13:06 Uzyn pikirleriň gysga beýany | |
GOŞGY ÝAZÝANLAR Rast aýdýaň, Goşgyny ýazar her kimem, Dört setiri birleşdirmek kynmy nä?! Şahyr bolmak bagly bolsa erkiňe, Nämüçin hemmämiz Magtymguly däl! Gurbannazar däl! Gözel däl, Nobatguly däl! Atamyrat däl! Kakamyrat däl!... UMYT Men bir umyt: Gözsüze – göz, Dilsize – söz, Halsyza – hal, Ýolsuza – ýol... Hassalara boldum derman. Emma ýüreksize ýürek Berip bilmen Meni ýazgarmaň! ŞAHYRAM – ADAM Edil hemmeler deý şahyram adam, Diňe birazajyk ýüregi insiz. Ýazanda däliräp ýazýany üçin, Söýende geçýäni üçin bar zatdan Däldir ýoldan çykan! Däldir ol dinsiz! HAÝYŞ Şahyr diýip basmaň meniň howumy, Goý, ony şygyrlam aýtsyn bat bilen. Gurbanjemal diýiberiň gowusy. Sebäp, şu at bilen geldim jahana, Ugradarlar ýene-de şu at bilen. GOŞGY Güllesin edebiýat, ýaşasyn goşgy, Goşgusyz günlere, ömürlere haýp! Biz şeýle bir goşgulary ýazalyň: Kapiýa, Rifma, Ritm... Baryndan ötri Ýüregi goýup. © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |