Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:49
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
Exclusive


MENIŇ ÖLMEZLIGIM ŞUNDAN YBARAT!

Hemmämize belli bolan bir hakykat bar, gowy eserler köplenç ýagdaýda dörän wagty bir agyzdan ykrar edilmeýär. Hatda köpçülik tarapyndan gowy kabul edilmeýän wagtlaryna-da gabat gelinýär. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň ykrar edilmegi aňsatlaşýar. Nämedendir öýdýärsiňiz?! Sada dilde düşündirmäge çalyşaýyn, bu ýagdaý az sanly hem bolsa, ykrar edýän adamlaryň ykrar etme derejesiniň ýokarylygyndan gelip çykýar. Sebäbi olaryň gelýän netijesi arkaly eser hakyky seljerme edilip, yzyndakylara geçirilýar. Has dogrusy, eseriň ýa-da bir düşünjäniň, haýsydyr bir ýoluň hakykatlygy we uzak ýaşamagy onyň alýan sesine däl-de, oňa berilýän bahanyň näderejede dogrulygyna bagly. Köpçüligiň gözüne ilmedik zatlaram uzak, belki müdümi ýaşap biler...
Martyň 21-i ‒ Nowruz baýramy. Hawa, ol belli, Bütündünýä poeziýa güni. Ony hem köpçülik bilmese-de, eli galam tutýanlar gowy bilýär. Emma şu ýylyň 21-nji marty bulardan başga-da has möhüm ahmiýetli wakasy bilen ýatda galar. Meşhur Azadi stadiony we ondaky geçiriljek Türkmenistan-Eýran duşuşygy bilen. Milli ýygyndymyzyň bu duşuşygynyň beýlekilerden tapawutlanmagynyň esasy sebäbi, birinjiden-ä, Eýran häzirki wagtda ýer ýüzüniň güýçli 20-ligine girýän ýygyndy. Ol bu babatda Özbegistan we Gonkongdan hem has tapawutlanýar. Galyberse-de, edil şu wagt milli ýygyndymyza üç utugyň suw we howa ýaly zerurlygyndanam beter, ýeňiş duýgusyny dadyp görmek gerek. Gaty uzak wagt garaşdyran şanly ýeňiş, belki şol güne goýlandyr.
Özbegistan bilen oýundaky ahmyrly ýeňliş, Gonkong bilen geçirilen duşuşykdaky elden gidirilen ýeňiş we FIFA-nyň sanawyndaky ýerleşýän ýerimiziň tapawudy, iň esasam, futbolçylaryň ýyldyzlyk derejesi we ş.m ölçegleriň ählisi bilen ölçäp seljerme etseň, elbetde ýeňiş gazanmaga ynanmak kyn bolup görüner. Ýöne biz bu gün ol ölçegleriň hijisinden peýdalanmakçy däl. Bu gün islendik ölçegleri we galyplary gapdala goýup, şu oýnuň hut özi hakda oýlanylýan gün. Bu gün elini ýüregine goýup, ýaşyl Baýdaga bakyp, Döwlet Senasyny aýdyp oýna başlajak 11 sany ýigide tutuş halk bolup seredilýän gün. Hawa, tutuş halk. Bu, häki bir dilujy aýdylan söz däl. Bu gün hyň berýän bazaryň uly girelgesindäki bir guty towuk budy başyndan aýlap ýere urýan ýigit bilen, bazaryň o çetindäki ýylgyrjaklap, gül satyn alyp duran ýetginjegi bir duýgydan goparýan güýç aýaga galmaly. Stadionda bolup, milli ýygyndyň oýnuny görenler gowy bilýändir. 20-30 müňläp adamyň bir aýakdan gopup, el-ele berip «Türk-me-nistaaaan!» diýip gygyrmasyny, ýanyndakynyň kim ýa-da näçe ýaşynda we näme kär edýändigine garamazdan el-ele berip, deň begenişmesi başga hiç ýerde däl, diňe futbolda bolup bilýän ýagdaý. Göýäki stadionyň çünkindäki ýaşyl Tuguň pasyrdysy aýlanyp, stadion üzre oturanlaryň ýüzüni ýelpeýän ýaly tolkunlar emele gelip durandyr. Pikirlenip gör, Watanyňy söýýänligiňi aýdy,p uly iliň bilen gygyryp görüpmidiň? «Ýok. Aý birhili, beýdip ýörmek ýasama dälm-aý, birhilek bolmazm-aý?» diýersiň. Ýüregiň joşup, hyň alyp duranam bolsa biziň mentalitetimizde bu köpçülikde dile getirilip ýören zat däl. Stadion bolsa, gözüňi ýaşlap, joşup duran duýgylaryňy isledigiňçe orta goýulýan ýer, «Men Seni söýýän!» diýip, sesiň we ýüregiň ýetdiginden gygyrylýan ýer....
Hawa, Magtymgulyny dünýä beren halkyň wekilleri Magtymgulynyň mukaddes guburyny goýnunda saklaýan ýurduň wekillerine garşy Magtymgula bagyşlanan ýylda gabatlaşýalar. Biz öz futbolçylarmyzdan üstünlige garaşýarys, göýäki ertekiň gahrymany garyp ýigidiň iň soňynda şa gyzyny aparyşy ýaly, hakykata çalym etse-de garaşýarys. Garaşmak we söýüp tama etmek duýgysy, edil emme küýsäp aglan bäbegiňki ýaly arasa we dury hakykatlygyna galýar...
Her gezek şular ýaly oýunlaryň öň ýanynda halypa diktor Aman Çaryň sesi gulagymda ýaňlanýar: «Berdi jan, bir gaýrat et, inim, alyp çyk inim...» (Berdi Şamyradow hakynda göni efirde). Hamana hüjümçi öz sesini eşidäýjek ýalymy?!
Ýokarda hakyky duýgylaň uzak ýaşaýandygy hakynda aýdypdyk, belki ebediligem şondan gözbaş alýandyr. Aman Çary halypany ýüreklerde ýaşadyp ýören zat hem, ahmal, şu zatlardyr?!
...Mundan soňam şeýle bolar. Diňe bu gün däl, ýene ýyllar geçip, 100, belki 200 ýyldan soňam Türkmenistan milli ýygyndysy uly ýeňiş gazansa, ynanyň ki, stadionda men bolaryn. Şol gözi ýaşly gojanyň elini gysan mendirin. Mendirin, şol bir ýigit begenjini saklap bilmän aglasa. Men, şol janly tolkunlaryň baryp urulýan nokady bolup gelerin. Baýdaklaryň pasyrdysyndan çykaryn-ki, gelerin. Gelerin...

Bellik:
Eýran — Türkmenistan oýny penşenbe güni 21-nji martda geçiriler. Duşuşyk Tähran şäheriniň «Azadi» stadionynda oýnalyp, ol Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

© Merdan BAÝAT
Bölümler: Sport | Görülen: 276 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Merdan Baýat | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Mekan2 • 15:06, 20.03.2024
üstünlik!
avatar
0
2 Mekan2 • 15:37, 20.03.2024
Merdanyň häläm akyl dişi çykmandyr öýdýän :-)
avatar
0
3 Medicall • 16:45, 20.03.2024
Nämüçip beý diýdiñiz?

Futboly gowywörýan, dünýa çempionatyna stadionda seretmek mümkinçiligini tapsam gitmek meýilnamamda bar)

Özünemmara şonda Türkmenistan oýnaýsa hä, menem elim Baýdakly TUURK-MEEN-ISSTAAAAN diýip gygyrsam (arzuwym hasyl bolagandyr inŞaAlla)
avatar
0
4 Mekan2 • 16:51, 20.03.2024
bu prikola düşünmek üçin Orazmyrat agaň "towuk hem top"uny okamaly.
avatar
0
5 Medicall • 17:31, 20.03.2024
@myhman, goýan linkiñiz dogry düşmändir, ol ýerde: "janserek" dur)
avatar
2
6 sussupessimist • 20:19, 20.03.2024
Myhman aga aldawa salyp, adamlara "Janseregi" okadaýjak bolýar))

Azadi stadionynda Azadynyň hem onuň oglunyň ruhy goldaw bersin! Serdar Azmun "tötänden" awtogol salyp, asyl halkyny begendirsin))
avatar
0
7 Mekan • 20:19, 20.03.2024
Linki kopyalap past etme yada düşmändir. Öçürip goyber o teswiri. 6njy güne çenli düzedip bilmeyän serewne.
avatar
0
8 Mekan • 20:28, 20.03.2024
Bäh, gowy pikir eken. Onda da, Nurdan hanym, siz düzedip bilyän bolsañyz düzedäyiñ.
avatar
2
9 sussupessimist • 21:43, 20.03.2024
"Janseregi" okajak bolsaňyz, ýokarky "Towuk hem topa" basyň, "Towuk hem topy" okajak bolsaňyzam - şu "Janserege"
avatar
0
10 Pero • 11:24, 21.03.2024
Bee,futboly gowy göråýşiniiiii. Ýûreginiñ ýadrosyndan çykaryp ýazypdyr.
avatar
0
11 Мango • 07:09, 22.03.2024
6-a.
"Azadi stadionynda Azadynyň hem onuň oglunyň ruhy goldaw bersin!"
Ämin. ýöne stadionyň ady Döwletmämmet Azadyň adyny göterenok bolmaly. Ol Azadi-niň Azatlyk manysy bolmaly.
Tährandaky bu bina-da "Azatlyk Binasy".



Бaшня Азади (Свободы) (перс. برج آزادی‎ / Borj-e Āzādi), бывшее название Башня Шахяд (Памяти Шахов) (перс. برج شهیاد‎ / Borj-e Šahyād) — главный символ столицы Ирана — Тегерана...

Pehlewi döwri salynypdyr. Başdaky ady "Şalaryň hatyrasy", ýa-da "Şalar Binasy" ýalyrak.
Soň Pehlewi ýykylansoň adyny üýtgedýärler – "Azatlyk Binasy". (her näme-de bolsa ýykmandyrlar).
Owadan bina – hä geräm?

avatar
0
12 sussupessimist • 10:55, 22.03.2024
Mango, dost, bilyan-haw))
Şoň uçin Azadi stadion diydim menem. Olaryň uly stadionyna turkmen edebiyatçysynyň adyny dakmajagy belli-le.

Yogsa-da, 5:0 utuldyk...
avatar
0
13 LegLek • 17:32, 22.03.2024
Gynandym utulanymyza :(
Inshallah indikilerde ýeňeris!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202