Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:03
Kimdir biri ...

KIMDIR BIRI...
Exclusive

Kimdir biri tutýan ýaly adymy,
Kimdir biri ýiten ýaly gözleýär.
Içki dünýämdäki bar syry bilip,
Ony ýene täzelik deý sözleýär.
Kimdir biri duýgularmy ogurlap,
Gidip barýar, keşbi gizlin hem sessiz.
Kimdir biri şatlygymy, gaýgymy
Bir günlük alsyn-da uzaga gitsin.
Kimdir biri jaýyň burçuna geçip,
Edil özüm bolup aglaýar durman.
Kimdir biri meýhanada meý içip,
Törümde irkilýär, boýnuny burman.
Kimdir biri utananok, çekinmän,
Meň adymdan tanyşlarmy aldaýar.
Kimdir biri gara bagrym tütedip,
Ölen agam bolup, golun salgaýar.
Kimdir biri iň ýigrenýän geýmimi
Geýip meni uzaklara çagyrýar.
Kimkä ol içimde ynjyk ýürek deý,
Yza çekip, sanjyp-sanjyp agyrýar.

28.01.2024.
Gurbanmyrat Saryýew.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 08:09, 30.01.2024
Gyw, ýetçeken, şahyr bolupsyň-a!

Suraty duşmadyk bolmagy ahmal,
pul gördüm-de oňatjo görüp goýaýdym
avatar
0
2 Kyyas • 08:11, 30.01.2024
Goşgyña bäşlik. Meniñ özümem mydam şeýle sussupes bolamdanmy? Kemi barmy ýokmy? Emma maña täsir etýän , duýgy oýaryjy goşgy diýip, ýüregim aggzymdan çykjak bolýar.
avatar
0
3 Lacrymosa • 08:19, 30.01.2024
Ýüregiňi bir gusaýma-how, Remezan!
avatar
0
4 sussupessimist • 08:55, 30.01.2024
Exclusiv-i edil adynda ýazman, başga bir ýerinde ýazsaňam bolardylaý.
Kimdir biri utananok, çekinmän,
Meň adymdan tanyşlarmy aldaýar.

şu ýerini gowja sazlamaly eken.
Kä ýerindäki arzan kapiýalara gözüňi ýumsaň (gözleýär/sözleýär), üstünde işläp, gowy goşgy edip bolardy. Hasam Kimdir biriniň gara bagrym tütedip, Ölen agam bolup, golun salgamagy gowy.
avatar
0
5 Küle • 09:22, 30.01.2024
Kimdir biriniň goşgusyna meňzedi. B.m.ş.p.
Öz goşgusyny ýazyberseňem boljak ekeni
avatar

Старая форма входа
Total users: 202