Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:20
OL: «Bes!» diýäýse...

Exclusive

OL: «BES!» DIÝÄÝSE...

Dünýäde iň soňky goşgy ýazylar,
OL: «Bes!» diýäýse.
Dünýäde iň soňky aýdym aýdylar,
OL: «Bes!» diýäýse.
Iň soňky saz üçin nota düzüler,
OL: «Bes!» diýäýse.
Zemin öz okundan sypyp, üzüler,
OL: «Bes!» diýäýse.
Iň soňky adamzat gider dünýeden,
OL: «Bes!» diýäýse.
Ahyry jan berer näzik gülbeden,
OL: «Bes!» diýäýse.
Asmana ot düşüp, bulutlar erär,
OL: «Bes!» diýäýse.
Ruhumyz Arş üzre şeýlebir kepär,
OL: «Bes!» diýäýse.
Görer gözler iň Mukaddes KEŞBINI,
OL: «Hoş!» diýäýse.
Behişt seper iň muhabbet müşkini,
OL: «Hoş!» diýäýse...

Gurbanmyrat SARYÝEW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 14:57, 03.02.2024
surat barada:
suratda Rio-de-Žaneýrodaky elini gerip duran Heýkel görünýämi?
ýa göwnümemi?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202