Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:36
Sähraýy ýigidiň namasy


SÄHRAÝY ÝIGIDIŇ NAMASY

Häzir bar zat başgaça,
Öňki hyýalbentligim ýok.
Şäherde galmak,
Şäherli bolmak,
Ösmek, ulalmak arzuwlarymy
Aýlap urdum başymdan.

Obadan uzaklaşyp,
Abraý-şan gazanmak,
Indi meň iň ýokuş görýän zadym.

Ýokary bilimi kämilleşdirip,
Şäherde galjak däl indi.
Kaşaň, mermer hyýallarymy
Içime saljak däl indi.

Gitjek,
Oba gitjek.
Žurnalist däl-de,
Ejemiň, kakamyň dilegleri üçin
Mugallym boljak.

Okatjak, öwretjek,
Kä okuwçydan adam ýasajak,
Käsinden lukman,
Käsinden bagşy,
Käbirinden şahyr çykar
Kim bilýär...

Gitjek, obama gitjek
Gümüne gitsin barysy,
Bu şäherde ejem ýok,
Bu şäherde kakam ýok,
Maňa oglum kim diýsin,
Maňa körpäm kim diýsin,
Bärde ýaşap ýörsem.

Obamda bar mähir-söýgi,
Dostlam-hossarlam, goňşulam.
Obada ýaşaýar häli
Klasdaşlam,
Iň halaýan tanşymam.

Ol ýerde hiç kapasa ýok,
Ýazylyp ýatyr giň meýdan.
Özge öwzar tapasym ýok.
Bu şäherde men bir gedaý.

Çöregim obamda meniň,
Rysgalym atam ojakda.
Erkinligem, ýaýnamagam,
Saýramagam, aýnamagam,
Diňe obamda başardýar,
Diňe obamda başardýar.

Garaş enem,
Garaş atam,
Ogluňyz kän ýalňyşypdyr,
Ýalňyz goýup,
Ýalňyz söýüp,
Aldanypdyr,
Aldadypdyr.

Indi bu aýagym-elim,
Kapasadan çyksa uçjak.
Iň ilkinji ädimem,
Oba basjak,
Öýe basjak...

Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 garagar • 23:42, 11.01.2024
Awtordan okan goşgularymyň içinde iň gowusy. Yzy gür bolsun! Ýazsaň ýetir şeýdip.
avatar
0
2 Мango • 00:46, 12.01.2024
haladym sewäwi ýürejiginnäkini ýazypdyr.
kapiýada "gümüne gitsin" diýipdir şo diýenem gowwolupdyr.
gümüne gitsin...
obaň gowudur Gurwanmyrat Sary ýöne şäher seni çagyryp duraýmasa...
ýenede isläniňi et edeniňi et...
ýyzzyllaň bäşinem ýakdym.
berekella.
avatar
1
3 sussupessimist • 08:53, 12.01.2024
ýazylyşynyň erkinligi, öz akymyna şagladanlygy erbet däl. ýöne ullakan oglanlar kakam- ýa ejemogly bolup ýörse halamok.
Bu şäherde ejem ýok,
Bu şäherde kakam ýok,
Maňa oglum kim diýsin,
Maňa körpäm kim diýsin,

ýene bir halamaýan zadymam - ejizlik. Olam ýetik goşguda. eljiräp ýaşamaga öwrenişen lälik oglanyň hamsykmasy diýsem-ä gaty görer, şoň üçin merträk bol diýeýin.
menden 5 ýyldyz, ýöne 10 ballyk şkaladan (5/10)
avatar
0
4 Medicall • 09:23, 12.01.2024
"teswirde jogaplamagy" aýyrdym, hany synap görüň, ýöne bu bulaşyk, düşüniksiz bolaýarmyka ýene?
avatar
0
5 sussupessimist • 09:28, 12.01.2024
oňarypsyňyz, gaýtam öňki bulaşdyrýardy, ilki 23-nji ýazylan teswiri okaýaň, soň 17-njini. Onsoňam teswirlere teswir bermegimizi azaldyp, dahylsyz psihoanalitika üns sowman, goýlan eserlere teswirler ýazylsa gowy bolardy.
avatar
0
6 Medicall • 09:50, 12.01.2024
Hawa, diñe goýulan esere teswir ýazylmagyny haýyş edýan hemmelerden, bir sözüñ yakasyndan tutup, soñam bir biriñiziñ, şahsyyetiñize ýetip, derejelere bölmage çenli baryp ýetmezligiñizi hayyş edyan. Dogry düşüniñ. Men-a uzyn teswirleri okamogam, okayan adamlar bu yere yazanlaryndan daşgary elime jañ edibem aydyarlar arzlaryny. Menem bir başym, müñ işim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202