Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:51
Maýyp goşgular
MAÝYP GOŞGULAR

Sizi her okamda nebsim agyrýar,
Gyýylýan, gynanýan... maýyp halyňyz.
Ýüregim sançýar, başym agyrýar,
Nirä elter göýdük barýan ýoluňyz.

O ne beýle kim sebäpli maýyp siz,
Biriňde «ýürek» ýok, biriňde «kelle».
Sizi şeýdip dünýä beren «awtorlar»,
Özi sagat ýaşap ýörmi şu pille?!

Göwni agyrmazmy sizi göräýse,
Kömek ýa ýardamy etmezmi heý-de.
Utanç gerek, wyždan gerek, ar gerek,
Maýyp «çagaň» ölüp-öçüp ýörer-de.

Neneň, nädip gynanmaýarkalar hiç,
Şeýdip haýsy menzile çen gitjek siz?!
Tankytçylar ursa-sökse, käýese,
Maýyp bolup, nädip çydam etjek siz?!

Käbiriňde eýäň beren pişegne,
Direnmeklik ýoň bolupdyr görýäris.
Bu gün täze gazetde ýa žurnalda,
Maýyp çaga dünýä indi diýýäris.

Edebiýata kyn ahyry her-haçan,
Döräp dursa kemis-kemis goşgular.
Mundan habary ýok awtor kişiler
Yzyňyza maýyp «jigi» goşdular.

Goşgy – Hakdan gelýän ylahy güýçden
Pata alyp, dünýä sagdyn inýändir.
Maýyp goşgy dörände-de kynçylyk,
Ony awtor «dogurmanam» bilýändir.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
12.06.2023ý.
Görülen: 121 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Parahat6499 • 17:52, 28.06.2023
Gurbanmyradyň gulluga gitmänkä ýazan goşgusy))
avatar
0
2 sylapberdimuhamov • 18:42, 28.06.2023
Aktual temadan panegirik
avatar
0
3 Medenyet09 • 20:01, 28.06.2023
Hany maýyp goşgulary görkeziň
avatar
0
4 Kyyas • 12:51, 29.06.2023
Maýyp goşgy??? Bu bir hili mende başga düşünje döredýär.

Adaty ýagdaýda adamlar nähili adama ünsi çekýär?

Nähili adamlar adamda duýgy oýaryp bilýär?

Gynanç bildirýän we kömege mätäç adamlar maýyp kişiler. Şol sebäpden Maýyp goşgy adamda duýgy oýarýan bolmaly, nebsiñ agyrar derejä we gynanmaklyk bilen özüñe täsir galdyrýan goşgylar maýyp bolmaly... Şadyýan göwnüñi göterýän, ruhlandyrýan we ş.m. goşgular tanalýan ýyldyzlar, alym derejä ýeten goşgular.
Hiç hili üns merkezine alynmaýan ýeri gelende taryplap, kemsidip bolýan goşgular adaty goşgylar. Olar adaty adam ýaly hiç hili üns merkezinde däl. Ýalñyşy görünse at dakylýar. Üstünligi görmezden gelinýär. Soñ maýyp goşgy diýilýän ýagdaýyny ýalñyşýan bolaýman diýmek isledim bu meniñ garaýşym. Nähili bolsa- her zadyñ öz orny bar
avatar

Старая форма входа
Total users: 202