Bir söz bilen aýdanymyzda, biz almadan armydyň tagamyny isläp, armytdanam şetdalynyň tagamyna tamakin bolup kösenýän bolsak, bu ylym arkaly almadan almanyň, armytdan armydyň tagamynyň gelmegine taýýar bolarys. Şeýle-de, bu ýagdaýda sagdyn alma we sagdyn armyt (çüýremedik) gazanmak ähtimallygymyz ýokarydyr. Ýöne bu babatda hem ilki özümiziň haýsy topara degişlidigimizi anyklamagymyz gerek. Has dogrusy, özümiziň hakykat diýip bilýänlerimiziň «enneagram»-a görä, haýsy topara gabat gelýändigini anyklamaly, ýagny özümizi tanamaly. Şondan soň şol hakykata özüňi laýyklamaga, başgaça aýdanyňda, özüňi hakykatlaşdyrmaga çalyşmaly. Ylmy giňişleýin öwrenip başladygyňça öz üstüňde işlemek aňsatlaşyp ugraýar, öz-özüň bilen aradaky perdeler ýuwaş-ýuwaş syrylyp, özüňi içgin tanap başlaýarsyň. Bu bolsa adama rahatlyk bagyş edýär. Başda belleýşimiz ýaly, özüňi tapmak adamzat durmuşynyň esasy maksady bolmagynda galýar. Şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň setirleri bilen aýdanymyzda bolsa: Çeşme deý durlanyp, der döküp, aryp. Her kimse ýol geçdi özüne çenli. Geliň, ylmy nukdaýnazardan çemeleşip, özümize çenli ýoly has-da gysgaltmaga çalşalyň! © Merdan BAÝAT žurnalist. Türkmenistan sport N 50(81) 13.12.2021 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |