19:43 Käse, aýna, telefon, göwün... | |
KÄSE, AÝNA, TELEFON, GÖWÜN Şu gün käsäm gaçdy, Elimden taýyp Döwüläýdi-dä. Şakäsedi özem, Gyrasy moýly, Ýaraly borly. Ony säher bilen Çaý içäýmänkäm Ýuwa:ýyn diýip, Ýuwuşym şol boldy, Ýuwulaýdy-da, Döwüläýdi-dä... Dek düýn säher bilen Ýüz görülýänje Aýnam kül boldy. Baý-baý gül boldy. Onuň ne-hä moýy Ne çyzygy bar. Abatdy-laý ol, Ah, bardy-laý ol, Düýnden öň meň üçin Bar zatdy-laý ol. Boljak işmiş diýýän, Öňňin ahyry, Telefonyň gorag ekeranyny Tekä baryp, bäş manada goýdurdym. Bahasyndan biläý diýilýäni-dä, Awtobusa münüp-münmänkämem ol Çat açaýdy-laý, «Şat» gaçaýdy-laý... Öňňiniň öňňini Bolmaly şo gün, Bir agyr söz üçin Göwnüm döwüldi. Döwüldi, döwüldi. Ýogsa-ha ol tüýs Ýaýnap ýören göwündi. Zyýany ýok diýägede, Bejermäge, oňarmaga guraly ýok diýägede, Göwünjigmi, göwünjigmi Üfleşdirdim, köşeşdirdim. Indiden soň döwülseňem, Düwülseňem diňe özüň Çözülmeli Çözülmeli Diýägede akyl berdim... Ýöne, ine Şakäsäme, Ýüz görülýän aýnajyga, Telefonyň ekranyna, Akyl bermäge akylym ýok, Täzelemäge-de pulum... © Gurbanmyrat SARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |