Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:46
***

...Heniz saňa duşman ýaşap ýörşüme,
Duýulmanka artyklygyň,kemligiň,
Beýle mätäç hala düşmedik wagtym,
Has oglan mahalym,seniň kimligiň
tanamankam,
gyzlar meni söýmänkä,
Az bolsa-da,heniz duruka aklym,
Üýtgeşik aladam,arzuwym ýokka,
Oglantak kalbymda arman hem ahmyr
döremänkä,
ýöremänkäm ýanyňa,
Ömrüň sepgidinde,
hawa,ullakan
sepgidinde saňa gabat gelmänkäm,
Bagytlydymmykam?!

© Seýitmyrat GELDIÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: Sehirgar | Teg: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Pegas • 08:34, 16.07.2024
Biri-biriniň dowamy bolan üç sany goşgyň ortanjysy bu. :) Yzygider goýulsa gowy bolardy.
avatar
0
2 Sehirgar • 09:10, 16.07.2024
Hawa
avatar
0
3 Sehirgar • 09:11, 16.07.2024
Üç däl bäş bolmaly
avatar
0
4 Мango • 16:18, 16.07.2024
...saňa gabat gelmänkäm,
Bagytlydymmykam?!

beýle bir betbagtam dälsiň-le  (oňa duşmankaň) Seýitmyrat däde. :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203