20:19 Maña düşünjek bolsañ | |
MAŇA DÜŞÜNJEK BOLSAŇ Birje gün men bolup ýaşap görsene, Boşatsana meni menden birje gün. Ähli zadym señki bolsun, al, bu-da Durmuşa çykamda hiç kime aýtman Bukjam bilen alyp gaýdan gurjagym. Barybir oñ duýulmandyr ýoklugy, Zat näme, öýüñden özüñ gaýdañsoñ. Ejem jan hamsygyp aglapdyr diñe Toýdan soñ. Bular hiç, men bolup ýaşap gör bir gün, Aýdan sözlerime yşnyksyz diýme. Bar, bir gün däl eken, bir ýyllap ýaşa, Yöne indi maña düşnüksiz diýme. Küýsemänsiñ diýme, sowapsyñ diýme, Söz kesgirdir, beýle ýaralama sen. Çekeñde bilersiñ diýerdim welin, Seni hiç bir ynsan garalamasyn! Gel, meniñ ruhumda ýaşap görsene, Saña duýgularmy açmak islämde, Utançdan dilimiñ lal bolşuny gör. Golaýlamda ýüregime ot düşüp, Iki ýañagymyñ al bolşuny gör. Gollarym boýnuña halka bolanda, Bir seniñ mähriñe zar bolşumy gör. Özüñi meñ kalbym bilen söýüp gör, Onda bir bölejik ýatandyr aýna. Haýyşym, göwnüme degeñde ony Öz eliñe berip utandyraýma. Birje gün men bolup ýaşap görsene... © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |