Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:52
Dostuma


Darykýanyň aňyp durun gözüňden,
Sözüňde däl, sesiňde bar howsala.
Ne dertdir ol,
Gaýra üzmän üzülmez,
Iki böl-de, dost öňünde goýsana!

Kalpdan-kalba ýoda ýaly çekilgi,
Tarlara dymmaklyk şerti ýetipmi?!
Dag hyýally ýumruk ýaly ýüregiň,
Yşkdan başgasyna erki ýetipmi?!

Biz şol yşga werziş ýüregmiz bilen
Söýüp-söýlüp bu dünýäden ötmeli.
Hemem ýamanlary ýazgarmazdan öň,
Ýagşyny söýmegi endik etmeli.

Joşgunlar öňdedir, darykma hergiz,
Ýagyşlar ýandyryp,
Otlamasa gar.
Göýä, süýnüp-sarkýan bir owadan gyz,
Ylhamyň kä şeýdip, näz etmesi bar.

Ýok, entekler azaşmagyň wagty däl,
Akmaýanyň ýoly bize çelgidir.
Aý dogdugy aýňalarys ýaňadan,
Ýaramyz ýyldyz görere çenlidir.

2017 ý

Merdan BAÝAT
Bölümler: Goşgular | Görülen: 189 | Mowzugy paýlaşan: Aýgül_Garaýewa | Teg: Merdan Baýat | Рейтинг: 4.2/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 28
avatar
0
1 sussupessimist • 15:10, 15.05.2024
surat bir tüýslije, gelişmändir. Bir wagt bir žurnalda "Jedel" atly hekaýa çap edilende, iki sany "arra, bratok" diýýän ýaly ellerini salgap duran iki adamyň suratyny goýuşlary ýaly bolupdyr.
Goşgyň ady hem gelişmändir.
Umuman, Merdana diňe proza ýazdyrmaly... Aýgül näler özüni müýnli duýup, ony poeziýa gaýtarjak bolsa-da, muňa hergiz ýol bermeli däl))
avatar
0
2 aygull • 15:23, 15.05.2024
Aslynda, Merdany şahyrdan ýazyja öwüren men-ä. Poeziýa asylam erkek kişiňki däl.
Häzir güpürdeşip üstüme gelmäkäler saýtdan cykaýyn)))
avatar
0
3 Mekan2 • 15:30, 15.05.2024
Poeziýa asylam erkek kişiňki däl

bul-a ho, küştçi filmde bar-a,

hany Artyk Jally dilli tüýdük çalýa sanatoriýada, beýleki dynç alýanlar güpürdeşip üstüne gelýäler. şonda Artyk Jally diýýä "ine, şujagazy çalamda şeýdýäler, muny çalaýsam (gargy tüýdük görkezýä) näderler öýdýäň?!".........

şonýaly bolupdyr

Aýgül genje, beterinden beterini tapýaňyz.
avatar
0
4 aygull • 16:40, 15.05.2024
Aý, men ony-muny tapyp durjak-laý, elim degdiginden. ))
avatar
0
5 Kerim • 18:27, 15.05.2024
Bäh, zenanlar tötänden düşen hasaplaýardylar poeziýa. Pikirlenmeli. Merdan agaň goşgusy gowy-gowy.
avatar
0
6 Aýgül_Garaýewa • 19:41, 15.05.2024
Edebiýata poeziýa-da, proza-da zerur. Her kim (jynsyna seretmezden) zehininiň çatdygyndan döredibermeli. Bu dogry.
Ýöne, meselem, meniň üçin-ä proza has hupbatly, has hysyrdyly, hemmetaraplaýyn gaýraty talap edýär. Öwrüm taýdanam, göwrüm taýdanam şeýle. Durmuşda-da, düýpli  pikirlenmegi oňarýan  erkek kişiler (proza eserleri ýaly) uly işleri edýäler. Maşgalada-da agyr-artyk işler erkegiňki.
Poeziýa- inçe iş. Biz zenanlar keşde çekip otyrkagam içimizden goşgy döredip oturyp bilýäs. Onsoňam, her näme diýseňem, poeziýada gep owadanlanýar. Bu-da ýene zenana mahsus häsiýet. Elbetde, muny Rahat bn Begenç ret etjek bolýa welin, ony entek görüberýäs.
Teswir 5-e, zenanlary poeziýa tötänden düşen hasap edýänler sallançakda hüwdi diňläp ulalan däldirler, ahmal.

Bu diýseň, irnik mesele. Men hiç babatda-da iki tarapam peseltmek ýa beýgeltmek islämok.  Men prozany söýýän, prozaçyl men. Käşgä men bir gowy proza eser ýazyp bilsemdim, ýöne mende ne gaýrat bar, ne takat, ne-de bir dünýäni düzedip biljek filosofiýa...

Tüýs zenan men, tüýs zenan men, ylaýjak...
avatar
0
7 Mekan2 • 09:18, 16.05.2024
Aýgül genje pespällik eden bolýa, arzuwçyl Gulmyradyň nämesi kemmiş. harika hekaýa.
avatar
1
8 Seýrаn • 09:32, 16.05.2024
Merdan goşgy seýrek ýazsa-da, juda gowy ýazýar. Hekaýalary özüňize belli, öz stili bar. Duýgulary gowy berýär.

Proza-da, poeziýa-da ýapyk gapy däl welin, oňarýanam ýazjak bolýar, oňarmaýanam. (Öň kakam bilen küşt ýa şaşka oýnajak wagtymyz klişä öwrülip giden sözümizdi: Oýnap bilýänem oýnaýa, bilmeýänem! Biri-birimize kakdyrýadyk. Oýnuň dowamynda ýa başynda ýa birimiz utulanda, ýöne ýerinde ulanýadyk)

Edebiýatda kyn ýeri şaşka ýa şahmat ýaly utup ýa utulyp bolmansoň, oňarmaýanyny subut edip bolanok-da.
avatar
0
9 Seýrаn • 09:39, 16.05.2024
Ýene bir zat, bu goşgyny öňem okap halapdym.
avatar
0
10 Medicall • 10:01, 16.05.2024
hekaýalaram gowy, goşgusam gowy, ýazyjy hem şahyr, men-a haladym Aýgül, sagbol paýlaşanyňa we ýene paýlaşyp dur. Gowy, gowy!:)
avatar
0
11 Pero • 10:04, 16.05.2024
Goşulýan. Ikisinem öz ýerinde oñarýa,tüweleme! Prozadaky dili ulanyşy dagy BRAVO diýdirýä,"kemine" dili bar.
avatar
0
12 Medicall • 10:08, 16.05.2024
Aýgül, men-a näler poeziýa zenanlar meşgullanmaly diýjegem welin, Magtymguly Pyragy, Gurbannazar Ezizow we ýene ýene ussatlar düýşüme girip ýatyrmaz öýdüp gorkýanam birhilije))
avatar
0
13 Medicall • 10:11, 16.05.2024
dogry aýdýaň aýaldogan, prozasy has ýokarrak, olam şol tarapa köpüräk geçesi gelýänindendir, ýogsa Aýgül diňe ŞAHYR  ýasardy Merdandan))
avatar
0
14 Medicall • 10:24, 16.05.2024
aýtmagy undupdyryn, jemleme Göroglyny ýatlatdy, "ýaramyz" "ýaralarmyz" edip alynsa dogrudanam gutuljak ýaly bolup dur bogun okalanda))
avatar
0
15 aygull • 10:26, 16.05.2024
Teswir 12, seniň agzan ägirtleriň proza ýazan bolsadylar, wapşe super bolardy.
avatar
0
16 Medicall • 10:32, 16.05.2024
teswir 15. şonda-da olar POEZIÝAŇ agirtleri:)
avatar
0
17 Aýgül_Garaýewa • 11:26, 16.05.2024
Teswir 16, menem olary inkär edemok. 
Durmuşda-da erkek kişiň işini gül ýaly oňaryp ýören zenanlar az däl, edil şonuň ýaly, erkeklerem. 
Ýöne has gowy netije almak babatda aýtdym men. Düşündirip bilemok öýdýän.
avatar
1
18 Aýgül_Garaýewa • 11:30, 16.05.2024
Teswir 7, pespällik edemok, çynym bn. Näçe ýyl pikirlenip gezdim, Gulmyrat hakda. Şony erkek kişiler, meselem, Merdan ýa Maks, ýa-da Ahmet has gowy görnüşde, bir aýa-da ýetirmän ýazardylar.
Makalalaç özem ol.
avatar
0
19 Medicall • 12:25, 16.05.2024
Aýgül, "Gulmyrat" beýleki hekaýa ýazýançylañkydan beyle bir kem däl-le, olam özboluşly bir hekaýa. Diýmek prozada-da, poeziýada-da "ol jyns, bu jyns" tapawutsyz(rak) bolaymasa.(elbetde, hersiniñ öz sesi eşidiler barybir haýsy ýazsa-da:)) Hersinde iki jynsada başarnyk, zehin bolsa olam.
avatar
0
20 Aýgül_Garaýewa • 13:12, 16.05.2024
19, beýlekilerňkiden kem däldigi asla ýakymly habar däl. ))
Men jyns aýratynlandyrjak bolamok, ýene-de näçe aýmaly bolsa, aýdaryn. "Seniň goşgularyň gowy, ezizim. Hatda gowy proza döretmäge-de ýeterlik güýç bar sende. Synanyşyp görseň, nädýä?" diýenim bilen Merdana zyýan ýetirendirin öýdemok. Ýene-de kändir, poeziýasy gowy, ýöne prozasy hasam gowy boljak oglanlar.
Adam häsiýeti, ýaradylyşy boýunça özüne golaý zatlar bilen meşgullanasa, has köp zatlara ýetip bilýär. 
"Gulmyrady" ýazdym-da, goşgym bilen bolubersem kem bolmajakdygyna göz ýetirdim özüm-ä.
avatar
0
21 sussupessimist • 22:31, 17.05.2024
Gowy däl, gowy däl))
avatar
0
22 Pegas • 18:04, 21.05.2024
Onda Magtymgulam, Nobatgulam, Atamyrat aga hem, Atajan Annaberdem, Italmaz Akmyradam, Gurbannazaram, Kerim aga-da... we ýene-ýenelerem aňsadyna ýapyşypdyr. :)
avatar
0
23 Pegas • 18:06, 21.05.2024
Kän mähire çoýdum, köp serdim Güne,
Ezilen ýüregmi guradybilmän.
Arryjak bir seg deý kösendim gezdim,
Ejizlän ýerimde gurda bildirmän.

Neresse çaga deý aldandy duýgym.
Haýran, indi söýüldimmi, söýdümmi?!
Düýn bir şemal ýaglyk deýin galgatdy
Meniň dagdan agramlydyr öýdenmi.

Kalbyň ynjar eken döwülip ynam,
Hem ýakynlaň senden ýüzün öwürse,
Bildim günbatarda gowulyk ýogun,
Gün dogan wagtynda dodak çöwürseň.

Ýogsa artyk ýükem däldim illere,
Özüm çekip ýörerdim öz derdimi,
Ýa gam-gubar köp çökensoň göwnüme,
Aral deýin awundyrdym kendimi.

Wepaly dostum deý sadyk duýgular.
Ga:ldylar göwnümiň sakçysy ýaly.
Çyg çeken ýüregim doly arzuwdan,
Garrap giden gyzyň bukjasy ýaly...

©Merdan BAÝAT
avatar
0
24 Pegas • 18:08, 21.05.2024
Men ýene Merdan agaň sport makalalaryny edebiýat bilen baglanyşdyryp ýazyşyna hem aşyk.
avatar
0
25 Pegas • 18:11, 21.05.2024
Aýgüliň ýadyndamy ýa dälmi, bilemok, ýöne kiçiräk oglankam Aleksandr Ulýanowy Merdan Baýadyň keşbinde göz öňüne getirýänimi aýdypdym. Bilemok, häzirem şeýle pikirde. Bu pikire nämäň ýa nämeleriň sebäp bolanynam bilemok.
avatar
1
26 Pegas • 18:13, 21.05.2024
Merdan Baýat, Seýran Otuz, Nejep Baýat... Kiçilikden pikirlerine, zehinlerine, adamkärçiliklerine gözüm gidýän oglanlardy. Janlary sag bolsun.
avatar
1
27 Aýgül_Garaýewa • 22:47, 21.05.2024
Aýdypdyň, ýadymda, Pegas. 
Ýöne seň gözüňe Ulýanow bolup görünse-de, men-ä ony meňzedere taý tapamok))
avatar
0
28 sussupessimist • 11:17, 22.05.2024
o diýilýän adama düýbünden meňzeýän ýeri ýoklaý.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202